Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy


Türkmen döwlet medeniýet institutynda jemgyýeti öwreniş ylymlary boýunça okadylýan dersler ýaşlaryň yurtda, jemgyýetde bolup geçýän özgerişler baradaky diňe bir habarlylygyny däl, eýsem, şol jemgyýetiň özgerişiniň ýollaryny öwrenmeklerini, bilmeklerini hem-de olary şol özgerişe işewür gatnaşjak adamlar edip ýetişdirmek maksadyndan ugur alýar. “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynda Türkmenistanyň taryhy, Türkmenistanyň kanunçylygy, Filosofiýa, Sosiologiýa, Syýasaty öwreniş, Ykdysady teoriýa, Häzirki zaman türkmen jemgyýeti, Pedagogika, Psihologiýa, Ahlak we gözellik nazaryýeti dersleri öwredilýär. “XVIII asyr türkmen ruhy medeniýeti”, “Türkmen halk döredijiliginde ahlak meseleleri”, “Garaşsyzlyk medeniýeti we medeni miras”, Medeniýet boýunça ensiklopedik sözlük, “Sufizmde nebis meselesi”, “Golýazma mirasy medeni ösüşiň esasy çeşmesidir”, “Türkmen dessanlary aýdym-saz sungatynyň gymmatly çeşmesi” ýaly ugurlar boýunça ylmy işler alnyp barylýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm