Sanly bilim


Innowasiýalaryň ýoly – şu günüň möhümligi
Ýurdumyzda sanly innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, bilimiň hilini dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň, ylym-bilim edaralarynyň derejesine laýyklykda özgertmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şonuň özi hem halk hojalygynyň ösüşinde sanly ulgamyň ornuny esasy orna çykarýar. Mähriban Watanymyzda belent mertebeli Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky çykaran kararynyň esasynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklandy. Bu konsepsiýanyň esasy maksady hem bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleriň peýdalanylyşyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran “Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtyny döretmek we işe girizmek hakynda” karary hem hut şu konsepsiýanyň talabalaýyk durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiliklerini giňeltdi. Netijede häzirki wagtda institutymyzyň internet saýtynyň işiniň talabalaýyk ýola goýulmagynda Türkmenistanyň bilim ministrliginiň innowasiýalar merkezi bilen utgaşykly iş alnyp barylýar.  
Institutymyzyň portaly hem bilim we innowasiýalar işini talabalaýyk guramagyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine täsir edýär. Häzirki içki torumyzyň ulanyjylarynyň sany 1873, institutymyzyň çäginde portaldan peýdalanyp bolýar. Munuň 4 sany kompýuter otagy, kitaphanada ýerleşdirilen kompýuterler niýetlenildi.  

Paýlaş

Ylym

Innowasiýalaryň ýoly – şu günüň möhümligiÝurdumyzda sanly innowasiýalaryň [...]

Sport

Innowasiýalaryň ýoly – şu günüň möhümligiÝurdumyzda sanly innowasiýalaryň [...]

Sanly bilim

Innowasiýalaryň ýoly – şu günüň möhümligiÝurdumyzda sanly innowasiýalaryň [...]

Kitaphana

Innowasiýalaryň ýoly – şu günüň möhümligiÝurdumyzda sanly innowasiýalaryň [...]

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm