Bäsleşigiň ýeňijileri
555 Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şeýle ajaýyp setirleri bar: “Yhlas bilen bir maksada baş goýan, Ýeter maksadyna, ýetmeýen galmaz.” Maňa hem şu gün (16.02.2024ý) Ýurdumyzyň dramaturglarynyň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşigine “...Ýegdir, galsa ýagşy at” atly pýesam bilen gatnaşyp, baýrakly oruna mynasyp bolmak miýesser etdi. Ine, bu günki gün şol arzuwymyň hasyl bolanyna diýseň begenýärin. Öňden bäri gaýta-gaýta aýdylyp gelinýän bir aýtgy bar “Ynsanda 2 göterim zehin bolany ýeterlik, galan 98 göterimini zähmet bilen dolduryp bolýar”. Talyplarynda ujypsyzja zehin görüp, onuň üstüni öz zähmetleri bilen doldurýan Türkmen döwlet medeniýet institutymyzyň halypa mugallymlaryna, esasan hem halypa mugallym Aýna mugallyma köp sag bolsun aýdýaryn. Bu begençli pursatda, bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimden köp sagbolsun aýdýaryn! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan işleri mundan beýläk hem pajarlap össün!
Käbe Sarenko
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Teatr sungaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby