MIRASY ÖWRENIJILERIŇ BÄSLEŞIGI

267
   2024-nji ýyl Pähim paýhas ummany-Magtymguly Pyragy ýyly diýlip  atlandyrylmagy özboluşly çuň many-mazmuna eýedir. Şu ýylda adamzat taryhynda özüniň öçmejek yzyny galdyran Gündogaryň  beýik akyldar  şahyrynyň 300 ýyllyk şanly toýy tutuş ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýär. Mundan başga-da diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýäniň birnäçe ýurtlarynda Magtymguly Pyragy hem-de onuň döredijiligi bilen baglanyşykly dabaralardyr çäreler, ylmy maslahatlar yzygiderli guralýar.
   2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet Medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň hem-de institutymyzyň Ilkinji ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda şol kafedranyň muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak, arheologiýa, rejelemek işi hünärleriniň talyplarynyň arasynda Magtymguly Pyragy we milli mirasymyz atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik Döwlet Medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy binasynda  ýokary derejede guraldy. Halkymyzyň taryhy hakydasyny özünde jemleýän bu muzeýde Magtymguly Pyraga bagyşlanan bir ýyllyk serginiň döredilmegini aýratyn belläp geçmelidiris. Ajaýyp görnüşde  geçirilen bäsleşikde talyp toparlary üç tapgyrda öz zehin başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşik diýseň çekeleşikli we gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Talyplar Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly sowalnamalara  jogap berdiler şahyryň goşgularyny çeper  keşpde ýerine ýetirdiler. Biri-birinden ukyply, çuňňur taýýarlykly toparlaryň arasynda ýeňiji bolan topara hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Mundan başga-da bäsleşige işjeň gatnaşan talyplar institutyň Ilkinji ýaşlar guramasy tarapyndan taýýarlanan ýörite sowgatlar bilen sylaglanyldy. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlarda milli we ruhy gymmatlyklarymyza bolan söýgini oýarmakda ähmiýeti örän uly bolup durýar. Halkymyz üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza , Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, belent başlary aman bolsun!


Oraz Myradow
Kitaphanaçylyk fakultetiniň
4-nji ýyl talyby

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm