Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi


“Medeni gymmatlyklary rejeleýiş” kafedrasy 2006-nji ýylda açyldy. Häzirki wagtda bu kafedra  “Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi” kafedrasy diýlip atlandyrylýar. Kafedranyň düzüminde 3 bakalawr ugry boýunça hünärmen taýýarlanylýar. Olar:
1. Bakalawr ugry: “Rejelemek işi”
2. Bakalawr ugry: “Arheologiýa”
3. Bakalawr ugry: “Muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak”

“Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi” kafedrasy boýunça taryhy ýadygärlikleri arheologiki gazuw-agtaryş işleri ýerine ýetirmek, tapylan gadymy tapyndylary rejelemek we medeni sungat eserleri esasynda gymmatlyklarymyzy öwrenip, muzeý eksponatlary halk köpçüligine tanyşdyrmak ýaly işler talyplara öwredilýär.
“Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi” kafedrasy döredilen gününden bäri, Türkmen halkynyň gadymy mirasyny dünýä ýaýmak maksady bilen, daşary ýurtlarda, şeýle-de öz ýurdumyzyň çäklerinde dürli göwrümli sergileri gurnaýarlar:
Daşary ýurtlarda gurnalan sergiler:
Özbegistan Respublikasy – 2014 ýyl
Hindistan Respublikasy – 2015 ýyl
Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde möwsümleýin arheologiki gazuw işleri geçirilende tapylýan gadymy tapyndylary rejeleýärler. Bu eksponatlar ýurdumyzyň dürli künjeginde ýerleşýän muzeýlerde goýulýar.
Rejelemek işi hünär okuwynyň maksady – ýaş hünärmenlere Türkmenistanyň taryhy-medeni goraghanalaryny we muzeýlerini, taryhy-medeni ýadygärlikleri milli ruhda, täzeçe we döwrebap ylmy esasda öwrenmekligi hem-de Watanymyzyň taryhynyň janly şaýatlary bolup durýan, dünýä taryhynda uly orun alan taryhy–medeni ýadygärliklerimizi rejelemegi, gorap saklamagy, olary dünýä ýaýmagy öwretmekden ybaratdyr. Bakalawr ugry boýunça taýýarlanylan hünärmen okuw meýilnamasyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen umumynazaryýet we ynsanyýetçilik dersleriň esaslaryny; – önümçilik we ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny bilmegi gerek; – Türkmenistanyň arheologiýasynyň taryhy, Türkmenistanyň etnografiýasynyň taryhy, arheologiýanyň we etnografiýanyň taryhy, Türkmenistanyň binagärçiliginiň taryhy, rejeleýiş we dikeldiş işleriniň esaslary, keramika we daş önümlerini rejelemek, metal önümlerini rejelemek, haly we haly önümlerini rejelemek, kitap önümlerini rejelemek, numizmatika, antropologiýa derslerinde berilýän bilim taryhy ýadygärlikleri rejeleýiş hünäri üçin derwaýysdyr; Şonuň bilen birlikde: – muzeýlerimizde we taryhy–medeni goraghanalarymyzda milli mirasymyzyň hasynasy hasaplanylýan gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmek; – döwlet ähmiýetli möhüm wezipe bolan taryhy ýadygärlikleri gorap saklamaklyga borçly bolmak; – muzeýlerde jemlenen taryhy medeni sungat eserleriniň esasynda gymmatlyklarymyzy öwrenip, muzeýi usulyýet esasynda gurnamak; – halkara sergilerine gatnaşmak bilen öz döreden işleriniň ýokary derejeliligini gazanmak; – taryhy muzeý gymmatlyklarymyzda dikeldiş we rejeleýiş işleriniň zerurlygyny açyp görkezmek; – taryhy – medeni ýadygärliklerimizi rejelemek we gorap saklamak işlerini dünýä ýaýmaklygy başarmak bu ugurdan iş alyp barjak hünärmeniň baş wezipesidir.

“Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi“

1. Bakalawr ugry: “Rejelemek işi”
“Rejelemek işi” – taýýarlygyň ugry boýunça bakalawr derejesi

 Bakalawrlara bolan esasy talaplar aşakdaky aýratynlyklary öz içine alýar:

  • bakalawrlaryň zerurlygy, olaryň sanyny çaklamak we bakalawrlary taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek;
  • taýýarlygyň ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde okuw terbiýeçilik işiniň maksatlaryny, mazmunyny we hilini kesgitlemek, şol sanda talabalaýyk okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary taýýarlamak;
  • taýýarlygyň ugry boýunça okuwy tamamlan uçurymlary işe ýerleşdirmek meselesini kesgitlemek we şol işi uçurymyň derejesine laýyk ýola goýmak.
Bakalawryň wezipesi

Türkmenistanyň taryhy-medeni goraghanalaryny we muzeýlerini, taryhy-medeni ýadygärlikleri milli ruhda, täzeçe we döwrebap ylmy esasda öwrenmekligi hem-de milli taryhymyzyň janly şaýatlary bolup durýan, dünýä taryhynda uly orun alan taryhy-etnografiki gymmatlyklary rejelemegi, gorap saklamagy, olary dünýä ýaýmagy maksat edinýär.
Bakalawr taryhy-medeni goraghanalarda we muzeýlerde, etrap, şäher, welaýat medeniýet edaralarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky medeni ojaklarda, sungat we bilim ulgamynda medeni dynç alyş edaralaryny dolandyrmak işinde ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen wezipelerde işlemek üçin taýýarlanylýar.

Bakalawrlara bildirilýän umumy talaplar

Bakalawr ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanymyza, halkymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Bakalawr köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplan ylmy maglumatlaryny işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Bakalawr düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.

Bakalawr şu aşakdakylary bilmelidir:

  • Taýýarlygyň ugry boýunça taýýarlanylan bakalawr okuw meýilnamasyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen umumynazaryýet we ynsanyýetçilik dersleriň esaslaryny;
  • Önümçilik we ylmy -barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • Türkmenistanyň arheologiýasynyň taryhy, Türkmenistanyň etnografiýasynyň taryhy, arheologiýanyň we etnografiýanyň taryhy, Türkmenistanyň binagärçiliginiň taryhy, rejeleýiş we dikeldiş işleriniň esaslary, keramika we daş önümlerini rejelemek, metal önümlerini rejelemek, haly we haly önümlerini rejelemek, kitap önümlerini rejelemek, numizmatika, antropologiýa derslerini we beýlekileri.
  • Bakalawr şu aşakdakylary başarmalydyr:
 Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň syýasy-ykdysady we medeni taýdan özgertmegiň milli maksatnamalaryndan ugur alyp ylmy, bilimi, ylmy tehnologiýany, dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurdumyzyň milli medeniýetine ornaşdyrmak we mirasymyzyň gymmatlyklaryny gorap saklamak, ýurdumyzyň ylmy-biliminiň, ykdysadyýetiniň ösmegine öz goşandyny goşmak:
  • muzeýlerimizde we taryhy–medeni goraghanalarymyzda milli mirasymyzyň hazynasy hasaplanylýan gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmek,
  • döwlet ähmiýetli möhüm wezipe bolan taryhy ýadygärlikleri gorap saklamaklyga borçly bolmak;
  • muzeýlerde jemlenen taryhy medeni sungat eserleri esasynda gymmatlyklarymyzy öwrenip, muzeýi usulyýet esasynda gurnamak;
  • halkara sergilerinde gatnaşmak bilen öz döreden işleriniň ýokary derejeliligini gazanmak;
  • taryhy muzeý gymmatlyklarymyzda dikeldiş we rejeleýiş işleriniň zerurlygyny açyp görkezmek;
  • otaryhy–medeni ýadygärliklerimizi rejelemek we gorap saklamak işlerini dünýä ýaýmaklygy başarmak.

“Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi“

2. Bakalawr ugry: “Arheologiýa”
“Arheologiýa” – taýýarlygyň ugry boýunça bakalawr derejesi
 
Bakalawrlara bolan esasy talaplar aşakdaky aýratynlyklary öz içine alýar:

  • bakalawrlaryň zerurlygy, olaryň sanyny çaklamak we bakalawrlary taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek;
  • taýýarlygyň ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde okuw terbiýeçilik işiniň maksatlaryny, mazmunyny we hilini kesgitlemek, şol sanda talabalaýyk okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary taýýarlamak;
  • taýýarlygyň ugry boýunça okuwy tamamlan uçurymlary işe ýerleşdirmek meselesini kesgitlemek we şol işi uçurymyň derejesine laýyk ýola goýmak.

Bakalawryň wezipesi

Türkmenistanyň taryhy-medeni goraghanalaryny we muzeýlerini, taryhy-medeni ýadygärliklerini milli ruhda, täzeçe we döwrebap ylmy esasda öwrenmekligi hem-de milli taryhymyzyň janly şaýatlary bolup durýan, dünýä taryhynda uly orun alan taryhy–medeni ýadygärliklerimizi rejelemegi, gorap saklamagy, olary dünýä ýaýmagy maksat edinýär.
Bakalawr taryhy-medeni goraghanalarda we muzeýlerde, etrap, şäher, welaýat medeniýet edaralarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky medeni ojaklarda, sungat we bilim ulgamynda medeni dynç alyş edaralaryny dolandyrmak işinde ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen wezipelerde işlemek üçin taýýarlanylýar.
 
Bakalawrlara bildirilýän umumy talaplar

Bakalawr ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanymyza, halkymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Bakalawr köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplan ylmy maglumatlaryny işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Bakalawr düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.
 
Bakalawr şu aşakdakylary bilmelidir:

  • Taýýarlygyň ugry boýunça taýýarlanylan bakalawr okuw meýilnamasyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen umumynazaryýet we ynsanyýetçilik dersleriň esaslaryny;
  • Önümçilik we ylmy -barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • Türkmenistanyň arheologiýasynyň taryhy, Türkmenistanyň etnografiýasynyň taryhy, arheologiýanyň we etnografiýanyň taryhy, Türkmenistanyň binagärçiliginiň taryhy, türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhy, rejeleýiş we dikeldiş işleriniň esaslary, numizmatika, antropologiýa, poleografiýa dersleri we beýlekiler. 
Bakalawr şu aşakdakylary başarmalydyr:

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň syýasy-ykdysady we medeni taýdan özgertmegiň milli maksatnamalaryndan ugur alyp, ylmy, bilimi, ylmy tehnologiýany, dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurdumyzyň milli medeniýetine ornaşdyrmak we mirasymyzyň gymmatlyklaryny gorap saklamak, ýurdumyzyň ylmy-biliminiň, ykdysadyýetiniň ösmegine öz goşandyny goşmak:
  • muzeýlerimizde we taryhy–medeni goraghanalarymyzda milli mirasymyzyň hazynasy hasaplanylýan gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmek,
  • döwlet ähmiýetli möhüm wezipe bolan taryhy ýadygärlikleri gorap saklamaklyga borçly bolmak;
  • muzeýlerde jemlenen taryhy medeni sungat eserleri esasynda gymmatlyklarymyzy öwrenip, muzeýi usulyýet esasynda gurnamak;
  • halkara sergilerinde gatnaşmak bilen öz döreden işleriniň ýokary derejeliligini gazanmak;
  • taryhy muzeý gymmatlyklarymyzda dikeldiş we rejeleýiş işleriniň zerurlygyny açyp görkezmek;
  • taryhy – medeni ýadygärliklerimizi rejelemek we gorap saklamak işlerini dünýä ýaýmaklygy başarmak.
“Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi“

3. Bakalawr ugry: “Muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak”
Muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak – taýýarlygyň ugry boýunça muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramagyň bakalawr derejesi

Bakalawrlara bolan esasy talaplar aşakdaky aýratynlyklary öz içine alýar:

  • bakalawrlaryň zerurlygy, olaryň sanyny çaklamak we bakalawrlary taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek;
  • taýýarlygyň ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde okuw terbiýeçilik işiniň maksatlaryny, mazmunyny we hilini kesgitlemek, şol sanda talabalaýyk okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary taýýarlamak;
  • taýýarlygyň ugry boýunça okuwy tamamlan uçurymlary işe ýerleşdirmek meselesini kesgitlemek we şol işi uçurymyň derejesine laýyk ýola goýmak.
Bakalawryň wezipesi

Kär häsiýetnamasy bakalawrlaryň taýýarlanylyşyny meýilnamalaşdyrmakda, taýýarlanylmaly bakalawrlaryň sanyny çaklamakda, uçurymlaryň işe ýollanylyşyny guramakda we olaryň öz kärleri boýunça işleýändiklerini  barlamakda we öwrenmekde ulanylýar. Döwletiň muzeýlerinde, medeni we jemgyýetçilik, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, mahabat, ylmy barlag, medeni aň bilim, okuw muzeýlerinde we terbiýeçilik merkezlerinde innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen mirasy gymmatlyklarymyzy, syýasy ösüşimizi dünýä ýüzüne wagyz etmekde, taryhy medeni goraghanalary öwrenmekde, halkara derejesinde syýahatçylyk pudagynda milli gymmatlyklarymyzyň ylmy aýratynlygyny ösdürmekde ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmekligi maksat edinýär.

Bakalawrlara bildirilýän umumy talaplar

Bakalawr ýokary taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanymyza, halkymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Bakalawr köpçülik bilen işleşmegi, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplan ylmy maglumatlaryny işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Bakalawr düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr. 

Bakalawr şu aşakdakylary bilmelidir:

Taýýarlygyň ugry boýunça taýýarlanylýan bakalawr okuw meýilnamasyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenilen umumynazaryýet we ynsanperwerlik dersleriniň esaslaryny, önümçilik we ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazaryýet dersleriň esaslaryny, medeniýeti öwreniş we türkmen medeniýetiniň taryhy, bütindünýä we türkmen edebiýaty, hünärmeniň dil taýýarlygy, ahlak we gözellik nazaryýeti, pedagogika, psihologiýa, bütindünýä sungatynyň taryhy, türkmen kitabynyň taryhy, marketing, menejment, muzeýi öwreniş, numizmatika, ülkäni öwreniş, hünäre giriş, muzeý adalgalary, muzeý hazynasy we hazyna işi, amaly-haşam sungaty, bütindünýä taryhy we çeşmeşynaslyk, Türkmenistanyň arheologiýasy, Türkmenistanyň muzeýleri, muzeý binagärçiliginiň çeperçilik çözgüdi, taryhy gymmatlyklary dikeltmegiň usullary, taryhy gymmatlyklaryň sergisini guramak, dünýä muzeýleri, muzeýde ylmy-barlag işi, muzeý işiniň usulyýeti, şekillendiriş sungatynyň taryhy, türkmen halkynyň etnografiýasy, muzeýde medeni köpçülik we habar beriş wagyz işleri, muzeýiň tehniki serişdeleri, taryhy gymmatlyklary dikeltmegiň dünýä tejribesi derslerini we beýlekileri.

 Bakalawr şu aşakdakylary başarmalydyr:

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistany syýasy-ykdysady, medeni taýdan özgertmegiň milli maksatnamalaryndan ugur alyp, ylmy, bilimi, tehnologiýany, dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurdumyzyň milli medeniýetine ornaşdyrmak we mirasy gymmatlyklarymyzy hukuk esasda gorap saklamaga, dünýä derejesinde wagyz etmeklige goşandyny goşmak:
  • muzeýlerde sergileri guramakda estetiki we dizaýn taslamalaryny taýýarlamak;
  • bilim we medeniýet ulgamynda, taryhy medeni goraghanalarda muzeýlerde, gymmatlyklary hukuk esasly  goramakda, dürli maksatly edaralarda, kärhanalarda sergi işlerini guramak;
  • ekskursiýalar geçirilende okuw-öwreniş, ylmy-barlag we beýleki okuw işlerini dolandyrmak;
  • Jemgyýetçilik, syýasy we medeni durmuş wakalarynyň ýazgylaryny ýöretmek;
  • görnüşine garamazdan edara kärhanalarda söwda satuw sergilerini gurnamak we mahabat işleri;
  • taryhy gymmatlyklarda dikeldiş we rejeleýiş işleriniň zerurlygyny ylmy esasda açyp görkezmek;
  • häzirki döwürde muzeýlerde dünýä tehnologiýasynyň gazananlaryny ornaşdyrmagy başarmak, muzeý ulgamyny döretmek;
  • döwlet möçberinde, halkara derejesindäki geçirilýän muzeýler we syýahatçylyk ulgamynda, taryhy ýadygärliklerimiz barada ylmy amaly maslahatlary guramak;
  • muzeý gymmatlyklaryň üsti bilen okatmaklygyň, terbiýe bermegiň iň netijeli usullaryndan we görnüşlerinden peýdalanmak;
  • usulýet merkezlerinde, muzeýlerde okuw, amaly, seminar we tejribe sapaklaryny guramak;  
  • muzeýe gelýän tomaşaçylaryň, habar beriş çeşmeler, ylmy edebiýatlar we başgalar  bilen işlemek endiklerini ösdürmek;
  • dünýä muzeýlerinde saklanýan milli gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmek;

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm