Milli Liderimiziň umumy sapagy – nusgalyk tejribe, ylmy-terbiýeçilik binýady

365
   Wagtyň geçmegi bilen, ylym-bilimiň ösüşleri ýokary netijelere iterýär. Şonuň üçinem, bizi üstünlikli geljege ruhlandyrýan çeşmäniň möhümligini hiç bir zat bilen deňäp bolmaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 1-nji Sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren umumy okuw sapagy biziň üçin şolar ýaly gymmata eýedir. Bu taryhy waka biziň her birimiziň kalbymyzda egsilmez buýsanjy döretdi. Watany söýmegiň ylham berýän akabasy boldy. Şol taryhy pursatyň hakydalarda galdyran täsiri geljekde ýaşlaryň durmuş akymynda has ynamly hereket etmegine itergi berer diýip ynanýarys. Şular hakyndaky joşgunly pikirleri paýlaşmak üçin guralan telesöhbetdeşlige ýaşlar bilen birlikde halypa mugallymla rhem gatnaşdy. Institutyň “Rejeleýiş we arhiw işi” kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Maral Hojagulyýewa, “Medeni guramaçylyk işi” kafedrasynyň mugallymy Aýgözel Meredowa çykyş edip, Milli Liderimiziň umumy  sapagynyň mugallymçylyk-terbiýeçilik işindäki gymmatyny aýratyn bellediler. “Gahryman  Arkadagymyzyň ýaşlara öwüt-ündewleri biziň her birimiz üçin hem durmuşyň gymmatly tejribesidir” diýip, ýaşlara sargytlaryň her biri barada aýratyn gürrüň etdiler. 
   Milli Liderimiziň umumy sapagynda ýaşlara beýan eden sargytlarynyň manysy “Ömrümiň manysynyň dowamaty” kitabyna salgylanmak bilen,  has çuň hem-de täsirli teswirlenildi.  Bu kitabyň terbiýe bilen baglanyşykly ylmy-amaly netijesi umumy sapagyň mazmunyna ornaşyp, şunuň özi watançylygyň hem egsilmejek çeşmesidir diýip, çykyş edenler bellediler. 
   Institutyň “Dramaturgiýa” hünäriniň talyby Ylham Akmämmedow öz ýürek sözlerini şygyr bilen beýan etdi. Ýaşlaryň Milli Liderimize bolan uly hormatynyň we ynamynyň hiç haçan synmajakdygyny ynamly belläp, gymmatly, dana pikirleri watançylyk söýgüsiniň dowamy hökmünde häsiýetlendirdi. Tegelek stol söhbetdeşligini institutyň Teatr sungaty fakultetiniň Teleradio gepleşikleri alyp barmak hünäriniň 4-nji ýyl talyby Gynna Atdaýewa alyp bardy. 
Meredowa Aýgözel, 
Medeniýeti öwreniş
kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm