Şahyrana söhbet

185
   Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli halypa mugallymlaryň we “Şirwan perdeler” bagşylar toparynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly döredijilik söhbeti guraldy. Döredijilik söhbeti bilen utgaşykly Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýerleşdirilen, şeýle-de akyldaryň döredijiligine bagyşlanan eserleriň sergisi guraldy. Sergide amaly-haşam sungatynyň önümlerine-de giň orun berildi. Aýdym-sazly döredijilik söhbeti “Miras” teleýaýlymyna ýazgy edildi. Ýazgy etmäge institutyň Kino we teleradio sungatlary, režissura kafedralarynyň mugallymlary, talyplary işjeň gatnaşdylar. Döredijilik söhbetinde Türkmenistanyň halk artisti, uly mugallym Muhammetguly Kasymow, mugallym, aktýor Handurdy Gurbanow, uly mugallym, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Sähragül Janmämmedowa, mugallym Gülşat Pirjanowa dagy çykyş etdiler.

Sähragül Janmämmedowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
uly mugallymy sungaty öwreniş
ylymlarynyň kandidaty

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm