Aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasy


Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistanda. Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda milli teatr sungatynyň häzirki zaman şertlerinde ösüş derejesi kesgitlenildi. Teatryň milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmek babatda uly özgertmeler amala aşyrylýar.

Aktýoryň ussatlygy we sahna dili

1.Aktýorçylyk sungaty (Drama we kino sungaty)
Aktýorçylyk sungaty (Drama we kino aktýory) – taýýarlygyň bakalawr ugry

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanda teatr sungatynyň pajarlap ösmegi üçin deňsiz-taýsyz alada edilýär. Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda milli teatr sungatynyň häzirki zaman şertlerinde ösüş derejesi kesgitlenildi, teatrlara bolan talap, sungatyň bu ugruny kämil derejä çykarmak, teatryň milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmek babatda uly özgertmeler amala aşyrylýar.
Teatrlar dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp binalara eýe boldy, teatrlarda işlemek üçin taýýarlanylýan hünärmenlere milli we ruhy terbiýe bermek bilen, dünýä teatrlarynyň gazananlaryny okuwa ornaşdyrmak arkaly okadylýar hem-de hünär öwredilýär.
Dramaturglary, aktýorlary, režissýorlary ösdürip ýetişdirmek, esasan, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň tassyklaýan okuw meýilnamalary esasynda alnyp barylýar. Medeniýet institutynda bu gün teatr sungaty üçin niýetlenen bakalawrlary taýýarlaýan işi maksadalaýyk ýola goýmak bilen, nazary okuw önümçilik tejribe bilen utgaşdyrylýar.
Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, teatrlara ýokary bilimli bakalawrlaryň, ýagny, drama we kino aktýorlarynyň zerurlygyny nazara alyp, drama we kino aktýorlaryny ýetişdirmek wajyp hem-de şu günki günüň esasy talaplarynyň biri hasaplanylýar.
Aktýorçylyk sungatynyň bakalawrlary ýurdumyzyň teatrlarynda, kino sungatynda, welaýat medeniýet merkezlerinde, halk teatrlarynda, sungat mekdeplerinde we başga-da birnäçe medeniýet ojaklarynda niýetlenen wezipeleri eýeläp bilerler.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini arap bilýän, Watanymyza, halkymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Hormatly Prezidentimiziň syýasatyna dogry düşünýän we ony gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahsyýet bolmalydyr.
Ilkinji nobatda bu talaplar drama we kino aktýorlaryna niýetlenendigi sebäpli, teatr we kino sungatynyň müňýyllyklara siňen taryhyny seljermegi, ony düýpli öwrenmegi we onuň şu günki meselelerini seljermegi, olaryň çözgüdi barada ylmy esasda teklip bermäge ýardam etmegi göz öňünde tutýar.
Ýurdumyzyň teatr we kino sungaty uzak hem çylşyrymly ýoly geçdi. Şu sebäpli, drama we kino aktýory taýýarlykly we hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahsyýet bolmalydyr.

Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar:

  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen umumy nazaryýet we ynsanyýetçilik dersleriniň esaslaryny;
  • önümçilik we nazary dersleriň esaslaryny;
  • teatr sungatyny öwrenmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • türkmen teatrynyň we kinosynyň taryhyny, daşary ýurt teatrlarynyň taryhyny, türkmen edebiýatyny, daşary ýurt edebiýatyny, dünýä nusgawy dramaturglaryny, kino we teleýaýlymyň taryhyny, türkmen aktýorlarynyň ömür-döredijiligini, daşary ýurt aktýorlarynyň ömür-döredijiligini, etikany, estetikany, şekillendiriş sungatyny, aýdym-sazyň taryhyny, psihologiýany, sözleýiş we dil medeniýetini, türkmen milli medeniýetini dünýä ýaýratmagyň usullaryny, daşary ýurt dilleri (rus, iňlis) öwrenmek bilen bu derslerden alan bilimini iş tejribesinde kemsiz peýdalanmak we teatr sungatynyň kämil gazananlaryny dünýä ýaýmak babatda oýlanyşykly işlemegi.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar:

Bakalawr ýokary okuw mekdebinde göz öňünde tutulan maksatnamany doly özleşdirip, ýokary bilimli drama we kino aktýory hökmünde öz işini kämil bilýän, kärini yzygiderli kämilleşdirýän, ylmy-döredijilik gözlegleri bilen döwrebap drama we kino sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly goşant goşýan edepli we zehinli şahs bolmalydyr. Ol dünýä teatr we kino sungatyndan habarly bolup, türkmen teatr we kino sungatynyň äleminde öz döredýän keşpleri bilen eziz Watanymyzda bolup geçýän özgertmeleri işeňňir wagyz etmelidir.
  • drama we kino aktýorlary özboluşly keşpleri döretmegi;
  • awtorlar, ýazyjylar bilen döredijilikli işlemegi we onuň netijesinde öz döredýän keşpleriniň doly çözgüdini bilmegi;
  • režissýor bilen täze goýulýan spektaklyň sahna çözgüdini tapmagy;
  • teatryň döredijilik babatda alyp barýan işlerini gazet-žurnallarda, teleradioýaýlymlarda, tomaşaçylar köpçüliginiň arasynda wagyz etmegi başarmalydyr.

Aktýoryň ussatlygy we sahna dili

2. Drama režissurasy
Drama režissurasy – taýýarlygyň bakalawr ugry

Häzirki zaman ösüş şertlerinde drama teatryna bolan talaplaryň artmagy bilen sungatyň bu ugruny kämil derejä ýetirmekligi, teatr sungatynyň milli we nusgawy aýratynlyklaryny kemala getirmekligi, ýurdumyzda drama teatrynyň režissýoryna bolan zerurlygy nazara alyp, ýokary bilimli bakalawrlar bilen üpjün etmekligi maksat edinýär.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini gorap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Bakalawr köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplan ylmy maglumatlaryny işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Bakalawr düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.
  • taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça taýýarlanylan okuw meýilnamasyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen umumynazaryýet we ynsanyýetçilik dersleriň esaslaryny;
  • önümçilik we ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • režissura sungatynyň ähli usullaryny;
  • režissuranyň esaslaryny, türkmen we daşary ỳurt teatrynyň taryhyny, döredijilik psihologoỳasyny, sahna dilini we sözleỳiş medeniỳetini, sahna hereketini we söweş sungatyny, teatryň işini guramagy, teatryň enjamlaryny, sungat bezeglerini, aỳdym we sazy, şekillendiriş sungatyny, bütindünỳä sungatyny, türkmen we daşary ỳurt dramaturgiỳasyny, kino we teleradionyň taryhyny, daşary ỳurt dilleri bolan rus, iňlis dillerini we beýlekileri.
 Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar

Bakalawr zehinli, pikirlerini çeperçilik serişdelerine ýugrup, dogry logiki pikir yzygiderliligi esasynda tomaşaçylara ýetirip bilýän, ýokary adamkärçilik taýdan tapawutlanýan, talap ediji şahs bolmak ugrunda irginsiz zähmet çekmeli;

  • ýurdumyzda Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatlary bilen aýakdaş gitmegi;
  • Hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat, şol sanda teatr işgärlerine berýän sargytlaryndan ugur alyp döredijilikli zähmet çekmekligi;
  • drama teatrynyň režissýory hünärine aşa zehinli, gizlin-syrly işleýän, işinde diýjek bolýan pikirini öňe sürüp bilýän ajaýyp hünärli adam bolmaklygy;
  • drama teatrynyň režissýory Türkmenistanyň teatrlarynda işlemäge mynasyp ylymly-bilimli hünärmenleri, wagyzçylary taýýarlamak üçin dersiň okadylyş usullaryny düzmekligi;
  • teatrda pýesany sahnalaşdyrmaklygy;
  • dramaturglar bilen işleşmekligi;
  • teatryň ähli hünärmenleri bilen işleşmegi:
  • teatryň enjamlaryny örän gowy bilmegi we olary aỳawly ulanmaklygy;
  • teatryň administratiw işgärleri bilen işlemekligi;
  • sahnalaşdyrỳan pýessasynyň diline örän oňat düşünmekligi;
  • teatryň binasynyň gurluşyny bilmekligi;
  • teatryň bölümçeleriniň etmeli işlerini bilmekligi;
  • teatryň içindäki tertip düzgünleri ýola goýmaklygy;
  • teatryň döredijiligini wagyz etmek ỳaly işleri başarmaklygy.

Aktýoryň ussatlygy we sahna dili

3. Dramaturgiýa
Dramaturgiýa – taýýarlygyň bakalawr ugry

Häzirki zaman ösüş şertlerinde türkmen milli teatr, kino we telewideniýe sungatlarynyň alyp barýan işlerine bolan talaplaryň artmagy bilen sungatlaryň bu ugurlaryny has kämil derejä ýetirmeklik, ýurdumyzyň teatrlaryna, kino sungatyna we teleýaýlymlaryna dramaturg–ssenariýaçylaryň zerurlygyny nazara alyp, ýokary derejeli bakalawrlar bilen üpjün etmekligi maksat edinýär.
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar ýokary hünär taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini gorap bilýän, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentimize wepaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň talaplaryna, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň syýasatlaryna dogry düşünýän we olary gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Bakalawr köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksadaokgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplan ylmy maglumatlaryny işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Bakalawr düýpli ylmy we amaly taýdan taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.

Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar

  • taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça taýýarlanylan okuw meýilnamasyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen umumynazaryýet we ynsanyýetçilik dersleriň esaslaryny;
  • önümçilik we ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • teatr, kino we telewideniýe sungatlaryny öwrenmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
  • dramaturgiýa we ssenariýa ussatlygyny;
  • türkmen dramaturgiýasynyň taryhyny;
  • edebiýatyň nazaryýetini;
  • drama, kino we TW dramaturgiýasynyň ussatlygyny;
  • žurnalistikany;
  • kino we telewideniýäniň, sungat bezegleriniň taryhyny, sazyň taryhyny;
  • sözleýiş we dil medeniýetini;
  • prodýuserçilik we menejmenti;
  • dünýä klassyk dramaturglary, režissura we aktýorçylyk sungatynyň esaslaryny;
  • daşary ýurt we türkmen teatrynyň taryhyny we beýlekileri.
 
Taýýarlygyň bakalawr ugry boýunça bilim alan talyplar dramaturgiýa we ssenariýa ussatlygy hünärine zehinli, pikirlerini çeperçilik serişdelerine ýugrup, dogry logiki pikir yzygiderliligi esasynda okyjylara we tomaşaçylara ýetirip bilýän, ýokary adamkärçilik taýdan tapawutlanýan, talap ediji şahs bolmak ugrunda irginsiz zähmet çekmeli;
  • ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatlary bilen aýakdaş gitmegi;
  • Hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat, şol sanda teatr, kino we telewideniýe işgärlerine berýän sargytlaryndan ugur alyp, döredijilikli zähmet çekmekligi;
  • döwrebap temalar esasynda kämil pikirleri öňe sürýän kämil eserleri döretmekligi;
  • milli we daşary ýurt teatr, kino we telewideniýe sungatlarynyň taryhyny bilmekligi;
  • dramaturgiýanyň kanunlaryndan ussatlyk bilen baş alyp çykmagy;
  • ssenariýalaryň ýazylyş prosesini guramaklygy;
  • döredijilik toparynyň beýleki agzalary bilen döredijilikli işlemek we onuň netijesinde ýokary çeperçilikli eserleri döretmekligi;
  • režissýorlar bilen täze sahnalaşdyryljak eseriň döwrebap sahna çözgüdini tapmaklygy;
  • teatryň, kinonyň we telewideniýanyň döredijiligi barada gazet–žurnallarda, teleradioýaýlymlarda, tomaşaçylar köpçüliginiň arasynda wagyz etmekligi.

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm