Kitaphanaçylyk we arhiw işi kafedrasy

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk we bibliografiýa” kafedrasy 1992-nji ýylda döredilip. 2019-njy ýylyň 1-nji sentabrynda kafedranyň ady, “Kitaphanaçylyk we arhiw işi” diýlip atlandyryldy. “Kitaphanaçylyk” we arhiw işi” kafedrasynda 2-sany bakalawr ugry boýunça  okuwlar alnyp barylýar.
 “Kitaphanaçylyk we arhiw işi” kafedrasynda
1. bakalawr ugry boýunça: Kitaphana işi
2. bakalawr ugry boýunça: Resminama we arhiw öwreniş

Kitaphana işi şu günki günde kitaphana ulgamy (şol sanda çagalar we mekdep kitaphanalaryny), türkmen halkynyň baý taryhyny we medeni mirasyny öwremekligi üçin esasy çeşmeleri toplamagy we ýaýratmagy öz içine alýar. Bu ugurda dürli ýaşly okyjylarda özbaşdak çeşmeler bilen işläp, okyjylary pedagogik we psihologik usullar bilen terbiýeläp, döwletiň alyp barýan syýasatyny wagyz edip biljek,  ylymdan-bilimden ýüki ýetik hünärmenler bilen üpjün etmek örän möhümdir.

 Kitaphana işini bakalawr ugry boýunça okaýan talyplara: 

  • hünär boýunça taýýarlanylan okuw meýilnamasyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen umumynazaryýet we ynsanyýetçilik dersleriň esaslaryny; 
  • önümçilik we ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriniň esaslaryny hökman öwrenýär.

 Munda kitaphana işi, kitaphana hazynasy, informasion gözleg ulgamlary, kitaphana işini dolandyrmak, kitap işiniň taryhy, okaýyş medeniýeti, bibliografiýa işiniň guralyşy we usulyýeti, pudaklaýyn bibliografiýa, Türkmenistanyň bibliografiýasy, çagalar edebiýatynyň bibliografiýasy, edebiýatlary ylmy esasda işlemek, ylmyň we tehnikanyň taryhy, kitaby öwreniş we hat medeniýetiniň taryhy, türkmen kitabynyň taryhy, marketing we menejment, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, maglumatlary toplamak, olaryň üstünde işlemek, maglumat üpjünçiliginiň esaslary, kompýuter çyzgysy we beýleki dersler boýunça zerur bolan bilim berilýär.
Resminama we arhiw öwreniş bakalawr ugry boýunça okaýan talyplara: Medeniýeti öwreniş we türkmen medeniýetiniň taryhy, bütindünýä we türkmen edebiýaty, hünärmeniň dil taýýarlygy, ahlak we gözellik nazaryýeti, pedagogika, psihologiýa, kitaphana we bibliografiýa bilimleriniň esaslary, bütindünýä sungatynyň taryhy, türkmen kitabynyň taryhy, marketing, menejment, arhiw işiniň esaslary, dolandyryşyň maglumat üpjünçiligi, iş dolandyryş, arhiw işiniň taryhy, döwlet gurluşynyň taryhy we nazaryýeti, edara dolandyrmagyň esaslary we mazmuny, döwlet arhiwleriniň işini guramak, döwlet hukugynyň we dolandyryşyň hukuk esaslary, dolandyryş ykdysadyýeti, kino we tehniki arhiwler, resminamalary saklamak we olaryň durkuny dikeltmegiň tilsimaty, iş kagyzlaryny öwrenmek we olaryň dolanyşygyny guramak, iş dolandyrylyşyň gurnalyşy, kino resminamalaryň dörediliş usulyýeti, resminamalary bir nusga getirmek, resminama lingiwstikasy, guramaçylyk tehnikasy, maglumatlary toplamak we olaryň üstünde işlemek – ine, şu dersler geljekki arhiw işgäriniň we iş kagyzlaryny dolandyryjynyň hökmany suratda özleşdirmeli, bilmeli zatlarydyr.

“Kitaphanaçylyk we arhiw işi”

1. Bakalawr ugry boýunça: Kitaphana işi
“Kitaphana işi” – taýýarlygyň ugry boýunça bakalawr derejesi
Bakalawr oba, etrap, şäher, welaýat medeniýet edaralarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, medeniýet, sungat we bilim ulgamlarynda, medeni dynç alyş edaralaryny dolandyrmak işinde ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen wezipelerde işlemek üçin taýýarlanylýar.
Kitaphana ulgamlaryny (şol sanda çagalar we mekdep kitaphanalaryny) türkmen halkynyň baý taryhyny we medeni mirasyny öwrenmeklik üçin esasy çeşmeleri toplap we ýaýradyp biljek, şeýle-de dürli ýaşly okyjylaryň kitaphanalarda özbaşdak çeşmeler bilen işläp bilmegini gazanyp biljek, pedagogik we psihologik usullar bilen terbiýeläp biljek, döwletiň alyp barýan syýasatyny wagyz edip biljek kitaphana işiniň bakalawrlary bilen üpjün etmegi maksat edinýär.

Bakalawra bildirilýän umumy talaplar

Bakalawr ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanymyza, halkymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Bakalawr köpçülik bilen işleşmegi, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplan ylmy maglumatlaryny işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Bakalawr düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.

Bakalawr şu aşakdakylary bilmelidir:

  • taýýarlygyň ugry boýunça taýýarlanylan okuw meýilnamasyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen umumynazaryýet we ynsanyýetçilik dersleriň esaslaryny;
  • önümçilik we ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • kitaphana işi, kitaphana hazynasy, maglumat gözleg ulgamlary, kitaphana işini guramak we dolandyrmak, kitap işiniň taryhy, okaýyş medeniýeti, bibliografiýa işiniň guralyşy we usulyýeti, pudaklaýyn bibliografiýa, Türkmenistanyň bibliografiýasy, çagalar we ýetginjekler edebiýatynyň bibliografiýasy, resminamalary ylmy esasda işlemek, ylmy öwreniş, kitabyöwreniş we hat medeniýetiniň taryhy, türkmen kitabynyň taryhy, marketing we menejment, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, maglumatlary toplamak, olaryň üstünde işlemek, maglumat üpjünçiliginiň esaslary, WEB-tehnologiýalary, elektron kitaphanalary we beýlekiler.
Bakalawr şu aşakdakylary başarmalydyr:

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň kitaphana işini guramak hünäri boýunça bakalawrlary Türkmenistany syýasy-ykdysady we medeni taýdan özgertmegiň milli maksatnamalaryndan ugur alyp, ylmy, bilimi, ylmy tehnologiýany, dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurdumyzyň milli medeniýetine ornaşdyrmaklyga we ylym-bilimiň, ykdysadyýetiň ösmegine öz goşantlaryny goşmak;
  • ýurdumyzyň dürli ýaşly okyjylaryny kitap okamaklyga çekmek, çagalarda okaýyş medeniýetiniň kitap we beýleki maglumat çeşmeler bilen özbaşdak işlemekligi ýola goýmak, çagalar okaýşynyň ýolbaşçylarynyň we beýleki uly ýaşly okyjylaryň arasynda maglumat gözleg işini ýola goýmak, kitaphanalaryň işini ylmy esasda guramak, düşündiriji-bibliografiki we ylmy maglumat gaznasyny döretmek, gaznany ylmy we tehniki esasda işlemek we ony öz wagtynda täzeläp, üstüni ýetirip durmak, habar beriş bibliografiki, düşündiriji bibliografiki, hödürleýji bibliografiki hyzmat etmek;
  • okyjylaryň edebiýata okyjylyk talaplaryny öwrenmek, onuň esasynda iş meýilnamalaryny işläp düzmek, öz iş tejribäňi ýaýratmak we giňeltmek;
  • kitaphana işiniň tehniki serişdelerini, ýöriteleşdirilen enjamlaryny, kompýuter tehnologiýasyny peýdalanmak, öz hünäriň boýunça ylmy we okuw usuly edebiýatlardan baş çykarmak, golýazmalary neşir etmeklige taýýarlamak we olaryň çap edilişine awtor gözegçiligini amala aşyrmak, redaktirlemegi, referatlara resenziýa ýazmaklygy bilmek;
  • iş ýüzünde öz bilimiňi peýdalanmak we öz käriň boýunça bilimiňi yzygiderli artdyryp durmak;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasatlaryny jemgyýete ýaýratmak üçin wagyz-ündew işlerini geçirmek.
“Kitaphanaçylyk we arhiw işi”

2. Bakalawr ugry boýunça: Resminama we arhiw öwreniş
“Resminama we arhiw öwreniş” – taýýarlygyň ugry boýunça bakalawr derejesi

Bakalawrlara bolan esasy talaplar aşakdaky aýratynlyklary öz içine alýar:
  • bakalawrlaryň zerurlygy, olaryň sanyny çaklamak we bakalawrlary taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek;
  • taýýarlygyň ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde okuw terbiýeçilik işiniň maksatlaryny, mazmunyny we hilini kesgitlemek, şol sanda talabalaýyk okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary taýýarlamak;
  • taýýarlygyň ugry boýunça okuwy tamamlan uçurymlary işe ýerleşdirmek meselesini kesgitlemek we şol işi uçurymyň derejesine laýyk ýola goýmak.
Eýeçiligiň dürli görnüşlerine garamazdan ýurdumyzyň ähli arhiw edara-kärhanalarynda, dolandyryş ulgamlarynda we beýleki pudaklaýyn arhiwleri, türkmen halkynyň baý taryhyny, medeni ýazuw mirasy bolan resminamalaýyn maglumatlaryny abat saklamagy, hasabyny ýöretmegi, toplamagy, peýdalanmagy guramak işlerini alyp barýan ýokary bilimli arhiw işgäri we iş kagyzlaryny dolandyryjy hünärmenler bilen üpjün etmekligi maksat edinýär.

Bakalawrlara bildirilýän umumy talaplar

Bakalawr ýokary taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Bakalawr köpçülik bilen işlemegi, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplan ylmy maglumatlaryny işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Bakalawr düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.
Bakalawr şu aşakdakylary bilmelidir:
Medeniýeti öwreniş we türkmen medeniýetiniň taryhy, bütindünýä we türkmen edebiýaty, dil taýýarlygy, ahlak we gözellik nazaryýeti, pedagogika, pishologiýa, kitaphana we bibliografiýa bilimleriniň esaslary, bütindünýä sungatynyň taryhy, türkmen kitabynyň taryhy, marketing, menejment, arhiw işiniň esaslary, dolandyryşyň maglumat üpjünçiligi, iş dolandyryş, arhiw işiniň taryhy, döwlet gurluşynyň taryhy we nazaryýeti, edara dolandyrmagyň esaslary we mazmuny, döwlet arhiwleriniň işini guramak, döwlet hukugynyň we dolandyryşyň hukuk esaslary, dolandyryş ykdysadyýeti, kino we tehniki arhiwler, resminamalary saklamak we olaryň durkuny dikeltmegiň tilsimaty, iş kagyzlaryny öwrenmek we olaryň dolanyşygyny guramak, iş dolandyrylyşyň gurnalyşy, kino resminamalaryň dörediliş usulyýeti, resminamalary bir nusga getirmek, resminama lingiwistikasy, guramaçylyk tehnikasy, maglumatlary toplamak we olaryň üstünde işlemek dersleri we beýlekiler.

Bakalawr şu aşakdakylary başarmalydyr:

Ylym-bilim, ylmy tehnologiýasy, dünýä tejribeleriniň gazananlarynyň ýurdumyzyň arhiw gaznasynyň işine ornaşdyrmak hem-de maglumatlaryň gizlinligini gorap saklamagy we ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň, ykdysadyýetiniň ösmegine öz goşandyny goşmak;
  • Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyna çeşme bolup durýan edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň sanawyny düzmek hem-de her bir edara, kärhana, gurama üçin döwlet saklawyna resminama kabul etmegiň görnüşini saýlap almak;
  • Türkmenistanyň edaralary, guramalary, kärhanalary üçin iş dolandyryş boýunça kadalaryny, işleriň at ýazgysyny düzmek, pudaklaýyn arhiwiň we seljeriş toparynyň düzgünnamalaryny düzmek;
  • pudaklaýyn arhiwiň işini ýöretmegi başarmak, ýyllyk iş meýilnamasynyň hasabatyny düzmek, arhiw resminamalarynyň gaznalaşdyrmagyň hasabyny ýöretmek;
  • resminamalaryň seljermesini, ylmy-tehniki işlerini geçirmek, olaryň saklanylmaly möhletini düzmek;
  • resminamalaryň saklanyş ýagdaýynyň barlagyny guramagy başarmak, barlag tertibini düzmek, barlag delilnamasyny düzmek, resminamalaryň aýawhanalarda tygşytly ýerleşdirilişini, olaryň ýerleşişini görkezýän maglumat gözleg ulgamyny düzmek, saklanyş ýagdaýyna, howanyň çyglylygyna we tempraturasyna gözegçiligi guramak;
  • arhiw resminamalaryndan elektron maglumat-gözleg ulgamyny düzmek:
  • arhiw gaznalaryndaky resminamalara syn ýazmagy, resminamalary çap etmegi, arhiw gaznalary boýunça ýol görkezijileri we maglumatlary düzmek:
  • döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyklykda resminamalary taýýarlamak we doldurmak, olaryň ýerine ýetirilişini resmileşdirmegi we gözegçiligi guramak.

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm