«DIALOG» HALKARA DISKUSSIÝA KLUBYNYŇ MASLAHATY
212 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasyny mugallymy Annagözel Hallyýewadan, Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi Rüstem Hojageldiýewden we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymyndan
ybarat bolan pedagogik işgärleriň topary Suzdal şäheriniň 1000 ýyllygy
mynasybetli «Dialog» Halkara Diskussiýa klubynyň «Medeni
mirasyň goralyp saklanmagy döwletliligi
berkitmegiň faktory hökmünde» atly Ikinji
maslahatyna gatnaşdylar. Türkmen toparynyň çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda
uly gyzyklanmalary döretdi.
Bu
klub Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky halk hojalygy we dowlet dolandyryşy Russiýa akademiýasynyň
Wladimirdäki şahamçasynyň teklibi bilen 2022-nji ýylda döredilipdi.
Klubuň birinji doly görnüşli maslahaty 2023-nji
ýylyň 14-nji iýulynda Wladimirde geçdi.
Maslahatda ilatyň ýaşaýyş-derejesini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp
maslahatlaşylypdy. Maslahata 4 döwletiň wekili
gatnaşyp, oňa rus we halkara jemgyýetçiligiň gyzyklanmalary ýokary bolupdy.
Bu ýylda bolsa, forumyň işine 11 ýurtdan wekiller gatnaşdylar: Hindistan, Hytaý
Halk Respublikasy, Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasy, Azerbaýjan, Gazagystan,
Belarus, Täjigistan, Kamerun we Türkmenistan. Maslahatda onlaýn tertipde
Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň wekilleri hem çykyş etdiler.
Maslahatyň
geçen sebitinde klubuň esasy hemaýatkärleriniň biri, şeýle-de iri kärhanalar
toplumy bolan «Владимирский стандарт» birleşiginiň işi bilen tanyşlygyň
barşynda ýatdan çykmajak duşuşyklaryň, söhbetdeşlikleriň birnäçesi bolup geçdi.
Şunuň bilen birlikde, sebitiň iň owadan obasy diýip 4 gezek ykrar edilen Usolýe obasyna syýahat
üýtgeşik täsirleri peşgeş berdi. Obalylaryň öz güýjüne ata mesgenini bezemegi, şatlyk
bilen myhmanlary kabul etmegi örän täsirli boldy.
Ertesi gün dabaraly çäreleriň meýilnamasyna
laýyklykda, 1000 ýyllyk senesini belleýän Suzdal şäherine gezelenç
amala aşyryldy. Şäheriň rus nejçarçylygyna
muhsus binagärlik medeniýeti ýatdan çykmajak
duýgulary paýlaýar. Türkmenistanyň bilim işgärlerine dünýäniň täsin künjekleri
bilen tanşyp, öz milli medeniýetimizi dünýä tanatmaga döredip berýän giň
mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza
hoşallygymyz bimöçberdir.
Ogulsona
GOJAÝEWA,
Türkmen döwlet medeni institutynyň
maglumat ulgamlary kafedrasynyň müdiri.