Täze okuw ýylyna badalga


Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Mejlisler zalynda okuw ýylynyň jemi boýunça talyp ýaşlaryň döredijilik işleriniň görkezme çykyşlary boldy. Şeýle-de okuw ýylynyň dowamynda dürli derejeli bäsleşikleriň ýeňijisi bolan mugallymdyr talyplara baýraklaryň, diplomlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabarada jemgýyýetçilik işlerinde, medeni-köpçülik dabarlarynda aýratyn tapawutlanan talyplara hem hormat hatlary gowşuryldy.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda 2021-nji ýylda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Arnajumaýew Salyhberdi birinji orny eýeledi. Institutyň talyplary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi tarapyndan yglan edilýän “Ylymly ýaşlar – berkararlygyň binýady” atly taslama sergi bäsleşiginde hem üstünlikli çykyş etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm