Medeniýeti öwreniş kafedrasy

“Medeniýeti öwreniş” kafedrasynda şu aşakdaky bakalawr ugry boýunça hünärmenler taýýarlanylýar:
1. Bakalawr ugry: Medeni köpçülikleýin çärelerini guramak we goýmak;
2. Bakalawr ugry: Folklor toparyny guramak we dolandyrmak;
3. Bakalawr ugry: Medeniýeti öwreniş

“Medeniýeti öwreniş”
1. Medeniýeti öwreniş
Medeniýeti öwreniş –  taýýarlygyň ugry

Medeniýeti öwreniş ylmy ynsany ýagşy häsiýetde terbiýelemäge, ýaşamaklygyň ösen, döwrebap modelini guramaga çagyrýar we milli, watançylyk we ynsanperwerlik duýgularyny terbiýelemäge hemaýat berýär.
Bakalawryň wezipesi
Medeniýeti öwreniş taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar ýurdumyzyň medeniýet, bilim (umumy bilim berýän orta mekdeplerde, orta hünär okuw mekdeplerinde, mekdepden daşary çagalar bilim edaralarynda) ulgamlarynda, ylmy-barlag merkezlerinde (Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda), jemgyýetçilik edaralarynda (syýasy jemgyýetçilik guramalarynda), ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynda (häkimliklerde, arçynlyklarda, geňeşliklerde) işlemek üçin taýýarlanylýar. Medeniýeti öwrenişiň bakalawrlary geljekde ýokarda agzalyp geçilen edara-kärhanalarda türkmen medeniýetiniň nazaryýeti esasynda giň gerimli syýasy-jemgyýetçilik, ylmy-barlag, mugallymçylyk, dolandyryjylyk işini alyp barmalydyrlar. Ýurdumyzyň ýaş nesillerini milli ruhda terbiýeläp, olaryň watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmalydyrlar.

Bakalawra bildirilýän umumy talaplar

Medeniýeti öwreniş Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýokary bilimli hünärmeni bolmak bilen, ol hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän paýhasly ýörelgelerinden, onuň döwlet syýasatyndan düýpli baş çykarýan, halkyny, Watanyny ak ýürekden söýýän, dünýä we milli medeniýetimizi hemmetaraplaýyn bilýän şahs bolmalydyr.
Olar ynsanperwer, ylmy-tehniki ylymlar bilen baglanyşykly maglumatlary, kitaplary, gollanmalary, ylmy subutnamalary öwrenip, olary hem öz işinde peýdalanmalydyr.

Bakalawr şu aşakdakylary bilmelidir:

Daşary ýurt dillerini suwara öwrenip, dil sowatlylygyny yzygiderli artdyrmalydyrlar, düýpli we tejribe taýýarlygy özünde jemlemelidir. Bakalawr öz işini ýokary derejede ele almalydyr, öz bilimini yzygiderli artdyrmalydyr, jemgyýetçilik-syýasy dünýägaraýşyny giňeltmelidir, iş ýüzünde zähmeti ylmy taýdan guramagyň düzgünlerini peýdalanmagy başarmalydyr, adamlar bilen, hususan-da, mekdep okuwçylary bilen işleşmegiň, işi guramagyň usullaryndan, pedagogikanyň, psihologiýanyň talaplaryndan baş çykarmagy başarmalydyrlar, dünýä ylmynyň soňky gazanan üstünliklerini durmuşa ornaşdyrmaga we olary ýaýratmaga, ýaşlary milli ruhda, Watana, hormatly Prezidentimize wepaly edip terbiýeläp ýetişdirmeklige, ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ylmy esasda ösmegine, jemgyýetimiziň medeni ösüşiniň belent derejelere ýetmegine ýardam bermelidirler.
  • umumy ynsanperwerlik we durmuş-ykdysady dersler toplumyny: Türkmenistanyň taryhy, filosofiýa, sosiologiýa, syýasaty öwreniş, ykdysady nazaryýet, Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary, daşary ýurt dili (rus, iňlis,), pedagogika, psihologiýa derslerini;
  • umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumyny: häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, bedenterbiýe derslerini;
  • bakalawryň taýýarlyk ugruna degişli umumy hünär dersler toplumyny: türkmen diliniň sözleýiş medeniýeti, ahlak we gözellik nazaryýeti, bütindünýä we türkmen edebiýaty, medeniýet ulgamynda menejmentiň we marketingiň esaslary, medeni we tebigy mirasyň saklanylyşy, muzeý işi, dünýä muzeýleri, medeniýet we syýahatçylyk hakynda kanunçylygyň esaslary, medeniýetiň taryhy çeşmeleri, medeniýetiň nazaryýeti, türkmen medeniýetiniň taryhy, köpçülikleýin kommunikasion medeniýeti, medeniýetiň ykdysadyýeti, medeniýetiň filosofiýasy, medeniýetiň sosiologiýasy, dünýä dinleriniň taryhy, bütindünýä taryhy, etnografiýa, mifologiýa, arheologiýa, arhiwi öwreniş, türkmen halk döredijiligi, sungatyň nazaryýeti we taryhy, şekillendiriş sungaty, egin-eşik we bezegçilik sungaty, amaly-haşam sungaty, sungatyň semiotikasy, daşary ýurt we türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhy, daşary ýurt we türkmen teatrynyň taryhy, daşary ýurt we türkmen kino we teleradio sungatlarynyň taryhy, ylmy öwreniş, kitaby öwreniş we hat medeniýetiniň taryhy, türkmen kitabynyň taryhy, medeni köpçülik çäreleri, medeniýeti öwrenişi okatmagyň usulýeti, medeniýet ulgamynda neşirýat işi, medeni syýahatçylyk derslerini doly öwrenmelidirler we alan bilimlerini ylmy-barlag, taslama, ýyllyk işlerinde, tejribelikde özleşdirmelidirler.
Bakalawr şu aşakdakylary başarmalydyr:

Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar

  • Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň medeniýeti öwreniş taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlary hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyndan, uzak geljegi nazarlaýan döwlet maksatnamalaryndan ugur alyp, medeniýetimiziň nazary we ylmy esasyny çuňňur öwrenip, nesillerimizi milli ruhda terbiýelemelidirler;
  • milli medeniýetimizi döwletimiziň ajaýyp syýasaty bilen utgaşdyryp, köpçülikleýin işleri guramagy, ata-babalarymyzyň nusgawy ýol-ýörelgelerini giňden wagyz etmegi, onuň dürdänelerini dünýä ýaýmagy, hemişe jemgyýetiň öň hatarynda, giň dünýägaraýyşly bolmagy başarmalydyrlar;
  • dünýä medeniýetiniň taryhy, onuň döreýiş we ösüş aýratynlyklaryny, nazary hem-de ylmy esasyny çuňňur öwrenip, ylmy-barlag işlerini yzygiderli geçirmelidirler;
  • döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik işini ýola goýmaga, ulgamlary ylmy taýdan dolandyrmaga, täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak üçin kämil aňy kemala getirmäge, jemgyýetiň sosial toparlarynyň işini sazlaşykly guramaga öz goşandyny goşmalydyrlar;
  • iş ýüzünde öz bilimlerini artdyrmaga, ylmy täzelikleri, açyşlary, oýlap tapyşlary hünär kamilliginde ulanmalydyrlar;
  • ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde okuwçy ýaşlara döwrebap bilim berip, olara dünýä medeniýetiň taryhyny, Türkmenistanyň medeni mirasyny çuň we hil taýdan mazmunly, ylmy esasda öwretmelidirler;
  • taýýarlyk ugruna görä, ýöriteleşdirlen ylmy we okuw-usuly edebiýatlardan baş çykaryp, gollanmalary ýazyp, çapa taýýarlamalydyrlar;
  • ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dünýä we milli medeniýetimiziň ylmy nazaryýeti esasynda yzygiderli çykyşlary guramalydyrlar, metbugat sahypalarynda, ylmy-populýar žurnallarda öz ylmy makalalary, gözükdirmeleri bilen yzygiderli şöhlelenip durmalydyrlar.

“Medeniýeti öwreniş”
2. Horeografiýa sungaty (Folklor toparyny guramak we dolandyrmak)
Horeografiýa sungaty (Folklor toparyny guramak we dolandyrmak) – taýýarlygyň ugry.

Häzirki zaman ösüş şertlerinde türkmen milli folklor çykyşlaryna bolan talaplaryň artmagy bilen sungatyň bu ugruny kämil derejä ýetirmekligi, türkmen folklorynyň milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmekligi, ýurdumyzda folklor toparynyň ýolbaşçysyna bolan zerurlygy nazara alyp, ýokary bilimli bakalawrlar bilen üpjün etmekligi maksat edinýär.

Bakalawryň wezipesi

Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar oba, etrap, şäher, welaýat medeniýet edaralarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky medeni ojaklarda, sungat we bilim ulgamynda medeni dynç alyş edaralaryny dolandyrmak işinde ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen wezipelerde işlemek üçin taýýarlanylýar.
Olar ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.

Bakalawr şu aşakdakylary bilmelidir:

Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplan ylmy maglumatlaryny işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.
  • önümçilik we ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • Egin-eşikleriň, durmuş esbaplarynyň taryhy we tehnologiýasy, halk döredijiligi, türkmen milli baýramlary, milli oýunlary guramak, medeni-köpçülik çäreleriniň tehniki we tehnologiki üpjünçiligi, medeni dynç alyş işini guramak we dolandyrmak, folklor goýmagyň režissurasy, folklor we etnografiki tanslar, folkloryň taryhy we mirasgärlik işi, ssenariýa ussatlygy, aktýoryň ussatlygy we sahna hereketi,  sözleýiş medeniýeti, sahna bezegi, halk saz gurallarynda çalmak, milli äheňler we aýdym dersleri we beýlekileri.
Bakalawr şu aşakdakylary başarmalydyr:

Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar

  • folkloryň çeperçiligini, köpdürliligini we mazmun aýratynlygyny bilmek;
  • halk döredijiliginiň görnüşlerini ýerine ýetirmegi başarmak;
  • halk döredijiliginiň döreýiş köklerini, döreýiş taryhyny we ösüş menzillerini bilmek;
  • folkloryň nazaryýet esaslaryny we aýratynlygyny, jemgyýetçilik zerurlygyny öwrenmek;
  • folkloryň terbiýeçilik esaslaryny öwrenmek;
  • folklory goýmagyň aýratynlyklaryny bilmek;
  • folklor toparlarynda ýokary derejeli folklor çykyşlaryny sahnalaşdyrmagy bilmek;
  • folklor režissýorlarynynyň iş aýratynlyklaryny bilmek.;
  • folklorşynaslyk ylmy we türkmen folklorşynaslarynyň iş aýratynlyklaryny bilmek

“Medeniýeti öwreniş”
3.Medeni-köpçülik çärelerini guramak we goýmak
Durmuş-medeni işler (Medeni-köpçülik çärelerini guramak we goýmak)- taýýarlygyň ugry.

Häzirki zaman ösüş şertlerinde medeni-köpçülik çärelerine bolan talaplaryň artmagy bilen medeniýetiň bu ugruny kämil derejä ýetirmekligi, medeni-köpçülik çäreleriniň milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmekligi, ýurdumyzda medeni-köpçülik çäreleriniň guramaçysyna bolan zerurlygy nazara alyp, ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmekligi maksat edinýär.

Bakalawryň wezipesi

Taýýarlygyň ugry boýunça oba, etrap, şäher, welaýat medeniýet edaralarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky medeni ojaklarda, sungat we bilim ulgamynda medeni dynç alyş edaralaryny dolandyrmak işinde ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen wezipelerde işlemek üçin taýýarlanylýar.

Bakalawra bildirilýän umumy talaplar

  • Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar  ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
  • Olar köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplan ylmy maglumatlaryny işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
  • Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.
Bakalawr şu aşakdakylary bilmelidir:

  • taýýarlygyň ugry boýunça taýýarlanylýan okuw meýilnamasyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenýän umumynazaryýet we ynsanyýetçilik dersiniň esaslaryny;
  • önümçilik we ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • Milli oýunlary guramak, egin-eşikleriň, durmuş esbaplarynyň taryhy we tehnologiýasy, halk döredijiligi, türkmen milli baýramlary, medeni-köpçülik çäreleriniň tehniki we tehnologiki üpjünçiligi, medeni dynç alyş işini guramak we dolandyrmak, medeni–köpçülikleýin çäreleriniň režissurasy, çagalar we ýetginjekler bilen işleri guramak, medeni köpçülik çäreleriniň saz we ses bezegi, medeni-köpçülik çäreleriniň çeper bezegi, sahna dili, aktýoryň ussatlygy we sahna hereketi, ssenariýa ussatlygy derslerini we beýlekileri.
Bakalawr şu aşakdakylary başarmalydyr:

Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar

  • medeni dynç alyş işiniň milli köklerini, döreýiş taryhyny we ösüş menzillerini bilmegi;
  • medeni dynç alyş işiniň nazaryýet esaslaryny we aýratynlygyny, jemgyýetçilik zerurulygyny we medeni dynç alyş edarasynyň öňünde durýan wezipeleri öwretmegi we bilmegi;
  • medeni dynç alyş işiniň terbiýeçilik esaslaryny we medeniýet edarasynda terbiýeçilik işlerini geçirmegiň aýratynlygyny bilmegi;
  • medeni dynç alyş işiniň guramaçylyk, medeniýet edaralarynyň dolandyryş, maksatnamalaşdyryş işleriniň, maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdiriş meseleleriniň aýratynlyklaryny bilmegi;
  • medeni dynç alyş çärelerini guramagyň usullarynyň, medeni çäreleriň bezeg, tehniki serişdeler bilen üpjünçilik işleriniň aýratynlyklaryny öwretmegi;
  • medeni köpçülik çäreleriniň ssenariýasyny ýazmagy we režissura aýratynlyklaryny bilmegi.

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm