FESTIWALDAN ÝAÝRAÝAN ÝALKYM

74
   Bilşimiz ýaly, her ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän “Talyp joşguny – 2024” döredijilik festiwaly hem bu ýyl institutymyzda giňden ýaýbaňlandyryldy. Golaýda institutymyzyň çäginde geçirilen festiwal turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa institutymyzyň halypa mugallymlarydyr bagtyýar talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň şirin şygyrlary öz beýanyny tapdy. Galyberse-de çeper okaýyş sahnalarynda hem akyldarymyzyň goşgulary labyzly okamak bilen tomaşaçylara ýetirildi. Ýatdan çykmajak duýgulary oňa gatnaşyjylara paýlamagy başaran talyplarymyz öz gezeginde ýurdumyzyň ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk işlerini wasp edýän jemleýji sahnadaky ýerine ýetirilen aýdymda ör turup alkyşladylar.

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň talyby.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm