Medeni guramaçylyk işi kafedrasy


Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Medeni guramaçylyk işi” kafedrasy 2005-nji ýylda döredilen. Kafedrada “Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak”, “Milli tans toparyny guramak we dolandyrmak” hünärleri bardyr. Bu hünärler 1995-nji ýylda açylyp, onuň ilkinji göýberilişi 1995 – 1996-nji okuw ýylynda boldy.


“Medeni guramaçylyk işi” kafedrasynda iki sany bakalawr ugry boýunça talyplara hünär berilýär:


Bakalawr ugry: Durmuş medeni işleri (Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak)

Bakalawr ugry: Horeografiýa sungaty (Milli tans toparyny guramak we dolandyrmak)


“Medeni guramaçylyk işi”


1. Durmuş-medeni işler (Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak)

  • Durmuş-medeni işler (Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak) – taýýarlygyň ugry boýunça bakalawr derejesi

Bakalawrlara bolan esasy talaplar aşakdaky aýratynlyklary öz içine alýar:


  • bakalawrlaryň zerurlygy, olaryň sanyny çaklamak we bakalawrlary taýýarlamagyň meýilnamasyny
    işläp düzmek;
  • taýýarlygyň ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde okuw terbiýeçilik işiniň maksatlaryny,
    mazmunyny we hilini kesgitlemek, şol sanda talabalaýyk okuw meýilnamalary, okuw
    maksatnamalary taýýarlamak;
  • taýýarlygyň ugry boýunça okuwy tamamlan uçurymlary işe ýerleşdirmek meselesini kesgitlemek
    we şol işi uçurymyň derejesine laýyk ýola goýmak.

Bakalawryň wezipesi


Bakalawryň wezipesi – halkymyzyň arasynda medeni-köpçülik çärelerini guramak we geçirmek, halk döredijiliginiň medeni gymmatlyklarynyň biri bolan aýdym-saz sungatyny köpçülige ýaýratmak, dünýä derejesine çykarmak, medeni terbiýeçilik işlerini döwrüň talaplaryna görä durmuşa geçirmek, ylmy gözlegler netijesinde saz sungaty barada toplanan maglumatlary öwrenmek, saklamak, tertipleşdirmek we döredijilikde ulanmak.

Bakalawr oba, etrap, şäher, welaýat medeniýet edaralarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky medeni ojaklarda, sungat we bilim ulgamynda medeni dynç alyş edaralaryny dolandyrmak işinde ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen wezipelerde işlemek üçin taýýarlanylýar.


Bakalawra bildirilýän umumy talaplar


Ýokary bilimli medeniýet bakalawry medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentimize wepaly häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň syýasatyna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.

Bakalawr döredijilik işinde öňde goýlan wezipelere ýetýän, hünärini, okuw-tejribe işlerini ýokary derejede özleşdirip bilýän, bilim hünär derejesini yzygiderli ösdürip, kämilleşdirýän, jemgyýetçilik, syýasy, ykdysady, medeni, durmuşyna işeňňir gatnaşýan, zähmetiň ylmy guralyşynyň usullaryny tejribede ulanmagy başarýan, hünärini söýýän, ahlak taýdan arassa, zähmetsöýer, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.


Bakalawr şu aşakdakylary bilmelidir:


  • taýýarlygyň ugry boýunça taýýarlanylýan okuw meýilnamasyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenýän umumynazaryýet we ynsanyýetçilik dersiniň esaslaryny;
  • önümçilik we ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • halk saz gurallarynyň orkestr topary (birleşen 1-4 ýyllyklar), hor klasy, aýdym-saz topary bilen işlemegiň usullary, saz eserine dirižorlyk etmek, aýdym-saz eserlerini rejelemegiň usullary, halk saz gurallarynda çalmak, aýdym, saz nazaryýeti, solfejio, saz edebiýaty, saz eserlerini derňemek, fortepiano, medeni dynç alyş işi, medeni-köpçülik işi, medeni köpçülik çäreleriniň tehniki we tehnologiki üpjünçiligi, halk döredijiligi derslerini.

Bakalawr şu aşakdakylary başarmalydyr:


  • dirižorlyk etmek dersiniň esasy tehnikasyny amal etmek;
  • halk-saz gurallary orkestriniñ we hor toparynyň döreýiş taryhyny bilmek;
  • döwrüñ halk–saz gurallary orkestri we ansambllaryny bilmek;
  • halk-saz gurallary orkestriniň we horyň partiturasyny derňemegi başarmak;
  • saz çalmagy we aýdym aýtmagy başarmak;
  • aýdym-saz eserini rejelemegi we aranžirowka etmegi başarmak;
  • aýdym-saz toparyna ýolbaşçylyk etmek;

“Medeni guramaçylyk işi”


2.Horeografiýa sungaty (Milli tans toparyny guramak we dolandyrmak)

  • Horeografiýa sungaty (Milli tans toparyny guramak we dolandyrmak) taýýarlygyň
    ugry boýunça bakalawr derejesi

Bakalawrlara bolan esasy talaplar aşakdaky aýratynlyklary öz içine alýar:


  • bakalawrlaryň zerurlygy, olaryň sanyny çaklamak we bakalawrlary taýýarlamagyň meýilnamasyny işläp düzmek;
  • taýýarlygyň ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde okuw terbiýeçilik işiniň maksatlaryny, mazmunyny we hilini kesgitlemek, şol sanda talabalaýyk okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary taýýarlamak;
  • taýýarlygyň ugry boýunça okuwy tamamlan uçurymlary işe ýerleşdirmek meselesini kesgitlemek we şol işi uçurymyň derejesine laýyk ýola goýmak.

Bakalawryň wezipesi


Häzirki zaman ösüş şertlerinde türkmen milli tans toparynyň çykyşlaryna bolan talaplaryň artmagy bilen sungatyň bu ugruny kämil derejä ýetirmekligi, türkmen tansynyň milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmekligi, ýurdumyzda tans toparynyň ýolbaşçysyna bolan zerurlygy nazara alyp, ýokary bilimli bakalawrlar bilen üpjün etmekligi maksat edinýär.

Bakalawr oba, etrap, şäher, welaýat medeniýet edaralarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky medeni ojaklarda, sungat we bilim ulgamynda medeni dynç alyş edaralaryny dolandyrmak işinde ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen wezipelerde işlemek üçin taýýarlanylýar.


Bakalawra bildirilýän umumy talaplar


Bakalawr ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.

Bakalawr köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplan ylmy maglumatlaryny işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.

Bakalawr düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.


Bakalawr şu
aşakdakylary bilmelidir:


  • taýýarlygyň ugry boýunça taýýarlanylýan okuw meýilnamasyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenýän umumynazaryýet we ynsanyýetçilik dersiniň esaslaryny;
  • önümçilik we ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • halk saz gurallarynyň orkestr topary (birleşen 1-4 ýyllyklar), hor klasy, aýdym-saz topary bilen işlemegiň usullary, saz eserine dirižorlyk etmek, aýdym-saz eserlerini rejelemegiň usullary, halk saz gurallarynda çalmak, aýdym, saz nazaryýeti, solfejio, saz edebiýaty, saz eserlerini derňemek, fortepiano, medeni dynç alyş işi, medeni-köpçülik işi, medeni köpçülik çäreleriniň tehniki we tehnologiki üpjünçiligi, halk döredijiligi derslerini.

Bakalawr şu aşakdakylary başarmalydyr:


  • tans etmekligiň usulyny klassyky hereketleriň üsti bilen başarmak, elleriň, aýaklaryň ýerlikli peýdalanyp dogry tansy ýerine ýetirmekde, göwräniň gowy düzülen bolmagyny başarmak;
  • dürli milletiň milli tanslaryny öwrenip, türkmen halkynyň milli tanslarynyň aratapawudyny bilmek;
  • tanslarynyň köklerini, döreýiş taryhyny we ösüş menzillerini bilmek;
  • tanslarynyň nazaryýet esaslaryny we aýratynlygyny, jemgyýetçilik zerurlygyny öwrenmek;
  • tanslarynyň terbiýeçilik esaslaryny öwrenmek;
  • tanslary guramagyň usullaryny hem-de medeni çäreleriň bezeg, tehniki serişdeler bilen üpjünçilik işleriniň aýratynlyklaryny bilmek;
  • tanslaryň pedagogika, psihologiýa, sosiologiýa, gözellik, pelsepe baradaky ylymlar bilen baglanyşyklygyny öwrenmek.

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm