BITARAPLYK WE PARAHATÇYLYK – WATANÇYLYK SENASY

4254

          Biziň ýurdumyzda yzygiderli halkara maslahatlary, forumlary geçirmek adaty
ýagdaýa öwrülip, ykdysady hyzmatdaşlykda olaryň ornunyň uludygyny
bellärliklidir. 19-njy martda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady
hyzmatdaşlygyň orny» atly geçirilen halkara maslahatda Gahryman Arkadagymyz öz
cykyşynda biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyny  «Açyk gapylar» ykdysady strategiýasyny
durmuşa geçirmek bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge  taýýardyr diýip belledi.



         Şeýle-de «häzirki
döwürde dünýäniň dürli böleklerinde sebit we sebitara gatnaşyklar berkeýär, iri
ykdysady, üpjünçilik, söwda we maýa goýum taslamalary diňe durnuklylyk  hem-de birek-birege ynam bolan ýagdaýynda
üstünlikli bolup biler diýip» Gahryman Arkadagymyz belledi. Biziň ýurdumyzda
2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip  atlandyryldy.



         
Türkmenistan adalatly geoykdysadyýet ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Bu
ugurda energiýa  çeşmelerini, ulag
geçelgelerini, ýagny üstaşyr gara, demir, howa, deňiz-derýa ýollaryny, bar
bolan üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa etmek bilen, täze iri ykdysady
taslamalary amala aşyrmagy öňe sürýär. Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky
ykdysady hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup biler.



          
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisi
barada aýdylsa, bu iri taslamanyň maksady 1 milliard 750 million ilaty bolan
ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün etmekdir. Bu gaz geçirijiniň biziň ýurdumyzyň
çäklerinden geçýän 214 km bölegi guruldy, geçen ýylyň sentýabrynda bolsa, onuň
Owganystanyň çäginden geçýän 153 km gurluşygyna badalga berlendigi  barada 
maslahata gatnaşyjylaryň dykgatyna 
ýetirildi.



          Mundan başga-da, forumda agzalan iri taslamalaryň  sanynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry
boýunça  elektrik  geçiriji, şeýle-de bu ugurda guruljak    optiko-süýümli
aragatnaşyk ulgamy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan aralygynda gurulýan demir
ýoly  hem-de elektrik energiýasyny Hazar
deňziň üstünden Turkiýe döwletine 
eksport  etmek  taslamasy bar. 



           Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry
boýunça   guruljak    optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň  ähmiýeti barada  aýtsak, sebitleriň, pudaklaryň we
kärhanalaryň derejesinde düýpgöter täze maglumat gurluşyny - innowasion
ykdysadyýete toplumlaýyn maglumat üpjünçiligine 
gönükdirilen, awtomatlaşdyrylan 
goşmaça maglumat  ulgamyny
döretmek – möhüm wezipäni  üstünlikli
çözmegiň kärhanalaryň, pudaklaryň, sebitleriň 
we tutuş  ýurduň  dünýä 
bazarynda  bäsleşige ukyplylygyny  üpjün etmegiň 
möhüm düzüm bölegi   bolup
durýar. 



          Halkymyzyň
Milli Lideriniň  eden çykyşynda  çakylyk hökmünde maslahata gatnaşyjy halkara
maliýe institutlarynyň, maýa goýum gaznalarynyň, bank edaralarynyň hem-de
degişli guramalaryň wekillerine ýüzlenip, Türkmenistan  iri energetika taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde  iri halkara işewürleriň gatnaşmagyna bil
baglaýar diýip belledi. Bu babatda  bar
bolan mümkinçilikleri peýdalanyp, dünýä 
derejeli energetika, ulag we kommunikasiýa  hyzmatdaşlygynyň  geljekki 
uly  merkezleriniň birini döretmek
barada  teklip öňe sürüldi.



          Şu 
ýerde  bir  ýagdaý bellärliklidir. Ýagny Aşgabatda   2018-nji 
ýylda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we halkara  bilermenler 
bilen hyzmatdaşlykda halkara we daşary ýurt maliýe edaralarynyň
serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän karz taslamalarynyň tertibiniň
taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminamanyň kabul edilmegi ministrlikler,
guramalar we ýurdumyzyň edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň
tertipleşdirilmegine,  şeýle hem    milli ykdysadyýetimize maliýe serişdelerini
çekmek boýunça daşary ýurt maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygyň
mümkinçilikleriniň we geriminiň giňeldilmegine gönükdirilendir.  



            Şeýle-de,
ýokary okuw mekdebiniň  mugallymy  hökmünde, medeni  alyş-çalyşlaryň sebitleýin gatnaşyklary  ösdürmekdäki orny barada bellemelidiris.    Biziň  Türkmen
döwlet medeniýet  institutymyz  medeni alyş-çalyşlaryna gatnaşýan  gurama 
bolup, talyplarymyzdan düzülen folklor, tans  toparlarymyz 
häli-şindi  öz çykyşlary bilen
daşary ýurtlarda geçirilýän Medeniýet günlerine, festiwallara
gatnaşýarlar.  Bu çykyşlaryň sebitleýin
gatnaşyklary ösdürmekdäki  orny örän
uludyr.  Biziň  ýaşlarymyza 
diňe bir milli mirasymyz bolan aýdym, saz, tanslarymyz bilen özge
halklary tanyşdyrman, eýsem-de  gaýry
milletleriň  medeniýeti bilen tanyşmak
miýesser edýär.



            Ykdysadyýeti  medeniýetsiz 
göz öňüne getirip bolmaýar, sebäbi 
haýsy iş  alnyp barlanda hem oňa
medeniýetli çemeleşmäni başarmaly.         



           Paýtagtymyzda  geçirilen maslahatyň  ähli agzalan meýilnamalary   üstünlikli amal etmekde möhüm ädim
boljakdygyna  uly  ynam 
döredýänligi  üçin,  türkmen halkynyň, şeýle-de goňşy halklaryň
eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen döwlet 
syýasatyny alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak,
il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.



Ejebaý AŞIROWA,



Türkmen döwlet
medeniýet



institutynyň
jemgyýeti öwreniş



ylymlary kafedrasynyň
uly mugallymy. 

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm