ASUDA WATANDA BAHAR BAÝRAMY
459921-nji martda ýurdumyzda indi ençeme ýyl bäri ýerine ýetirilýän däbe görä,
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň we Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň
bilelikde guramagynda dabaraly çäre geçirildi. Bu baýramçylyk dabarasynda milli
amaly-haşam sungatynyň eserleri, senetleriň birnäçe görnüşleri görkezildi.
Sungat eserleriniň ýasalyş aýratynlyklarynyň hem görkezilmegi dabara gelenleriň
ünsüni hasda özüne çekdi.
Tutuşlygyna millilige ýugrulyp, taryhymyzyň mukaddesliklerini,
ajaýyplyklaryny şöhlelendirýän joşgunly dabaranyň çäklerinde Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň «Medeni gymmatlyklary
rejeleýiş we muzeý işi» kafedrasynyň senetçilik, hünärmentçilik bilen
meşgullanýan talyplarynyň işleriniň ýaýbaňlandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýe
boldy. Şaý-sepleriň täsin nusgalaryny döredýän talyp zergärleriň we
külalçylaryň eserleri nepisligi, ýokary estetik-çeperçilik aýratynlyklary bilen
tapawutlanýar. Halkymyzyň bu sungaty taryhyny müňýyllyklardan gözbaş alýar,
muňa alymlaryň ýurdumyzyň çäklerinde ýüze çykaran arheologik tapyndylary hem
şaýatlyk edýär. Talyp zergärler we külalçylar elmydama halypalardan ürç edip
öwrenip, tejribelerini üstünlikli artdyrýarlar.
Şatlyk-şowhunly baýramçylyk dabarasyna gatnaşan köp sanly myhmanlar hem
şeýle millilikleri uly buýsanç bilen synladylar. Ajaýyp senetleri öwrenmäge
isleg bildirýänler bolsa, bu sungata özleriniň goşantlaryny goşmaga
synanyşdylar.
Müňýyllyklardan gözbaş alýan bu nurana baýram häzirki döwürde
jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, türkmen halkyny
Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, häzirki we geljek nesilleriň bagtyýar durmuşynyň
bähbidine döredijilikli zähmete, täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Sähra BATYROWA,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň Arheologiýa taýýarlyk ugrunyň 1-nji
ýyl talyby.