Myhamanhana işewürligi kafedrasy


Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Myhmanhana işewürligi” kafedrasy  2019-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda döredildi. 

Myhmanhana işi  taýýarlygyň ugry

Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar ýurdumyzyň myhmanhana we syýahatçylyk toplumlarynda hyzmat etmek, guramaçylyk, dolandyryjylyk hem-de ylmy-barlag işlerini alyp barmak boýunça çäreleri ýokary okuw mekdebinde bilim alan taýýarlyk ugruna laýyklykda amala aşyrmak üçin taýýarlanylýar.
Olar myhmanhana we syýahatçylyk toplumlarynda, syýahatçylyk kärhanalarynda, myhmanhanalarda we ýerleşdiriş serişdeleriniň ähli görnüşlerinde, sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, ylmy-barlag edaralarynda, jemgyýetçilik guramalarynda ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar  ýokary taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini gorap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentimize wepaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar  köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Olar  ylmy we amaly taýdan düýpli taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.

Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar:

  1. önümçilik we ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  2. bazar ykdysadyýetiniň esaslaryny, Türkmenistanyň geografiýasyny, Türkmenistanyň ykdysadyýetini, halkara guramalaryny, ykdysady nazaryýeti, dünýä ykdysadyýetini, makro we mikro ykdysadyýeti, maliýe, karz we bank işlerini, buhgalter hasabatyny we auditi, halkara we hojalyk hukugyny, syýahatçylyk maksatlar bilen milli seýilgähleriň we goraghanalaryň ösdürilişini, syýahatçylyk kärhanasynyň ykdysadyýetiniň dolandyrylyşyny, myhmanhana pudagynyň statistikasyny, myhmanhanada arassaçylygy, syýahatçylyk infrastrukturasyny we ýerli meýilleşdirmäni, myhmanhanada ätiýaçlandyrylyşy we howpsuzlygy, jemgyýetçilik iýmitini we restoran işlerini, myhmanhanada maliýe hojalyk işleriniň seljermesini, syýahatçylykda maliýe hojalyk işleriniň seljermesini, restoran hyzmatlarynyň dolandyrylyşyny, köpçülikleýin çäreleriň menejmentini, syýahatçylykda ätiýaçlandyrylyşy we howpsuzlygy, halkara walýuta we maliýe gatnaşyklaryny, halkara ykdysady gatnaşyklary, syýahatçylyk ýollarynyň düzülişini, ugurlaryny we kadalaryny, myhmanhana işiniň ykdysadyýetini, myhmanhananyň maddy enjam bazasyny, syýahatçylygyň ykdysadyýetini, syýahatçylyk pudagynyň statistikasyny we beýlekileri;
  • Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hukuk esaslaryny, Türkmenistanyň “Syýahatçylyk hakyndaky” kanunyny, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, olary durmuşa geçirmekligiň ýollaryny;
  • işewür gepleşikleriň we dolandyryş psihologiýasynyň etikasyny, türkmen edebi diliniň kadalaryny, sözleýiş we ýazuw gepleşikleriniň aýratynlygyny, hünärmençilik leksikasyny;
  • standartlaşdyrmak we sertifikasiýalaşdyrmak barada esasy düşünjeleri we kesgitlemeleri;
  • myhmanhana kärhanalarynyň derejelerini we görnüşlerini, olaryň toparlara bölünişini, myhmanhana we syýahatçylyk toplumlarynyň hödürleýän netijeli hyzmatlarynyň esasy görkezijilerini;
  • habar beriş tehnologiýalarynyň esaslaryny we olary öz hünärmençilik işinde ulanmaklygy, zähmeti goramagyň, tehnikanyň howpsuzlygynyň, önümçilik sanitariýasynyň, myhmanhana hyzmatlarynyň iýmit kärhanalarynyň hem-de ýangyna garşy howpsuzlygyň kadalaryny we düzgünlerini.
Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar:

  • myhmanhana we syýahatçylyk kärhanalarynyň derejelerini we görnüşlerini kesgitlemegi;
  • myhmanhana we syýahatçylyk toplumlarynyň hödürleýän hyzmatlarynyň sanawyny üpjün etmegi, isleg bildirijilere ýokary derejedäki hyzmatlary guramagy;
  • myhmanhanalarda we syýahatçylyk toplumlarynda bolmaklygyň oňaýly şertlerini döretmegi;
  • edilýän hyzmatlaryň meseleleri boýunça isleg bildirýänler bilen utgaşdyryjy maslahatlar geçirmegi, myhmanhana hyzmatlaryny hödürlemekligi guramagy we hödürlenilýän hyzmatlaryň hiline gözegçiligi amala aşyrmagy;
  • aragatnaşyk we guramaçylyk tehnikalarynyň häzirki zaman serişdelerinden peýdalanmagy;
  • habar beriş tehnologiýalaryndan peýdalanmagy, hökmany kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny ýerlikli ulanyp bilmegi;
  • sözleýşiniň labyzlylygy, ýerlikliligi we maksadalaýyklylygy nukdaýnazaryndan seljermegi; ýatdan aýdýan we ýazmaça hödürleýän sözlerindäki ýalňyşlyklaryň üstünde işlemegi we olary aradan aýyrmagy, daşary ýurt dillerindäki sözlükler (iňlis, rus) peýdalanmagy;
  • sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, durmuşdaky we hünärindäki maksatlara ýetmek üçin bedenterbiýe-sport hereketlerinden peýdalanmagy, myhmanhana hyzmatlarynyň esasy görnüşleriniň kadalaýyn resminamalaýyn talaplaryny ulanmagy, hökmany gulluk resminamalaryny resmileşdirmegi, hünärmençilik ugry boýunça daşary ýurt dilinde (iňlis, rus) söhbetdeşlik – sowal-jogap alyp barmagy, dolandyryş usullarynyň iň amatly görnüşlerini tapmagy;
  • netijeli çözgütleri kabul etmegi, marketing barlaglaryny guramagy, myhmanhana täjirçiligi pudagynda statistikany alyp barmagy, köpçülik ýerinde oňaýly psihologiki ýagdaýy döretmegi, buhgalter hasabynyň we hasabatlarynyň maglumatlaryny öz tejribelik işinde peýdalanmagy;
  • hünärmençilik iş pursatlarynda jedelli we howsalaly ýagdaýlary dolandyrmagy;
  • okuw pursatlarynyň guramaçylygynda häzirki zaman usullaryny we ýollaryny ulanmagy;
  • hünäri bilen baglanyşykly wezipeleri çözmek üçin kompýuter tehnikalaryny peýdalanmagy;
  • öz şahsy hünärmençilik işine üýtgeşmeler girizmegi, öz hünär işlerini tankydy nukdaýnazardan bahalandyrmagy.

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm