Maglumat ulgamlary kafedrasy


“Maglumat ulgamlary” kafedrasynyň mugallymlary institutyň açylan gününden bäri, talyplary ýüze çykýan täze dünýä tehnologiýalaryň dürli görnüşleri bilen tanyşdyryp, olaryň dünýägaraýyşlaryny giňeldip, multimediýalaryň üsti bilen sapaklaryny gyzykly geçirmäge çalyşýar. Bu ugurda ylmy gözlegleriň netijesinde alnan maglumatlary toplamak, saklamak, tertipleşdirmek we ulanyja çalt we amatly ýetirmek meselesi ýüze çykýar. Şu işleri ýerine ýetirmekde ýeke-täk informasion ulgamlaryny döretmek zerur bolup durýar. Informasion tehnologiýalar asyrynda Türkmenistan döwletimizde maglumatlar üpjünçiliginiň ösüşi ýokarlanýar.

“Maglumat ulgamlary” kafedrasy

Informasion tehnologiýalar asyrynda Türkmenistan döwletimizde maglumatlar üpjünçiliginiň ösüşi ýokarylanýar. Informasion ulgamlary dünýäniň ýeke-täk informasion giňişligine birikdirmekde şu kär boýunça hünärmen öz alan hünärine laýyklykda maglumatlar üpjünçiligini guramaklygy we dolandyrmaklygy, ýurdumyzyň ähli pudaklary boýunça maglumatlary döretmek, döredilen maglumatlar üpjünçiligi boýunça hyzmat etmekligi guramaklyga ýardam edýär.
Medeniýet ulgamyna zerur bolan hünärmenleri taýýarlamakda ýokary hünärli mugallymlar Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, Ýokary matematika, Maglumat üpjünçiliginiň esaslary, Kompýuter grafikasy, Medeniýet ulgamynda innowasiýalar, Informasion hyzmat ediş, Daşary ýurt edebiýatlary bilen işlemek, Informasion torlar we ulgamlar, Matematiki statistika, AIKU(Awtomatlaşdyrlan kitaphana ulgamyny) proýektirlemek, Programmirlemek, Ylmy–tehniki maglumatlar bilen  işlemek, Medeniýet ulgamynda neşirýat işi, Maglumatlar toplumy, Marketing we menejment, Ylmy öwreniş, Informasion howpsuzlygy, Sanly ykdysadyýet, Dünýä ykdysadyýeti, Ykdysady teoriýa, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy, Ykdysady geografiýa, Medeniýetiň ykdysadyýeti, Medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini guramak, Mikro ykdysadyýet dersleri öwredilýär.
 
“Maglumat ulgamlary” kafedrasynda şu aşakdaky bakalawr ugry boýunça hünärmenler taýýarlanylýar:

1. bakalawr boýunça: “Kitaphana maglumat işleri”
2. bakalawr boýunça: “Art menejment”
3. bakalawr boýunça: “Ykdysadyýet we dolandyryş (Medeniýet ulgamynda)”

  • maglumatlary ýaýradyş merkezlerinde, kitaphanalarda, habar beriş gulluklarynda, neşirýatlarda we redaksiýanyň degişli bölümlerinde işlemäge niýetlenen. Maglumatlar üpjünçiligi bilen işlemeli hünärmenler geljekde Türkmenistanyň ministrliklerine, döwlet edaralaryna, kärhanalara, ylmy-barlag institutlaryna, ýokary we ýörite orta mekdeplere we beýleki ähli pudaklaýyn hünärmenlere öz degişli ugurlary boýunça maglumatlar üpjünçiligini berjaý etmeli we wagyz ündew etmeli, ylmy-barlag we usuly işlerini alyp barmaly, maglumat üpjünçiligine degişli ylmy-usuly işleri iş tejribesinde ulanmalydyrlar.
  • maglumatlar üpjünçiligini guramaklygy we dolandyrmaklygy, ýurdumyzyň ähli pudaklary boýunça maglumatlary döretmek, döredilen maglumatlar üpjünçiligi boýunça hyzmat etmekligi guramaklyga ýardam edýär.
“Maglumat ulgamlary”

1. Bakalawr boýunça: “Kitaphana maglumat işleri”
“Kitaphana-maglumat işleri”–taýýarlygyň ugry boýunça bakalawr derejesi
 
Bakalawrlara bolan esasy talaplar aşakdaky aýratynlyklary öz içine alýar:

  • bakalawrlaryň zerurlygy, olaryň sanyny çaklamak we bakalawrlary taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek;
  • taýýarlygyň ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde okuw terbiýeçilik işiniň maksatlaryny, mazmunyny we hilini kesgitlemek, şol sanda talabalaýyk okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary taýýarlamak;
  • taýýarlygyň ugry boýunça okuwy tamamlan uçurymlary işe ýerleşdirmek meselesini kesgitlemek we şol işi uçurymyň derejesine laýyk ýola goýmak.
 
Bakalawryň wezipesi

Maglumat ulgamlaryny dünýäniň ýeke-täk maglumat giňişligine birikdirmekde şu kär boýunça bakalawr öz alan hünärine laýyklykda maglumatlar üpjünçiligini guramaklygy we dolandyrmaklygy, ýurdumyzyň ähli pudaklary boýunça maglumatlar döretmek, döredilen maglumatlar üpjünçiligi boýunça hyzmat etmekligi guramaklyga ýardam edýär.
Bakalawr maglumatlary ýaýradyş merkezlerinde, kitaphanalarda, habar beriş gulluklarynda, neşirýatlarda we redaksiýanyň degişli bölümlerinde işlemäge niýetlenen. Maglumatlar üpjünçiligi bilen işlemeli bakalawrlar geljekde Türkmenistanyň ministrliklerine, döwlet edaralaryna, kärhanalara, ylmy-barlag institutlaryna, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine we beýleki ähli pudaklaýyn edaralara öz degişli ugurlary boýunça maglumatlar üpjünçiligini berjaý etmeli we wagyz ündew etmeli, ylmy-barlag we usuly işlerini alyp barmaly, maglumat üpjünçiligine degişli ylmy-usuly işleri iş tejribesinde ulanmalydyrlar.

Bakalawra bildirilýän umumy talaplar

Bakalawr ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Bakalawr köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Bakalawr düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr. 
 
Bakalawr şu aşakdakylary bilmelidir:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen umumynazaryýet we ynsanyýetçilik dersleriň esaslaryny;
  • Bakalawryň ugruna degişli umumy dersler-maglumatlar üpjünçiligini döretmek we guramaklygyň esaslary, kitaby öwreniş we ýazuw medeniýetiniň taryhy, maglumatlar üpjünçiligini guramaklygyň bibliografik usullary, maglumatlar üpjünçiliginde gözleg geçirmek ulgamlary, maglumatlar üpjünçiligini guramak we dolandyrmak, maglumatlar üpjünçiligini guramaklygyň taryhy, maglumatlary saklamak we olary ulanyja ýetirmekligiň usullary, ylmyň we tehnikanyň taryhy, ylmy akyl ýetiriş edebiýatlary, durmuş medeni pudakda marketing, menejmentiň esaslary, awtomatik usulda maglumatlary indeksirlemek we hasaba almak, dünýä ylmynyň gazananlaryny maglumatlar üpjünçiliginde ulanmak, türkmen milli medeniýetini dünýä ýaýratmaklygyň usullary, häzirki zaman habar beriş ulgamlary, kompýuter çyzgysy, maglumatlar üpjünçiligini döretmekligiň maksatnama üpjünçiligi, maglumatlar üpjünçiligini döretmekligiň tehniki üpjünçiligi we serişdeleri, awtomatik usulda maglumatlara ýazgy geçirmegiň usullary, özbaşdak bilim almagyň esaslary, maglumat çeşmeleri we olaryň döreýiş taryhy, daşary ýurt dilleri (rus, iňlis) bilimini, iş kagyzlaryny alyp barmak we beýleki ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça tälim beriji dersler toplumy, bibliografiýa işiniň esaslary, bibliografiýa işiniň dünýä tejribesi, pudaklaýyn bibliografiýa Türkmenistanyň bibliografiýasy.
Bakalawr şu aşakdakylary başarmalydyr:

  • ylym-bilimi, ylmy tehnologiýany, dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurdumyzyň milli medeniýetine ornaşdyrmak hem-de maglumatlar üpjünçiligini gorap saklamagy we ýurdumyzyň ylym-biliminiň, ykdysadyýetiniň ösmegine öz goşantlaryny goşmalydyrlar;
  • geljekde maglumat işleri boýunça bakalawrlar raýatlary maglumatlar çeşmeleri bilen doly görnüşde üpjün etmek maksady bilen, işi ylmy esasda guramak, maglumatlar gullugyny guramak, maglumatlar üpjünçiligi boýunça ýörite maglumatlar gaznasyny döretmek bilen döredilen maglumatlar gaznasyny wagtly-wagtynda täzeläp durmalydyrlar we öňki bar bolan maglumatlaryň üstüni ýetirmelidirler;
  • raýatlaryň maglumatlara bolan isleglerini öwrenmek, şol esasda iş meýilnamalaryny düzmek, öz iş tejribesini ýaýratmak we giňeltmek;
  • maglumatlar üpjünçiliginiň tehniki serişdelerini ýöriteleşdirilen enjamlaryny, ösen kompýuter tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak, öz hünärleri boýunça ylmy-usuly gollanmalary taýýarlamak we neşir etmeklik;
  • iş ýüzünde öz bilimini doly peýdalanmak we öz käri boýunça bilimiňi yzygiderli artdyryp durmak;
  • dünýä maglumatlar ulgamlaryna birleşdirmek arkaly döwletimiziň dürli pudaklar boýunça gazanylan üstünliklerini wagtly-wagtynda wagyz ündew etmek.
  • maglumatlar işleri boýunça bakalawrlar köpçülikleýin maglumatlara bolan isleglerini doly we çalt kanagatlandyrmak, maglumat gözleg işlerini awtomatik usulda gurnamak bilen ýurdumyzyň ylym-bilimini, oba hojalygyny, ykdysadyýetini ösdürmeklige, dünýä ylmynyň gazananlaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetine ornaşdyrmaklyga, milli medeniýetimiziň ösmegine we gorap saklamagyna ýardam edýär;
  • taýýarlanyş ugruna görä ýöriteleşdirilen ylmy we okuw-usuly edebiýatlardan baş çykarmak, golýazmalary çapa taýýarlamak we olaryň neşir edilişine gözegçilik etmek, maglumatlary redaktirlemek, referirlemek we olara syn ýazmak;
  • maglumat ulanyjylaryň isleglerini öwrenmek, onuň esasynda iş meýilnamalaryny işläp düzmek, iş tejribäni yzygiderli çuňlaşdyrmak we ýaýratmak;
  • ylmyň we tehnikanyň täzeliklerini özleşdirmek we ony iş ýüzünde ornaşdyrmak;
  • ylmy-tehniki maglumatlary gözlemegiň we ulanmagyň tygşytly we tiz usullaryny öwrenmek;
  • maglumat ulanyjylara häzirki zaman ösen kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen çalt we amatly hyzmatlary etmek.
“Maglumat ulgamlary”

2. Bakalawr boýunça: “Art menejment”
“Art–menejment” – taýýarlygyň ugry boýunça bakalawr derejesi
 
Bakalawrlara bolan esasy talaplar aşakdaky aýratynlyklary öz içine alýar:

  • bakalawrlaryň zerurlygy, olaryň sanyny çaklamak we bakalawrlary taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek;
  • taýýarlygyň ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde okuw terbiýeçilik işiniň maksatlaryny, mazmunyny we hilini kesgitlemek, şol sanda talabalaýyk okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary taýýarlamak;
  • taýýarlygyň ugry boýunça okuwy tamamlan uçurymlary işe ýerleşdirmek meselesini kesgitlemek we şol işi uçurymyň derejesine laýyk ýola goýmak.
Bakalawryň wezipesi

Medeniýeti öwreniş ylmy ynsany ýagşy häsiýetde terbiýelemäge, ýaşamaklygyň ösen, döwrebap modelini guramaga çagyrýar we milli, watançylyk we ynsanperwerlik duýgularyny terbiýelemäge hemaýat berýär.
Art-menejmentiň bakalawrlary ýurdumyzyň medeniýet we sungat, bilim (ýöriteleşdirilen orta bilim berýän mekdeplerde, ýöriteleşdirilen orta hünär we mekdepden daşary çagalar bilim edaralarynda) ulgamlarynda, ylmy-barlag, medeniýet we sungat merkezlerinde (Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, Türkmenistanyň Milli medeniýet merkezinde we ş.m.), jemgyýetçilik edaralarynda (syýasy jemgyýetçilik guramalarynda), ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynda (häkimliklerde, arçynlyklarda, geňeşliklerde) işlemek üçin taýýarlanylýar. Art-menejmentiň bakalawrlary geljekde ýokarda agzalyp geçilen edara-kärhanalarda türkmen sungatynyň nazaryýeti esasynda giň gerimli syýasy-jemgyýetçilik, ylmy-barlag, dolandyryjylyk işlerini alyp barmalydyrlar. Ýurdumyzyň ýaş nesillerini milli ruhda terbiýeläp, olaryň watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmalydyrlar.

Bakalawra bildirilýän umumy talaplar

Art-menejmentiň bakalawry Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýokary bilimli hünärmeni bolmak bilen, ol hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän paýhasly ýörelgelerinden, onuň döwlet syýasatyndan düýpli baş çykarýan, halkyny, Watanyny ak ýürekden söýýän, dünýä we milli sungatymyzy hemmetaraplaýyn bilýän şahs bolmalydyr.
Bakalawr ynsanperwer, ylmy-tehniki ylymlar bilen baglanşykly maglumatlary, kitaplary, gollanmalary, ylmy subutnamalary öwrenip, olary hem öz işinde peýdalanmalydyr.
Daşary ýurt dillerini suwara öwrenip, häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ulanmagy, sungatyň dürli ugurlarynyň we medeniýet pudagynyň ykdysadyýetini dolandyrmak üçin düýpli we tejribe taýýarlygy özünde jemlemelidir. Bakalawr öz işini ýokary derejede ele almalydyr, öz bilimini yzygiderli artdyrmalydyr, jemgyýetçilik-syýasy dünýägaraýşyny giňeltmelidir, iş ýüzünde zähmeti ylmy taýdan guramagyň düzgünlerini peýdalanmagy başarmalydyr, sungat işgärleri we sungaty söýüjiler bilen işleşmegiň, işi guramagyň usullaryndan, talaplaryndan baş çykarmalydyrlar, dünýä ylmynyň soňky gazanan üstünliklerini durmuşa ornaşdyrmaga we olary ýaýratmaga, ýaşlary milli ruhda, Watana, hormatly Prezidentimize wepaly edip terbiýeläp ýetişdirmeklige, ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ylmy esasda ösmegine, jemgyýetimiziň medeni ösüşiniň belent derejelere ýetmegine ýardam bermelidirler.

Bakalawr şu aşakdakylary bilmelidir:

  • umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler toplumyny: Türkmenistanyň taryhy, sanly ykdysadyýet, Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary, filosofiýa, syýasaty öwreniş, ykdysady nazaryýet, häzirki zaman türkmen jengyýeti, medeniýeti öwreniş, bedenterbiýe derslerini;
  • umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumyny: häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, ekologiýa we daşky gurşawy goramak derslerini;
  • bakalawryň taýýarlyk ugruna degişli umumy hünär dersler toplumyny: hünäri boýunça dili (rus, iňlis), bütindünýä sungaty, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy, maglumat-bibliografiýanyň medeniýeti, sazyň nazaryýeti we taryhy, medeni-taryhy ýadygärlikleri, muzeý işiniň nazaryýeti, medeni-köpçülik çäreleriniň nazaryýeti, teatryň nazaryýeti we taryhy, foto-kino sungatyň nazaryýeti we taryhy, egin-eşik, bezegçilik sungaty (dizaýn), salgytlar we salgyt salmagyň ulgamy derslerini;
  • taýýarlygyň ugry boýunça ýörite dersler toplumyny: menejment, art menejment, marketing, art marketing, sungatda maglumat tehnologiýalary, sungatda innowasiýalar, döredijilik işinde ykdysadyýet, maliýe we karz, neşirýat işi, buhgalter hasaba alnyşy we audit (medeniýet ulgamynda), medeniýetde hukuk üpjünçiligi (kada-kanunçylyk), hojalyk işiniň seljermesi, maýa goýumlaryň nazaryýeti, türkmen sungatynyň wirtual ulgamynda, medeniýetde intellektual eýeçiligi, statistika derslerini doly öwrenmelidirler we olarda alan bilimlerini ylmy-barlag, taslama, ýyllyk işlerinde, tejribelikde özleşdirmelidirler.
  • Bakalawr şu aşakdakylary başarmalydyr:
  • Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň art-menejment taýýarlygyň ugry boýunça bakalawrlary hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyndan, uzak geljegi nazarlaýan döwlet maksatnamalaryndan ugur alyp, medeniýetimiziň nazary we ylmy esasyny çuňňur öwrenip, nesillerimizi milli ruhda terbiýelemelidirler;
  • milli sungatymyzy döwletimiziň syýasaty bilen utgaşdyryp, köpçülikleýin işleri guramagy, ata-babalarymyzyň nusgawy ýol-ýörelgelerini giňden wagyz etmegi, onuň dürdänelerini dünýä ýaýmagy, hemişe jemgyýetiň öň hatarynda, giň dünýägaraýyşly bolmagy başarmalydyrlar;
  • dünýä medeniýetiniň we sungatynyň taryhy, onuň döreýiş we ösüş aýratynlyklaryny, nazary hem-de ylmy esasyny çuňňur öwrenip, ylmy-barlag işlerini yzygiderli geçirmelidirler;
  • döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik işini ýola goýmaga, ulgamlary ylmy taýdan dolandyrmaga, täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak üçin kämil aňy kemala getirmäge, jemgyýetiň sosial toparlarynyň işini sazlaşykly guramaga öz goşandyny goşmalydyrlar;
  • iş ýüzünde öz bilimlerini artdyrmaga, ylmy täzelikleri, açyşlary, oýlap tapyşlary hünär kamilliginde ulanmalydyrlar;
  • taýýarlygyň ugruna görä, ýöriteleşdirilen ylmy we okuw-usuly edebiýatlardan baş çykaryp, gollanmalary ýazyp, çapa taýýarlamalydyrlar;
  • ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dünýä we milli medeniýetimiziň ylmy nazaryýeti esasynda yzygiderli çykyşlary guramalydyrlar, metbugat sahypalarynda, ylmy-populýar žurnallarda öz ylmy makalalary, gözükdirmeleri bilen yzygiderli şöhlelenip durmalydyrlar;
“Maglumat ulgamlary”

3.Bakalawr boýunça: “Ykdysadyýet we dolandyryş (Medeniýet ulgamynda)”
“Ykdysadyýet we dolandyryş (medeniýet ulgamynda)” –taýýarlygyň ugry boýunça bakalawr derejesi

Bakalawrlara bolan esasy talaplar aşakdaky aýratynlyklary öz içine alýar:

  • bakalawrlaryň zerurlygy, olaryň sanyny çaklamak we bakalawrlary taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek;
  • taýýarlygyň ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde okuw terbiýeçilik işiniň maksatlaryny, mazmunyny we hilini kesgitlemek, şol sanda talabalaýyk okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary taýýarlamak;
  • taýýarlygyň ugry boýunça okuwy tamamlan uçurymlary işe ýerleşdirmek meselesini kesgitlemek we şol işi uçurymyň derejesine laýyk ýola goýmak.
 
Bakalawryň wezipesi

Bakalawr medeniýet pudagynyň kärhanalarynda hojalyk işlerini alyp barmak, medeniýet pudagynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işlemegini gazanmak, hususan-da, guramaçylyk-dolandyryş, seljeriş hem-de ylmy-barlag işlerini ýokary okuw mekdebinde alan taýýarlyk ugruna laýyklykda amala aşyrmak üçin taýýarlanylýar.
Bakalawr ykdysadyýetiň medeniýet ulgamynyň ähli pudaklarynda, paýdarlar jemgyýetlerinde, önümçilik we hyzmat ediş kärhanalarynda, medeniýet merkezleriniň we medeniýet öýleriniň  hojalyk-dolandyryş birlikleriniň sanawynda ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen wezipelerde işläp biler.

Bakalawra bildirilýän umumy talaplar

Bakalawr ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini gorap bilýän, Watanyna, halkyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Prezidentine wepaly, bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatlaryna we döwlet Maksatnamalaryna dogry düşünýän hem-de olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Bakalawr köpçülik bilen düşünişmekligi, olara ýolbaşçylyk etmegi, öz iş toparyny agzybirlik, maksada okgunlylyk ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribe endiklerini yzygiderli hem-de üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugry boýunça toplanan ylmy-amaly maglumatlary işinde netijeli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Bakalawr düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.
 
Bakalawr şu aşakdakylary bilmelidir: 

  • Hormatly Prezidentimiziň durmuş, ykdysady, syýasy we medeni ýörelgeleriniň durmuşa geçirilişiniň many-mazmunyna düşünmekligi;
  • medeniýet pudagynyň ykdysadyýetini we onuň ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik derejede umumy hem-de nazary dersleriň esaslaryny;
  • umumy ykdysady dersleri, şol sanda ykdysady nazaryýeti, TDYÖDK–ny, medeniýetiň ykdysadyýetini, dünýä ykdysadyýetini we milli ykdysadyýetimiziň oňa integrasiýasyny, ykdysady geografiýany, mikroykdysadyýeti, makroykdysadyýeti, sanly ykdysadyýeti, salgytlar we salgyt salmagyň ulgamyny, maglumatlar toplumyny, medeni kärhanalaryň ykdysadyýetini, medeniýet ulgamynyň maliýeleşdirilişini, medeniýet ulgamynda telekeçilik işleriniň esaslaryny, medeniýet ulgamynyň kärhanalarynyň işini guramak, statistikany, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit, baha kesme işini, medeniýet ulgamynda gozgalmaýan emlägiň ykdysadyýetini, medeniýet pudagynda zähmeti guramak, medeniýet pudagynda kada-kanunçylyk esaslary, medeni-taryhy mirasyň ýadygärlikleriniň bahalandyrylyşy we ätiýaçlandyrylyşy, medeniýet kärhanalarynda maliýe-hojalyk işleriniň seljermek, awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlaryny, sanly täjirçilik we telekeçilik, multimediýa tehnologiýalary, marketingi we menejmenti, ykdysady we hojalyk hukugy, resmi iş kagyzlary (medeniýet kärhanalarynda önümçiligiň guralyşyny we ýörelgelerini öwredýän ykdysady hukuk-kadalaşdyryş resminamalary, ykdysady netijeleriň görkezijileri we başgalar);
  • medeniýet pudagynyň ykdysadyýetinde önümçiligiň bazar ykdysadyýeti şertlerinde ykdysady taýdan netijeliligi ýokarlandyrmagyň meselelerini, ösen ýurtlaryň tejribelerini öwrenmegi we ykdysadyýeti kadalaşdyrmagy;
  • medeniýeti maliýeleşdirmegiň görnüşlerini we çeşmelerini.
Bakalawr şu aşakdakylary başarmalydyr: 

  • medeniýetiň ykdysadyýetine degişli ykdysady hukuk kanunlary, hökümet çözgütlerini, makroykdysady derejede medeniýet önümçiligini kadalaşdyryjy resminamalary özleşdirmegi we olaryň durmuşa geçirilişine baha berip bilmegi;
  • medeniýet kärhanalarynda önümçilik faktorlaryň netijeli ulanylyşy bilen bagly bolan ykdysady guramaçylyk meseleleri çözmegi;
  • bazar ykdysadyýeti şertlerinde marketing işlerini, telekeçiligi alyp barmagy, guramagy we ýolbaşçylyk etmegi;
  • medeniýet önümçiliginiň infrastrukturasyny döretmegi, kämilleşdirmegi, işleriň we hyzmatlaryň özüne düşýän gymmatynyň ykdysady esaslaryny hem-de onuň düzümini kämilleşdirmegi;
  • kesgitlenen kadalara laýyklykda ykdysadyýetde medeniýet kärhanalarynyň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerini takyk hasaba almagy;
  • medeniýet kärhanalarynda ýüze çykýan hojalyk we maliýe kynçylyklarynyň çözgütlerini tapmagy, bazar şertlerinde zähmeti höweslendirmegi hem-de ykdysady bähbitleri utgaşdyrmagy;
  • medeniýet kärhanalarynda maddy gymmatlyklaryň ulanylyşyna, saklanyşyna bellenen düzgünleriň berjaý edilişine gözegçilik etmegi;
  • medeniýet kärhanalarynda önümçiligi alyp barmakda ýüze çykýan ykdysady guramaçylyk meseleleri özbaşdak hem-de öz wagtynda dogry çözmegi;
  • medeniýet ykdysadyýetinde işgärleriň önümçilige baglylykda hünär derejesini ýokarlandyrmagy guramagy we önümçilikde zähmeti goramak boýunça düşündiriş işlerini geçirmegi;
  • medeniýet pudagynda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny özleşdirmegi we önümçilikde ornaşdyrmagy.

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm