Sport


Sport – sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly we öňdengörüjilikli durmuş syýasatynyň amala aşyrylmagynyň netijesinde ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän ajaýyp binalaryň  esasy aýratynlygy olarda sport bilen meşgullanmaga döredilen mümkinçiliklerden ybaratdyr. Gözel paýtagtymyzyň owadan künjeginde ýerleşýän Türkmen döwlet medeniýet institumyzyň sport merkezi hem şonuň aýdyň mysaly bolup durýar. Sport merkeziniň woleýbol, basketbol, türgenleşik, göreş  zallarynda talyplaryň we institutyň mugallymlarynyň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler bar. Şonuň özi hem institutyň çäklerinde dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilmeginiň esasy sebäbidir. 2020-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän uniwersiadada futbol boýunça bäsleşikoýunlary institutymyzda geçirildi. Institutyň topary III orna mynasyp boldy. Şol ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen bäsleşikde institutyň topary II orny eýeledi. Uly sport meýdançasynda baýramçylyk dabaralary mynasybetli dürli sport çäreleri guralýar. Ýurdumyzda sportuň gandbol görnüşi boýunça sport ussatlygyna dalaşgär Döwlet Aşyrow ýaly hünärmenleriň birnäçesi sporta bolan söýgini terbiýelemäge   saldamly goşantlaryny goşýarlar. 2012-nji  ýylda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Aziýanyň çäginde geçirilen ýygyndy sport toparlarynyň arasynda biziň milli toparymyz III ýeri eýeläp, tälimçi Döwlet Aşyrow hem şol toparda çykyş etdi.  

Begmyrat Balakaýew, Institutyň sport klubunyň ýolbaşçysy

Paýlaş

Ylym

Sport – sagdyn ýaşaýşyň gözbaşyBerkarar döwletimiziň bagtyýarlyk dö [...]

Sport

Sport – sagdyn ýaşaýşyň gözbaşyBerkarar döwletimiziň bagtyýarlyk dö [...]

Sanly bilim

Sport – sagdyn ýaşaýşyň gözbaşyBerkarar döwletimiziň bagtyýarlyk dö [...]

Kitaphana

Sport – sagdyn ýaşaýşyň gözbaşyBerkarar döwletimiziň bagtyýarlyk dö [...]

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm