Medeni miras fakulteti


1992-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň açylmagy bilen Hormatly Prezidentimiziň ýörite tabşyryklary esasynda, milli medeniýetimizi ösdürip biljek hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek esasy maksadyň biri boldy. Instituty tamamlan hünärmenler döwletimiziň dürli künjeklerinde, şeýle-de daşary ýurtlarda türkmen milli sungatyny wasp etmekde we ony dünýä ýaýmakda, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegine uly goşantlaryny goşýar.

“Medeni miras” fakultetiniň düzüminde iki kafedra hereket edýär:

“Medeni guramaçylyk işi” kafedrasy;

“Medeniýeti öwreniş” kafedrasy.

Bu ugurda okap, instituty üstünlikli tamamlan talyplara döwletimiziň medeniýet edaralarynda, döwlet tarapyndan açylan tans toparlarynda işlemäge şert döredilýär. “Medeni miras” fakultetinde milli öwüşginlere baý bolan türkmen folkloryny, tans we aýdym-saz sungatyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek, olary dünýä ýaýmak, esasanam bu egsilmez dürdäneleriň täsirinde jemgyýetiň ruhy-aň ösüşini terbiýelemek maksady bilen “Durmuş-medeni işler”, “Höwesjeň aýdym-saz”, “Horeografiýa sungaty”, “Milli tans we folklor” toparlarynyň ýolbaşçysy”, “Medeni köpçülik çäreleriniň guramaçysy” ugurlary boýunça ýaş hünärmenler taýýarlanylýar.

1992-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ýanynda höwesjeň talyplardan düzülen kiçeňräk folklor gurnagy hereket edip ugraýar. 2000-nji ýyldan başlap bu gurnak “Miras” folklor topary hökmünde ýurdumyzyň meşhur aýdym-saz toparlarynyň arasynda mynasyp orun eýeleýär. “Miras” folklor topary diňe bir ýurdumyzyň çäklerinde döredijilik üstünliklerine beslenmän , eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän (Russiýa Federasiýasy, Koreýa, Türkiýe, Gazagystan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Germaniýa Federatiw Respublikasy,Täjigistan Respublikasy, Ýaponiýa) halkara festiwallaryna işjeň gatnaşýar. Toparyň repertuaryndan “Guşak çözdürme”, “Läleler çemeni”, “Läle-reýhanly Nowruzym”, “Wasp edeýin, ýar-ýar”, “Gyzlar galasy”, “Yşk gülzarynyň bilbili”, “Söýgi seýrany”, şeýle-de “Sawçylaryň toý degişmesi”, “Eltileriň degişmesi”, “Gelinjigim-hanjagazym” ýaly folklor tanslary bu topara meşhurlyk getiren şowly çykyşlardyr. “Miras” folklor topary öz taryhynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň 3 gezek ýeňijisi boldy.

Institutyň “Miras” folklor-tans topary 2011, 2012, 2013-nji ýyllarda Türkiýe respublikasynda geçirilen türki döwletleriň medeni guramasynyň festiwalyna, 2014-nji ýylda Germaniýa döwletinde geçirilen Magtymguly Pyragynyň medeniýet günlerine gatnaşdy. 2015-nji ýylda Täjigistan döwletiniň Duşenbe şäherinde, 2017-nji ýylda Ýaponiýada, 2018-nji ýylda Russiýa federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen medeniýet günlerine gatnaşdy. “Miras” folklor – tans topary öz taryhynda 2011, 2012, 2013, 2014, 2015, 2017, 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

KAFEDRALAR:


“MEDENIÝETI ÖWRENIŞ”


1. Medeni-köpçülik çärelerini guramak we goýmak

2. Horeografiýa sungaty (Folklor toparyny guramak we dolandyrmak)

3. Medeniýeti öwreniş

“MEDENI GURAMAÇYLYK IŞI”


1. Durmuş-medeni işler (höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak)

2. Horeografiýa sungaty (Milli tans toparyny guramak we dolandyrmak)

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm