Sahna ussady saýlaýar

Milli teatr sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşýan ussat halypa artistler barada gürrüň gozgalanda, Türkmenistanyň halk artisti Enejan Orazmyradowanyň ady uly hormat bilen tutulýar. Ol Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda dogulýar. Artist bolmak höwesi onda ýaşlykdan döreýär. Bir gezek olaryň etrabyna paýtagtdan teatrlaryň artistleri iş sapary bilen barypdyrlar. Artistleriň sahnadaky hereketleri, özlerini alyp baryşlary ýaşajyk gyzjagazy haýran galdyrypdyr. Onuň hem şol artistler ýaly sahnada dürli keşpleri ýerine ýetiresi gelipdir. Şol arzuwlar bilen hem ol ýörite Aşgabada gelip, ozalky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň ýanyndaky üç ýyllyk teatr studiýasyna okuwa girýär. Okuwynyň daşyndan teatrda goýulýan sahna eserlerinde kiçijik keşpleri janlandyrýar. Enejan studiýany üstünlikli tamamlap, şol teatrda işlemegini dowam etdirýär.
E.Orazmyradowanyň teatr sahnasynda ilkinji ýerine ýetiren keşbi B.Kerbabaýewiň «Magtymguly» dramasynda Şemşadyň keşbidir. Bu keşbiň ýerine ýetirilişine teatryň halypa artistleri gowy baha berýärler. Şondan soň onuň ýerine ýetirmeginde sahnada keşp yzyna keşp döräp başlaýar. Şol döwürde görnükli ýazyjymyz Hydyr Derýaýew «Ykbal» romanyny sahnalaşdyrmagyň üstünde işläpdir. Ýöne ol romandaky Uzugyň keşbini ynanmak üçin zehinli artisti gözlemeli bolupdyr.
Bir gün H.Derýaýew öňki Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna «Dagly gyz» atly sahna eserine tomaşa etmäge barýar. Bu sahna eserinde baş keşbi — Asiýatyň keşbini ýaş artist Enejan Orazmyradowa janlandyrypdyr. Onuň döreden keşbine ýazyjynyň göwni ýetip, bu zehinli ýaş artistiň «Ykbal» atly täze goýuljak sahna eserinde Uzugyň keşbini kemsiz döredip biljekdigine gözi ýetipdir. Ol bu barada režissýor bilen maslahatlaşypdyr. Şondan soňra režissýor oňa Uzugyň keşbini ynanypdyr. Ol «Ykbal» romanyndaky Uzugyň ykbaly bilen mekdepde okaýarka gyzyklanyp ugran eken. Kitaby okap otyrkada, Uzugyň halyna gaty gynanypdyr. Ýöne ol özüniň günleriň birinde Uzugyň keşbini janlandyrjakdygy hakynda pikir hem etmändir. Özüne ynanylan bu keşbi ynandyryjy janlandyrmak üçin halypalary Sona Myradowadan, Sabyr Ataýewadan tälim alypdyr, beýleki ussatlar bilen tejribe geçipdir. Režissýoryň işleri tamamlanandan soň, bu sahna eseri tomaşaçylara hödürlenilýär. Elbetde, bu uly synag artisti tolgundyrýar. Sebäbi ol ençeme kynçylyklary başdan geçirýän sada türkmen gyzynyň keşbini ynandyryjy edip janlandyrmaly bolupdyr. Şonuň üçin gije-¬gündiz öz üstünde işläpdir. Çekilen zähmet ýerine-de düşýär. Bu sahna eseri teatr söýüjileriniň göwnünden turup, artiste meşhurlyk getirýär.
Enejan Orazmyradowa türkmen we doganlyk halklaryň tanymal dramaturglarynyň: «Magtymguly», «Aýazhan», «Zöhre–Tahyr», «Sekizinji hazyna», «Düşewüntli orun», «Otuzynjy ýyllar», «Baý we batrak», «Seniň yşkyňda», «Üç çynar», «Azaşan ýigit», «Hazynalar adasy», «Elwan ýaglykly serwim», «Nesimi», «Durnalar», «Gelin gelýär», «Harmandäli», «Hazyna» ýaly eserlerinde dürli häsiýetli zenanlaryň keşplerini janlandyrýar. 2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen halypa artist Enejan Orazmyradowa türkmen teatr sungatyny ösdürmekde bitiren işleri üçin «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent ada mynasyp boldy. Yhna, indi altmyş ýyldan gowrak wagt bäri Enejan Orazmyradowa Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda dürli keşpleri janlandyryp, tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazanyp gelýär. Onuň şägirtleri hem häzirki wagtda türkmen teatr sungatyny ösdürmekde öz goşantlaryny goşýarlar. Halypa artist biziň söhbetdeşligimiziň soňunda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri barada şeýle diýdi: — Ýurdumyzyň teatrlarynda hormatly Prezidentimiziň jöwher zehininden dörän eserleri esasynda spektakllary sahnalaşdyrmak asylly däbe öwrüldi. Bu eserler bizi halkymyzyň şöhratly taryhy, asylly ýol-ýörelgeleri bilen tanyşdyrýar, ýaş nesli milli watançylyk ruhunda terbiýelemäge ruhlandyrýar. Biz teatr sungatymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri boýunça sahnalaşdyrylan spektakllar bilen baýlaşýandygyna guwanýarys.
  Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Aýlar PALTAÝEWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm