Döredijilikli zähmetimiň netijesi
939 Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ömür ýoluny döredijilige baglan biz ýaşlara döredilýän mümkinçilikler kän. Olaryň sanawyna iki eliň barmaklary-da ýetmeýär. Elbetde hemmämiziň bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherinde geçen umumy sapagynda belleýşi ýaly, türkmen halkynyň şanly seneleridir baýramlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünliklerimiziň, rowaçlyklarymyzyň beýanydyr. Bagtyýar halkymyz her bir baýramyny şowhunly, ýokary ruhda belleýär. Bu ezelden gelýän taryhyň üýtgewsiz hakykatydyr. Şeýle hakykatyň barlygynda biz ýaşlar hem gözel Diýarymyzyň goýnunda kämil bilimiň eýesi bolýarys. Ýaşlar her bir döwletiň hereketlendiriji güýjidir. Ol güýç her bir ýurduň ähli ugurlaryny kämilleşdirmekde esasy sütün bolup hyzmat edýär. Şol güýç milletiň ruhy daýanjy bolmak bilen, ykbalyň sahypalaryna şol milletiň adyny ýazdyrmaga haklydyr. Onuň üçin bolsa biz ýaşlar saýlap alan hünärimiziň kämil eýesi bolup, ýurdumyzyň ösüşlerine özümiziň mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys.
Toýlary goşadan gelýän türkmen halkymyzyň her bir güni şatlyk-şowhuna baý. Ynha, ýakynda geçen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuny başlap berdi diýsek hakykatdan daş düşmeris. Şeýle toýly günleriň birinde hormatly Prezidentimiziň biz ýaşlar hakyndaky ajaýyp başlangyçlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Adalat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Watanymyzda gazanylýan üstünliklerimizi wasp etmek boýunça hukuk goraýjy edaralarynyň hünärmenleriniň, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Döredijilikli zähmetimiň netijesiniň has nusgalyk bolandygyny aýratyn belläsim gelýär.
Goý, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, mertebeleri müň keren zyýada bolsun!
Begenç Annaýew,
Türkmen döwlet Medeniýet
institutynyň 3-nji ýyl talyby