AÝDYMÇY – BAGTYÝARLYGYŇ WASPÇYSY

448
   Türkmen däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny aýratyn bir şahandazlyk bezeýär. Şonuň özi toý däp-dessurlary bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Toýlaryň bolsa, bezegi şirin owazly bagşylar bolup, häzirki döwürde türkmen bagşyçylyk sungaty häzirki zaman aýdym-sazlarynyň dürli görnüşleriniň esasynda baýlaşýar, täze öwüşgine eýe bolýar. Şeýle köplere ýaraýan, göwne ýakymly aýdym-sazlary bilen il-günümize hezil berýän zehinli, ýaş sungat ezberleriniň birnäçesi Türkmen döwlet medeniýet institutynda bilim alýarlar. Şolaryň biri hem “Medeni miras” fakultetiniň “Çeper höwesjeňleriň aýdym-saz toparyny döretmek we dolandyrmak” taýýarlygy ugrunyň 1-nji ýyl talyby Serdar Çaryýewdir. Bu ýaş aýdymçyda sungata söýgi ýetginjeklik ýyllarynda başlandy. Onuň aýdymlarynda Köpetdagyň beýik gerişleri ýaly belent äheň, çasly çaýlary ýatladýan joşgunlylyk, Garagumyň ümsüm depelerine mahsus agraslyk duýulýar. Iň esasan hem türkmen aýdym-saz sungatynda at galdyran ussatlaryň dowamatynyň dowamdygyny aýdymçynyň owazy mälim edýär. “Miras” teleýaýlymynyň muşdaklary özleriniň söýgüli aýdymçylary hakynda heniz eşitmedik maglumatlaryny eşitdiler. Aýdymçynyň sungat älemine gadam basmagynyň ilkinji ädimleri bilen tanyş boldular. Şeýle gepleşikler institutyň talyplary üçin tejribe sapagy bolýar. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mekdebidir. 
   Häzirki döwürde ýurdumyzda toý-baýramçylyklarda ýaş aýdymçy-sazandalar uly ruhubelentlik bilen çykyş edýärler. Aýdym-sazlarda eziz Diýarymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözleri belentden ýaňlanýar.

Gynna Atdaýewa,
Türkmen döwlet medeniýet
institutyň Teatr sungaty
fakultetiniň 4-nji ýyl talyby

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm