ILKINJI KEŞBIM BILEN SAHNADA

221

Sungatyň, döredijiligiň yşkyna düşüp
ýaşamak her bir ynsana miýesser etmeýär. Sungat diýen täsin jadylaýjy dünýäniň
goýnunda ýaşamak şeýle bir lezzetli... Esasan-da, teatr sungaty bilen içgin
gyzyklanyp, sahnanyň jadysyna ýüregiň bilen berilmek üýtgeşik duýgulary peşgeş
berýär. Halypalaryň beren maslahatlaryny ýerlikli peýdalanmak bilen irginsiz
zähmet çekip, sahnada döreden keşbim maňa döredijilik ýolunda barha ilerlemäge
uly goltgy boldy. Esasy işimiň daşyndan teatr sahnasynda goýulýan sahna
eserlerinde çykyş etmek höwesi döredi. Meniň şol arzuwum hem hasyl boldy. Teatr
sahnasynda goýulýan spektakllarda çykyş etmek maňa-da miýesser etdi. Höwesjeň
artist hökmünde men sahnada keşp janlandyrdym. Ol keşp – şeýle bir üýtgeşik
täsirli we özüniň agramlylygy bilen tapawutlanýan keşpleriň biri. Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berlen Arkadag şäheriniň Aman
Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda Gowşutgeldi Daňatarowyň  Abdylazyz Rejepow bilen bilelikde ýazmagynda
sahnalaşdyrylan bu sahna eseri özüniň aýratynlygy hem özüne çekijiligi bilen
tapawutlanýar. Bu eseri sahnalaşdyran ýaş režissýor Bagtyýar Abaýew. Režissýor bu
esere özboluşly çemeleşmek bilen sahnada işlände irginsiz zähmet çekip, öz ukyp-başarnygyny
görkezdi.



Bu sahna eseri ýurdumyzda ýyllardan-ýyllara
yzygiderli bellenip gelýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly
Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna
bagyşlanyp goýuldy. Sahna eseriniň goýulmagy ilkinji gezek Arkadag şäherinde
Medeniýet hepdeliginiň bellenýän ýylynda biz – ýaş sungat işgärlerini,
mugallymlary örän buýsandyrýar.



 «Älem Nury»
spektaklynda baş keşpleriň biri bolan Meňliniň keşbini ýerine ýetirmek maňa ynanyldy.
Meňliniň  keşbi liriki žanra degişli
bolup, ol özüniň söýgüli ýaryna duşup bilmeýär. Dogrusy, şu keşp maňa
ynanylanda, ilkibada, aljyrap tolgundym. «Şeýle baş keşbi men nähili
janlandyraryn, adamlaryň aňynda mäkäm orun alan Magtymguly Pyragynyň söwer ýary
Meňliniň keşbini gowy ýerine ýetirerinmi ýa bar zady biderek edermikäm» diýen
jümleler aňymy gurşap aldy. Ussat şahyryň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli,
dünýäde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet
drama teatrynda şahyryň  hormatyna
ilkinji sapar goýlan bu sahna oýnunda höwesjeň artist bolmagyma garamazdan,
maňa şeýle jogapkärli keşbiň ynanylmagy sungata, döredijilige bolan höwesimi
artdyrdy. Sahna oýnuna taýýarlyk görülýän pursatlarda režissýorymyzyň,
halypalarymyzyň beren maslahatlary maňa uly goldaw boldy. Spektaklyň ilkinji
görkezilişi bolan güni özümde bolup geçen tolgunmalary dil bilen aýdyp jemlär
ýaly däl. Spektaklyň ahyrynda tomaşaçylaryň ör turup gyzgyn el çarpyşmalar
bilen meniň ujypsyzja çeken zähmetimi, döreden keşbimi garşylamagy diýseň
buýsançly boldy. Ol gün şeýle bir ajaýypdy, täsindi. Spektaklda baş keşbi,
ýagny Magtymguly Pyragynyň keşbini janlandyran Didar Kowusow hem özüniň
ýaşlygyna garamazdan, Magtymguly Pyragynyň keşbini şeýle ussatlyk bilen
janlandyrdy. Onuň bilen bilelikde ýerine ýetirýän sahnalarymyzda hem işlemek
gyzykly boldy. Bize şeýle ajaýyp keşpleri döretmekde, medeniýetimizi,
sungatymyzy ösdürmekde ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza,
Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunymyzy aýdýarys.
Jeren ÇÄŞEMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
režissura kafedrasynyň mugallym öwrenijisi.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm