Garaşsyzlyk bilen buýsançly gadamlar

920
   Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtydyr» diýen ganatly sözlerinden her bir ynsan  ruhlanýar. Şeýle ruha beslenen institutymyzyň professor mugallymlary, talyp ýaşlary hem baýramçylyga döredijilik ruhunda  ynamly gadamlar bilen barýar.   
   Sahna çykyşlary bilen bir hatarda mukaddes Garaşsyzlygymyzdan söz açýan  telegepleşikler hem yzygiderli taýýarlanyp halk köpçüligine ýetirilýär. Şeýle asylly ýörelgeler döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hem alnyp barylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr gymmatyndan, ýetilen belent sepgitlerden söz açýan aýdym-sazly telegepleşigiň ýazgy edilmegi, onda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary Guwançmyrat Amangeldiýew, Bägül Annabaýewa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Agajan Açylow, Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Bahar Magtymowa  ýaly mugallymlaryň çykyşlary gyzykly we täsirli boldy. Gepleşikde Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünliklerden giňişleýin söz açyldy. Ýerine ýetirilen aýdymlar bolsa, Garaşsyzlyk mukamy bolup ýaňlandy.


Täçnabat IGDIROWA, 
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm