BIRAÝLYGA BAGYŞLANDY
191 Ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dürs berjaýetmek üçin sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy»
atly sözbaşy bilen ýurdumyz boýunça geçirilýän biraýlygyň çäklerinde biziň
institutymyzda hem wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň
jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň işgärleri bilen birlikde, harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşyp, biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreleriň
manysyny düşündirdiler. Şolar bilen baglylykda, olaryň gürrüňleri, esasan ýol
hereketiniň düzgünlerini düşündirmek, şeýle-de ýol-ulag hadysasyna sebäp bolýan
säwlikler we öňüni almagyň tertipleri bilen baglanyşykly boldy. Çykyşlar talyp
deň-duşlarymyzda aýratyn täsir galdyrdy.
Aknur MYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet intitutynyň 4-nji ýýyl talyby.