DÖREDIJILIK ÄGIRDINE ULY SARPA

56
   Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler ýurdumyzda baý mazmuna eýe bolýar. Paýtagtymyzyň ileri künjünde, Köpetdagyň belentliginde açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylmagy bolsa, medeniýet ulgamynyň ösüşiniň taryhynda haýran galdyryjy täzelikdir. Bu barada ýurdumyzyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň hem habar beriş serişdelerinde  habar berildi. Köpetdagyň gerşinden – beýiklikden öz ile nazar aýlaýan Pyragynyň keşbi söz sungatynyň we paýhasyň  bakylygyny kalbyňa salýan beýiklik bolup hakydaňda orun alýar. Köpetdagyň belentliginde açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylan gününden bäri hem bu ýere ildeşlerimiz buýsanç bilen gelýärler, şahyryň  ýadygärligini synlaýarlar. Bu künjekde ýüregiňi joşduryjy, göwünleri ganatlandyryjy pikirler hyýalyňa gelýär. Şahyryň ýadygärlik heýkeli ähli il-ulsumyz üçin paýhasyň we çeper sözüň bakylygyny alamatlandyrýar.
   Institutymyzyň mugallymlarynyň, talyplarynyň «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna guran döredijilik gezelençleri hem diýseň täsirli boldy. Dabarada aýdym-saz ýaňlandy, şahyryň sungatdaky orny hakynda söhbet alşyldy. Bu döredijilik gezelenjine Türkmenistanyň halk artistleri Muhammetguly Kasymow, Näzik Gurbanowa, Geldi Myratnazarow, şeýle-de alypbaryjylyk sungatynyň syrlaryny talyplara öwredýän mugallym Handurdy Gurbanow, muzeý öwreniş boýunça hünärmen-mugallym Maral Hojagulyýewa dagy gatnaşdyrlar. 
   «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy döredijilik bilen meşgullanýan diňe bir halypalaryň däl, eýsem ýaşlaryň  hem togaply künjegine öwrülýär.

Bägül ANNABAÝEWA, 
Türkmen döwlet medeniýet 
institutynyň mugallymy.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm