TÄSIRLI MASLAHAT

167
   Şu gün Türkmen döwlet medeniýet institutynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly kitabyna bagyşlanan maslahat bolup geçdi. Bu maslahatda institutyň ýaş mugallymlary çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň ýaşlara has aýratyn sowgat bolandygyny bellediler. Çykyşlarda täze kitabyň bölümleriniň her biri boýunça aýratyn söhbet edildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ulsumyza sowgat eden ilkinji kitabyndaky: «Bu kitabym eziz Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidi ugrunda bilelikde öňe ilerletmekde her birimize goldaw berer, gollanma bolar diýip umyt edýärin» diýen sözleriniň ýaşlaryň ýüreginde uly orun alandygy çykyşlarda has aýdyň göründi. Institutyň teatr fakultetiniň mugallymy Sady Atabaýewiň buýsançly sözleri ýaşlar tarapyndan uly el çarpyşmalar bilen kabul edildi. Institutyň öwreniji mugallymy Resul Hojaniýazow, medeni miras fakultetinden Ç. Pürsýanow, kitaphana fakultetinden A. Agabaýewa dagylar hem çykyş edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly kitabynyň nusgalyk orny barada bellediler. Kitapda ýerleşdirilen «Sözbaşy», «Beýik işlere çakylyk», «Nurana geljegiň aladasynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasatymyzyň esaslary», «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy», «Ýaşlar bilim ulgamynda», «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly», «Ýaş türkmen zenanlary – Berkarar döwletiň mertebe tugy», «Sanly dünýä: ýaşlar, ösüş, geljek»  bölümlerinde syýasy-jemgyýetçilik ösüşleriniň belli bir ugry hakynda söz açylýar.  Syýahatçylyk fakultetinden A. Durdyýewiň geljegiň maksatlaryny açyp görkezýän çuňňur mazmunly eseri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdan alkyş sözleri ýaşlar tarapyndan dillerde sena boldy. Şol joşgunly sözler hem institutyň döredijilik toparlarynyň täsirli çykyşlary bilen has-da uludan dabaralandyryldy. Teatr fakultetiniň 1-nji ýyllyk talyby D. Derýagulyýewa öz çykyşynda täze kitabyň ynamly ýaşamakda egsilmez çeşmedigi hakynda aýdanlary  ýaşlarda uly täsir galdyrdy. 
   Dabaraly hoşallyk maslahatynyň ahyrynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş sözleri beýan edildi.

Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň Jemgyýeti öwreniş
ylymlary kafedrasynyň müdiri,
Bägül Annabaýewa

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm