«PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» atly döredijilik festiwaly

270
   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň  döredijiligine bagyşlanan giň göwrümli medeni-köpçülik çäreler ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwaly Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Biziň dilimiz ähli türki halklar üçin düşnükli bolmak bilen, ol öz tebigaty boýunça dünýäniň esasy dilleriniň hatarynda durmaga mynasypdyr. Ene dilimizi şeýle derejä çykarmagyň ýollaryny beýik akyldarymyzdan öwrenmelidiris... Beýik akyldar Magtymguly özüniň ajaýyp eserleri bilen türkmen dilini we edebiýatyny täze belentliklere göteren ussatdyr» diýip belleýär. Şahyryň sarpasy bu ýyl has belentden tutulýar. Muňa ýaşlaryň arasynda geçirilýän şu döredijilik festiwalynyň özi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen festiwalda «Magtymguly Pyragy» edebi-sazly çykyş hasda täsirli boldy. «Owaza öwrülen şygyrlar», «Pyragynyň waspy ýaşlaryň dilinde», «Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi» ýaly çykyşlar festiwalyň şowhununy  hasda  artdyrdy. Festiwalyň ahyrynda oňa gatnaşanlar  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlara okamaga, döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýtdylar.

Guwançmyrat Amangeldiýew
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
medeniýeti öwreniş kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm