Kadalary berk berjaý ediň!

Häzirki wagtda, howadaky tozan bölejikleriniň artýan döwründe agyz-burun örtüklerini dogry we doly dakynmaly. Daşary çykylanda, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly. Daş- töweregiňizdäki adamlar bilen 2 metrden az bolmadyk howpsuz aralygy saklamaly.
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçalyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleri sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly hem-de zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. Iş we öý otaglarynyň howasyny ýelejiredip durmaly. Milli tagamymyz bolan gyzyl burç we sarymsak goşulan unaşy içmeli.
Şol bir wagtda dürli iýmit zäherlemeleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän arassaçy lyk talaplaryny-da dogry berjaý etmeli. Lukmanlaryň berýän beýleki maslahatlaryna hem berk eýermeli. Berilýän maslahatlary doly we dogry berjaý etmegiň özümiziň hem daş-töweregimizdäkileriň saglygy üçin örän uly ähmiýete eýedigini unutmaň!

Türkmenistanyň Saglygy
goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň Saglygy goraýşyň
habarlar merkeziniň habarlarynyň esasynda taýýarlandy

Paýlaş

Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm