I bölüm

5994
Aman Gulmämmedow
1908 – 1977 ý.ý.

SSSR-iň halk artisti, SSSR-iň döwlet baýragynyň laureaty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda doguldy. Ol türkmen teatryna meşhurlyk getiren ilkinji aktýorlaryň biridir. Aman Gulmämmedow öz sungaty bilen milli aktýorçulyk ýoluny ykrar etdirdi. Onuň sahnada döreden Allan agasy (“Allan aganyň maşgalasy”, Güseýin Muhtarow) üçin oňa şol döwürleriň görnükli baýragy, ýagny SSSR-iň döwlet baýragy berildi.
Ajaýyp artiste şöhrat getiren keşpleriň naýbaşylarynyň biri, Watan üçin ata çykan Keýmirdir (“Keýmir kör”, Garaja Burunow, Bazar Amanow), Magtymguly (“Magtymguly”, Berdi Kerbabaýew), Myrat aga (“Ykbal”, Hydyr Derýaýew), Küýki baý (“Otuzynjy ýyllar”, Güseýin Muhtarow), Werşiniň (“Bronopoýezd” 14-69”, Wsewolod Iwanow), Ýusow (“Düşewüntli orun”, Aleksandr Ostrowskiý), Korol Lir (“Korol Lir”, Wilýam Şekspir) ýaly sahna keşpleri ussatlyk mekdebine öwrüldi. Aman Gulmämmedowuň döredijiliginde şäher häkiminiň (“Derňewçi”, Nikolaý Gogol), Otellonyň (“Otello”, Wilýam Şekspir) keşpleri aýratyn orun tutýar. Bu keşpler diňe bir aktýora däl, bütin mili teatra şan-şöhrat getirdi.
Aman Gulmämmedow kino sungatynda-da tomaşaçynyň ýadyndan çykmajak keşpleri döretdi. Olaryň hatarynda “Uzakdaky gelinlik” filmindäki Alty agany, “Çopan ogly filmindäki Solowýowy bellemek bolar.

Alty Garlyýew
1909 – 1973ý.ý.

SSSR-iň halk artisti, SSSR-iň döwlet baýragynyň laureaty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Alty Garlyýew Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda doguldy. Meşhur aktýor, ajaýyp režissýor, türkmen sungatynda öçmejek yz galdyran Alty garlyýew “Dursun” filminde Nurynyň, “Uzakdaky gelinlik” filminde Kerimiň keşplerini ussatlarça döredendigi üçin, SSSR-iň döwlet baýragyna mynasyp boldy. Alty Garlyýew meşhur “Aýgytly ädim” filmini goýan režissýordyr. Bu film türkmen kinosyna dünýä derejesinde meşhurlyk getirdi.
Alty Garlyýew türkmen teatrynda dünýäniň nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň eserlerinde Hlestakowuň (“Derňewçi”, Nikolaý Gogol), Triffaldinonyň (“Iki aganyň hyzmatkäri”, Karlo Goldoni) keşplerini birkemsiz janlandyrdy. Onuň zehini bilen “Aýna”, “Aýratyn tabşyryk”, “Magtymguly”, “Mukamyň syry”filmleri sungat äleminde peýda boldy. “Çopan ogly”, “Maşgalanyň namysy” filmleri onuň aktýorçulyk ussatlygyna ýene bir gezek şaýatlyk etdi.
Alty Garlyýewiň galamynyň astyndan çykan “Aýna”, “Başlyk”, “Japbaklar” ýaly pýesalary türkmen teatrynyň mazmunyny baýlaşdyrdy.

Bazar Amanow
1908 – 1981 ý.ý.

SSSR-iň halk artisti Bazar Amanow Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda dünýä indi. Ol türkmen teatrynyň ilkinji sütünleriniň biridir. Onuň milli teatryň sahnasynda döreden keşpleri aktýorçulyk sungatynyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Meşhur aktýoruň zehini bilen sahna çykan Nedir şa (“Keýmir kör”, Garaja Burunow, Bazar Amanow), Lorsy (“Guşgy galasy”, Ata Atajanow), Juma (“Juma”, Ata Gowşudow), Aali (“Dagly gyz”, Resul Gamzatow) ýaly keşpleri milli teatryň uly baýlygydyr. Aman Kekilowuň “Söýgi” spektaklynda Bazar Amanowuň döreden Awtory hem ilhalar keşpleriň birine öwrüldi.
Dünýäniň nusgalyk edebiýatynyň eserlerinden Osipiň (“Derňewçi”, Nikolaý Gogol), Ýagonuň (“Otello”, Wilýam Şekspir) keşbi aktýora uly meşhurlyk getirdi. Bazar Amanowuň sünnälän Ýamamotasy (“Bu gaýtalanmaly däldir”, Gans Pfeýfer) türkmen aktýorçulky sungatynda täzelik boldy.
Bazar Amanow kino sungatynda Nepes, (“Çopan ogly”), Esen baý (“Aýna”), Kelek baý (“Japbaklar’) ýaly keşpleri hem döretdi. Mundan başga-da ol türkmen dramaturgiýasyny “Kemine”, “Mollanapes”, “Aýazhan”, “Keýmir kör” (Garaja Burunow bilen), “Hazynalar adasy”, “Zöhre – Tahyr” (Hojanepes Çaryýew bilen), “Jadyly nagyşlar” ýaly pýesalar bilen baýlaşdyrdy.

Galpak Herräýew
1902 – 1993 ý.ý.

Türkmenistanyň halk artisti Galpak Herräýew Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda eneden doguldy. Ol ilkinji türkmen teatryny berkarar etmekde bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bitirdi. Täze sungaty halk arasynda wagyz etmekde, ony köpçülige ýaýratmaga nusga alarlyk görelde görkezdi. Türkmen teatrynyň ilkinji artistleriniň aglabasynyň sahna gelmegine Galpak Herräýew uly ýardam etdi.
Onuň sahnada döreden Allan agasy (“Allan aganyň maşgalasy”, Güseýin Muhtarow), özüniň aýratyn adamkärçiligi, ynsanperwerligi, ýürekdeşligi bilen tapawutlandy. Ussat artistiň uzak ýyllaryň dowamynda döreden sahna keşpleriniň arasynda Çary aganyň (“Otuzynjy ýyllar”, Güseýin Muhtarow), Çapraz hanyň (“Keýmir kör”, Garaja Burunow, Bazar Amanow), Kazy Reýsiň (“Kemine”, Bazar Amanow), Mürze (“Aýazhan”, Bazar Amanow), Babahan patyşanyň, Garabatyryň (“Zöhre – Tahyr”), Bazar Amanow, Hojanepes Çaryýew), Çerkez Nyýazowuň (“Gowgaly gije”, Dmitriý Rubežnyý), Nagyş ussasynyň (“Söýgi rowaýaty”, Nazym Hikmet), Sülçi (“Ak lotos”, Wiktor Winnikow, Ýuriý Osnos), Bobçinskiýniň (“Derňewçi”, Nikolaý Gogol) atlaryny tutmak gerek.   
Galpak Herräýew “Magtymguly” filminde Berkeli hanyň, “Aýna” filminde raýkomuň işgäriniň keşbinde çykyş etdi.

Sary Garryýew
1906 – 1986 ý.ý.

Türkmenenistanyň halk artisti Sary Garryýew Balkan welaýatynyň serdar etrabynda eneden doguldy. Ol türkmen milli teatrynyň ilkinji artistleriniň biridir. Sary Garryýew drama studiýasyny tamamlap, teatrda işe başlady. Ol tearyň sahnasynda ýatda galýan ençeme sahna keşplerini döretdi. Özüni teatrda wäşi häsiýetleriň ussady hökmünde tanadan Sary Garryýew Ata Gowşudowuň “Jumasynda” Hemranyň, Garaja Burunow bilen Bazar Amanowuň “Keýmir köründe” Zewerdes hanyň, Haýdar ussanyň, Bazar Amanow bilen Hojanepes Çaryýewiň “Zöhre – Tahyrynda” Hasanyň, Japar Japarlynyň “1905-nji ýylynda” Allaberdiniň ýatdan çykmajak sahna keşplerini döretdi.
Sary Garryýew ile tanadan, ony meşhur eden kino sungatydyr. Ol özüniň ekranda şekillendiren “ilkinji keşplerinden başlap, tomaşaçylara şatlyk paýlady. Onuň zehinine ýugrulan Çarysy (“Dursun”), aýratynam Sary (“Uzakdaky gelinlik”), Aşyr (“Aşyr aganyň hötjetligi”), Gandym (“Aýgytly ädim”) ýaly nusgalyk keşpleri tomaşaçylaryň ýadynda mydamalyk galdy.
Onuň “Alladiniň jadyly çyrasy’ filminde döreden Jynyň keşbi körpe tomaşaçylara şatlyk getirdi. Sary Garryýew “Ilkinji synag (ekzamen)” filminde Ýagmyr, “Aýnada” Garly, “Japbakalrda” Garry goja, “Döwranyň başdan geçirenleri” filminde Çary ýaly keşpleri kino sungatyna uly goşant goşdy.

Gylyç Berdiýew
1909 – 1984 ý.ý.

Türkmenistanyň halk artisti Gylç Berdiýew Mary welaýatynyň Mary etrabynda eneden doguldy. Ol türkmen teatrynyň düýbüni tutan aktýorlaryň biridir. 1929-njy ýyldan tä ömrüniň ahyryna çenli ol teatryň keşigini çekdi. Gylyç Berdiýew milli teatra bagyş eden manyly ýyllarynyň dowamynda ençeme ajaýyp keşpleri döretdi. Mäti pälwan (“Ýowuz günler”, Gylyç Kulyýew), Melkumow (“Dökülmedik gan”, Gurbandurdy Gurbansähedow), Allanazarow (“Kim jenaýatkär?”, Güseýin Muhtarow), Belanowiç (“Aýgytly ädim”, Berdi Kerbabaýew) Kreçet (“Platon Kreçet”, Aleksandr Korneýçuk), Baýdemir (“Elwan ýaglykly serwim”, Çingiz Aýtmatow) ýaly keşpler, ony ussat artist hökmünd etomaşaçylara tanatdy. Gylyç berdiýewiň Warryk batyry (“Keýmir kör”, Garaja Burunow, Bazar Amanow), Uzyn (“Otuzynjy ýyllar”), Güseýin Muhtarow) ýaly ilhalar keşpleri ussatlyk bilen döreden sahna nusgasyna öwrüldi.
Dünýäniň nusgawy eserlerinden döredilen Lýapkin– Týapkin (“Derňewçi”, Nikolaý Gogol), Ferdinand (“Söýgi we mekirlik”, Fridrih Şiller), Kassio (“Otello”, Wilýam Şekspir) ýaly keşpleri aktýora uly üstünlik getirdi.
Gylyç Berdiýewiň döreden Berdi (“Aýna”), Baba han (“Aýgytly ädim”) ýaly keşpleri ussat artistiň kino söýüjilere beren peşgeşidir.

Ogulgurban Durdyýewa
1912 – 1979 ý.ý.

Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Ogulgurban Durdyýewa Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dünýä indi. Ol türkmen teatrynyň düýbüni tutan aktrisalaryň biridir. Onuň tebigy zehini, abyrsyz zähmeti, aktrisanyň özüne-de, milli türkmen sungatyna-da uly abraý getirdi. Ogulgurban Durdyýewa türkmen teatrynyň ilkinji spektakly hasaplanýan Bazar Amanow bilen Hojanepes Çaryýewiň “Zöhre – Tahyrynda” Mahymyň, Ata Gowşudowuň “Jumasynda” Güldessäniň, Alty Garlyýewiň Aýnasynda “Aýnanyň, Towşan Esenowanyň “Şemşat” komediýasynda Şemşadyň, Garaja Burunowuň “Seýdisinde” Hatyjanyň keşbini döretdi.
Ogulgurban Durdyýewa türkmen sahnasynda Wilýam Şekspiriň Dezdemonasyny (“Otello”) sahna çykaran ilkinji aktrisadyr.
Ogulgurban Durdyýewa Alty Garlyýewiň “Aýgytly ädim” filminde Artygyň ejesi Nurjahanyň keşbini döredip, milli kinomyzda täze sahypany açdy.
Bu meşhur aktrisanyň “Gämiçiniň jany bir” filmindäki Enesi, “Ýanýan arabanyň ýolundaky Mamur ejesi, “Gelinlikdäki” Enekesi, “Aýal ata çykanda” filmindäki Halyçy aýaly, “serdardaky” Ýediň enesi türkmen tomaşaçylarynyň kalbynda ömürlik ornaşdy.

Suraý Myradowa
1914 – 1997 ý.ý.


SSSR-iň halk artisti, SSSR-iň döwlet baýragynyň eýesi Suraý Myradowa Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda eneden doguldy. Ol türkmen teatrynyň iň zehinli zenan aktrisalarynyň biridir. Onuň döredijiligi halk çeşmelerinden we dünýä realistik sahna sungatyndan ugur alýar. Sona Myradowa Güseýin Muhtarowuň “Allan aganyň maşgalasy” spektaklynda öz çagalaryny kükrek gerip goraýan sada, mährem enäniň – Bikäniň keşbini uçursyz ussatlyk bilen döredendigi üçin, SSSR-iň döwlet baýragyna mynasyp boldy. Ajaýyp artistiň sungaty ýurdumyzyň çäklerinden has uzaklarda-da mälimidir. Onuň keşdelän Aknabat (“Aýgytly ädim”, Berdi Kerbabaýew), Täçsoltan (“Ykbal”, Hydyr Derýaýew), Dursunowa (“Kim jenaýatkär?”, Güseýin Muhtarow) ýaly keşpleri, aktrisanyň doganlyk hlkalryň wekilleriniň keşpleri Permanbibi (“Gelinleriň gozgalaňy”, Seýit Ahmet), Hanuma (“Hanuma”, Awksentiý Sagarelli) bilen utgaşyp, tomaşaçylara şatlyk paýlady.
Sona Myradowanyň dünýäniň nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň eserlerinde döreden Kukuşkina (“Düşewüntli orun”, Aleksandr Ostrowskiý), Poşlýopkina (“Derňewçi”, Nikolaý Gogol), Wassa Železnowa (“Wassa Železnowa”, Maksim Gorkiý) Emiliýa (“Otello”, Wilýam Şekspir), keşpleri bilen aktýorçulyk sungatynyň taryhyna ymykly girdi.

Nurjemal Söýünowa
1913 – 1996 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti Nurjemal Söýünowa Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda eneden doguldy. Ol teatra durmuş tejribesini toplap gelen aktrisa, Daşkent şäherinde Orta aziýa uniwersitetinde bilim aldy. Özüniň yhlasy, egsilmez hyjuwa ýugrulan işjeňligi bilen teatr sungatynda öçmejek yz galdyrdy. Onuň türkmen teatrynyň sahnasynda döreden Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädiminde” Mama, Güseýin Muhtarowuň “Şeýtan zürýatlarynda” Aýperi, Gylyç Kulyýewiň “Ýowuz günlerinde” Sabyr, Hydyr Derýaýewiň “Ykbalynda” Ogulnyýaz, Alty Garlyýewiň “Başlygynda” Doýdugyň keşpleri muňa şaýatdyr.
Nurjemal Söýünowa aýratynam Hamza Hekimzade Nyýazynyň “Baý we batragyndaky” Jemilesiniň ykbaly türkmen gelin-gyzlaryna tanyşdy, ýakyndy. Aktrisanyň sungaty Güseýin Muhtarowuň “Otuzynjy ýyllardaky” Agsak aýalyň keşbinde ör boýuna galdy.
Aktrisanyň türkmen kino sungatynda janlandyran keşpleriniň arasynda Akgülüň (“Çopan ogly”), Umsagülüň (“Aýgytly ädim”) atlaryny tutsa bolar. Nurjemal Söýünowanyň aktýorçulyk sungatynda iň nusgawy keşbi onuň “Aşyr aganyň hötjetligi” filminde döreden Gerek daýzanyň keşbidir. Bu keşp oňa uly abraý getirdi.

Ata Durdyýew
1919 – 1981 ý.ý.


Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda dünýä indi, SSSR-iň halk artisti, SSSRiň döwlet baýargynyň eýesi diýen hormatly derejelere mynasyp boldy. Teatrda Gurban Durdy (“Gurban Durdy’, Berdi Kerbabaýew, Aman Kekilow), Tig Jons (“Aýgytly ädim”, Berdi Kerbabaýew), Gulam (“Ykbal”, Hydyr Derýaýew), Aba Serdar (“Keýmir kör”, Garaja Burunow, Bazar Amanow), Ata (“Allan aganyň maşgalasy”, Güseýin Muhtarow), Pir (“Kemine”, Bazar Amanow), Hudaýberen emin (“Juma”, Ata Gowşudow), Bazar Amanow (“Şeýtan zürýatlary” Güseýin Muhtarow), Esenow (“Kim günäkär? Güseýin Muhtarow), Agabo (“Arabanyň tigri sypýança”, Otar Ioseliani), Akylbeg (“Atanyň takdyry”, Begsoltan Jakyýew), poçta işgäri Şpekin (“Derňewçi”, Nikolaý Gogol), Şmaga (“Ýazyksyz günäkärler”, Aleksandr Ostrowskiý), Kent (“Korol Lir”, Wilýam Şekspir). Kino sungatynda meşhur aktýor “Dursun” filminde Nepesiň, “Aýratyn tabşyrykda” Ybraýymyň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Muhammet Çerkezow
1911 – 1993 ý.ý.


SSSR-iň halk artisti, SSSR-iň döwlet baýragynyň laureaty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Muhammet Çerkezow Aşgabat şäherinde eneden doguldy.
Türkmen teatrynyň meşhur spektakly bolan “Allan aganyň maşgalasynda” (Güseýin Muhtarow) Baýramyň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirendigi üçin, ol SSSR-iň döwlet baýragyna mynasyp boldy. Onuň sahnada döreden ajaýyp keşpleriniň arasynda halk gahrymany Keýmiriň (“Keýmir kör”, Garaja Burunow, Bazar Amanow), Mälik mergeniň (“Otuzynjy ýyllar”, Güseýin Muhtarow) keşpleri artistiň döredijiliginde aýratyn orun tutýar.
Muhammet Çerkezow doganlyk halklaryň durmuşyndan ýazylan eserlerde-de nepis keşpleri döredip, tomaşaçyla rköpçüliginiň göwnünden turdy. Mysal üçin, Gapur (“Baý we batrak”, Hamza hekimzade Nyýazy),. Mundan başga-da Montanella (“Gögeýin”, Etel Woýniç), Polkownik Maliniň (“Lýubow Ýarowaýa”, Konstantin Trenýow), Sibirsow (“Tüpeňli adam”, Nikolaý Pogodin), Brabansio (“Otello”, Wilýam Şekspir) ýaly keşpleriň atlaryny agzamak bolar.
Muhammet Çerkezow türkmen milli kino sungatynda ýatdan çykmajak ajaýyp keşpleri döreden artist. Onuň Mergen agasy (“Magtymguly”), Eziz hany (“Aýgytly ädim”), Durdy agasy (“Jemalyň daragty”) aktýorçulyk sungatynda aýdylan täze söz boldy.

Nazar Bekmiýew
1905 – 1976 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti nazar Bekmiýew Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda dünýä indi. Ony ussat hökmünde tanadan keşpleriň biri Garaja Burunow bilen Bazar Amanowuň “Keýmir kör” spektaklyndaky Zewerdesdir. Artistiň inçe degişmelerinde ýugrumy ýeten bu keşp, uzak ýyllaryň dowamynda tomaşaçylaryň iň arzyly keşpleriniň biri boldy. Zewerdesiň Warryk batyr bilen gylyçlaşýan sahnasyny ýatlap ýylgyrmaýan tomaşaçy ýokdur.
Nazar Bekmiýewiň döreden Suhan gatysy (“Ykbal”, Hydyr Derýaýew), Mämmetwelisi (“Aýgytly ädim”, Berdi Kerbabaýew), Mollagyşygy (“Mähri”, Hydyr Derýaýew), Anna keltesi (“Ýowuz günler”, Gylyç Kulyýew) şeýle keşpleriň hataryna girizilip bilner.
Nazar Bekmiýewiň yhlas, zehin, ajaýyp ussatlyk bilen döreden Zemlýanikasy (“Derňewçi”, Nikolaý Gogol) rus nusgawy eserinde çeper sahna keşbiniň ajaýyp keşbi hökmünde teatryň taryhyna girdi.
Artistiň türkmen sahnasynda döreden Akyldaryň (“Hüýrlukga – Hemra”, Berdi Kerbabaýew), Nyýazyň (“Murgabyň kenarynda”, Güseýin Muhtarow), Makaryň (“Guşgy galasyŞ, Ata Atajanow) keşplerine uly ussadyň sungaty siňendir.
Nazar Bekmiýewiň kino suungatynda döreden Gara mürzesi (“Aýratyn tabşyryk”), Mele baýy (“Aýna”), Allaberdi hany (“Magtymguly”) bellenilmäge mynasypdyr.

Söýün Amangeldiýew
1921 – 1987 ý.ý.

Türkmenistanyň halk artisti Söýün Amangeldiýew balkan welaýatynyň Serdar etrabynda dünýä indi. Ol türkmen teatrynyň sahnasynda gahrymançylykly äheňdäki sungaty berkarar etdi. Artistiň döreden keşpleri, halk üçin göreşen gahrymanlaryň şanyna aýdylan aýdym bolup ýaňlandy. Şeýle gahrymanalryň hatarynda Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” spektaklyndaky Artyk Babalyny, Nazym Hikmetiň “Söýgi rowaýatyndaky” Perhadyny görkezmek bolar.
Ajaýyp aktýor, şeýle-de teatryň sahnasynda Güseýin Muhtarowuň “Möhüm operasiýa” spektaklynda Japar Esenow, “Kim jenaýatkärde?” Gurgeldi, “Şeýtan zürýatlarynda” Ýolaman, Bazar Amanow bilen Hojanepes Çaryýewiň “”Zöhre – Tahyrynda” Moýsepit, Garaja Burunow bilen Bazar Amanowuň “Keýmir köründe” Adan serdar ýaly keşplerinde öz ussatlygyny görkezdi.
Aktýor Aleksandr Ostrowskiniň “Düşewüntli orun” spektaklynda Murowy, “Tupanynda” Dikoýy, Nikolaý Gogoluň “Derňewçisinde” şäher häkimini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, rus nusgawy edebiýatyna döredijilikli çemeleşmegiň nusgasyny görkezdi.
Söýün Amangeldiýewiň “Aýgytly ädim” filmindäki Arslany, “Magtymguly” filmindäki Çerkez hany aktýoruň kino sungatyndaky ussatlygyna şaýatlyk etdi.

Myrat Seýitnyýazow
1915 – 1983 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň döwlet baýragynyň eýesi Myrat Seýitnyýazow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dünýä indi. Ol türkmen teatrynyň belli wäşi artistleriniň biridir. Onuň döreden sahna keşpleri tomaşaçylaryň göwnüni awlady. Myrat Seýitnyýazowuň zehini çaýylan Keminesi (“Sekizinji hazyna”, Geroý Latfulin, Oraz Akmämedow)  ussatlygyň nusgasy boldy, tomaşaçylara şatlyk getirdi.
Myrat Seýitnyýazowuň döredijiliginde “Allan aganyň maşgalasy” (Güseýin Muhtarow) aýratyn orun tutýar. Bu spektaklda Myrat Seýitnyýazow özüni ussat režissýor hökmünde ykrar etdirdi. “Allan aganyň maşgalasy” üçin teatryň ençeme artistlerine, şol sanda onuň režissýory – Myrat Seýitnyýazowa SSSR-iň döwlet baýragy berildi. Onuň aktýor hökmünd eteatryň sahnasynda janlandyran keşpleriniň arasynda Kemine (“Kemine”, Bazar Amanow), Berkeli (“Kim jenaýatkär?”, Güseýin Muhtarow), Mürrük (“Çaknyşyk”, Allaguly Rejebow, Myrat Seýitnyýazow), Köse (“Çalaran başlar”, Muhammet Gurbangylyjow), Bally bagşy, Bobçinskiý (“Derňewçi”, Nikolaý Gogol), Wäşi (“Korol Lir”, Wilýam Şekspir) agzamak bolar.
Myrat Seýitnyýazowuň kino sungatynda döreden keşpleriniň arasynda Mergen (“Uzakdaky gelinlik”), Berdi (“Çopan ogly”), Juma (“Aşyr aganyň hötjetligi”,) aýratyn tapawutlanýar.

Ata Döwletow
1912 – 1997 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň döwlet baýragynyň laureaty we Türkmenistanyň Magtymgulyb adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Ata Döwletow Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda eneden doguldy. Ol türkmen teatrynyň ýaşuly nesline degişli artistleriniň görnüklileriniň biridir. Aktýor üçin döredýän keşbiniň durmuş hakykatyna laýyk gelmegi örän wajypdyr.
Ata Döwletowuň teatr sahnasynda keşdelän keşpleri: Gandym (“Aýgytly ädim”, Berdi Kerbabaýew), Kemine (“Kemine”, Bazar Amanow), Mürze Mähti (“Keýmir kör”, Garaja Burunow, Bazar Amanow), Ýagmyr (“Ýowuz günler”, |Gylyç Kulyýew), Maýterýa (“Ak Lotos”, Wiktor Winnikow, Ýuriý Osnos), Hlopow (“Derňewçi”, Nikolaý Gogol), Söwdagär (“Düşewüntli orun”, Aleksandr Ostrowskiý).
Ata Döwletow ömrüniň soňky ýyllaryny başbitin kino sungatyna bagyşlady we kino äleminde öz sungatyna mynasyp orun eýeledi. Onuň kinoda ussatlyk bilen döreden Ata agasy üçin (“Laçyn”) Diýarymyyzň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp boldy.
Ata Döwletow türkmen kinosynda türkmen ýaşulusynyň nurana keşbini döreden ajaýyp artistdir. Olar: Nurýagdy (“Gadymy daglaryň rowaýaty”), Ýaşuly (“Jennet bagy”), Weli (“Zemin perzentleri”), Ata (“Kaýda mesgen tutduň, gardaşym?”), Nepes aga (“Perişdejik, şatlyk getir”), Goja (“Hiç zat bolmandy”), Ussa (“Guýy ussasy”), Gylyç aga (“Altynyň öwüşgini”), Mergen aga (“Gorkak batyr”), Görogly aga (“Kärizgenler”).

Atamyrat Bekmyradow
1922 – 1972 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň döwlet baýragynyň eýesi Atamyrat Bekmyradow Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda dünýä indi.
Ol türkmen teatryna XX asyryň 30-njy ýyllarynda geldi we ömrüni sahna sungatyna bagyş etdi.
Güseýin Muhtarowuň “Allan aganyň maşgalasy” spektaklynda ýerine ýetiren, maşgalanyň körpesi Gurbanyň keşbi oňa uly abraý getirdi. Aktýor öz kärdeşleri bilen bir hatarda, SSSR-iň döwlet baýragyna mynasyp boldy. Atamyrat Bekmyradow sahnada köplenç wäşi keşpleri ýerine ýetirdi. Olar aktýoruň tebigatyna ýakyndy, onuň sungatyna tabyndy. Aktýor sahnada tomaşaçynyy gülüşdirjek bolup, azara galmazdy. Ol öz döredýän keşpleriniň häsiýetini ajaýyp jähekleýärdi.
Atamyrat Bekmyradow Bazar Amanowuň “Kemine” spektaklynda Şüküriň, Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädiminde” Abdykerimiň, Bazar Amanow bilen Hojanepes Çaryýewiň “Zöhre – Tahyrynda” Garaçomagyň, Hydyr Derýaýewiň “Mährisinde” Baba kelewiň keşplerini ussatlyk bilen döretdi. Aktýor dünýäniň nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň eserlerinde hem çykyş edip, ýatda galyjy keşpleri döredendigi üçin alkyş aldy. Aleksandr Ostrowskiniň “Düşewüntli ornundaky” Belogubow, Nikolaý Gogoluň “Derňewçisindäki” Dobçinskiý şeýle keşpleriň hataryna girdi.
Atamyrat Bekmyradowuň Güseýin Muhtarowuň “Otuzynjy ýyllar” spektaklynda agyr hem çylşyrymly durmuş ýoluny geçip, özüniň adam mertebesini belende göterip bilen Keltäniň keşbini uçursyz uly ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Sabyr Ataýewa
1917 – 1993 ý.ý.


SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Sabyr Ataýewa Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda dünýä indi. Ol türkmen zenan artistleriniň ýokary bilimli ilkinji nesliniň wekilidir. Ýokary okuw mekdebini tamamlap, türkmen teatrynda işe başlady we ömrüniň ahyryna çenli, teatryň ody bilen girip, küli bilen çykdy. Onuň zehini bilen dünýä inen keşpleri Eneküti (“Ykbal”, Hydyr Derýaýew), Ogulhajar (“Kemine”, Bazar Amanow), Ýamanja (“Gelin gelýär”, Towşan Esenowa), Gytja (“Seniň yşkyňda”, Towşan Esenowa), Totam (“Mollanepes”, Bazar Amanow) tomaşaçylaryň göwnünden turdy.
Sabyr Ataýewanyň uly ussatlyk bilen döreden Bossan ejesi (“Bir görlen tanyş”, Annaberdi Agabaýew) aktrisa şöhrat getirdi. Ol keşp türkmen teatrynyň sahnasynda şekillendirilen eneleriň keşpleriniň arasynda aýratyn orna mynasypdyr. Bu keşp üçin aktrisa Diýarymyzyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berildi. Sabyr Ataýewa türkmen aktrisalarynyň arasynda kino sungatynda aýrtayn öndümli yhlas görkezen zenanlaryň biridir. Onuň döreden Abadan (“Şasenem – Garyp”), Jeren (“Aýratyn tabşyryk”), Esenbaýyň aýaly (“Aýna”), Ogulbossan (“Köýten nalasy”), Ogulgerek (“Bagtyndan jyda düşen Pyragy”), Berdimyradyň ejesi (“Keçpelek”) keşpleri türkmen tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Fahriýa Alyýewa

Türkmenistanyň halk artisti Fahriýa alyýewa Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda 1922-nji ýylda eneden doguldy. Ol türkmen teatrynda ýörite ýokary bilim alan aktrisalaryň biridir. Ol özüniň türkmen teatryna bagş eden uzak ömründe ençeme ajaýyp sahna keşplerini döretdi. Olaryň arasynda Maýsa (“Aýgytly ädim”, Berdi Kerbabaýew), Ogulnyýaz (“Ykbal”, Hydyr Derýaýew), Amangözel (“Şeýtan zürýatlary”, Güseýin Muhtaraow), Enebaý (“Keýmir kör”, Garaja Burunow, Bazar Amanow), Jahan (“Jahan”, Gara Seýitliýew), Jöwza (“Gelin gelýär”, Towşan Esenowa) ýaly keşpleri ony il-günümize tanatdy.
Fahriýa Alyýewa doganlyk halkalryň wekilleriniň ykbalyny-da inçelik bilen yzarlady. Onuň döreden Zina (“Allan aganyň maşgalasy”, Güseýin Muhtarow), Ýelena Lwowna (“Azaşan ýigit”, Gurbandurdy Gurbansähedow), Mariýa (“Baky diriler”, Gara Seýitliýew, Taňryguly Taganow), Kabato Kartukanýan (“Hanuma”, Awkseentiý Gagarelli), Satdy (“Gelinleriň gozgalaňy”, Seýit Ahmat) ýaly keşpleri muňa mysal bolup biler.
Aktrisanyň dünýäniň nusgawy edebiýatynyň eserlerinde döreden keşpleriniň arasynda Wilýam Şekspiriň “Otello” tragediýasynda Dezdemona aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ol spektakl türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçirilen ongünlüginde (1955-nji ýyl) tomaşaçylaryň hem-de teatr jemgyýetçiligiň uly alkyşyna mynasyp boldy.

Täçbibi Gapurowa

Türkmenistanyň hlak artisti Täçbibi Gapurowa Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde 1924-nji ýylda eneden doguldy. Ol teatra ýörite ýokary okuw mekdebini gutaryp işe geldi. Onuň aktýorçulyk sungaty inçeden nepisdi, özüne çekijidi. Aktrisanyň tebigy zehini, ýokary mekdepde alan alan hünäri onuň türkmen sahnasynyň iň görnükli aktrisalarynyň biri bolmagyna hemaýat etdi. Garaja Burunowuň we Bazar Amanowuň “Keýmir köründe” Näzigiň, Güseýin Muhtarowuň “Murgabyň kenarynda” spektaklynda Baharyň keşpleri muňa mysaldyr.
Aktrisaynyň sungatynyň täze bir öwüşgini Geroý Latfulin bilen Oraz Akmämmedowuň “Sekizinji hazyna” spektaklynda doly açyldy. Täçbibi Gapurowanyň sünnälän Senemi aktrisanyň adyny belende göterdi. Myrat Seýitnyýazowuň döreden Kelewi bilen Senem sahna ussatlygynyň nusgasyna öwrüldi.
Aktrisanyň Nazym Hikmetiň “Söýgi rowaýaty” spektaklynda döreden Mähmene Banunyň keşbi onuň döredijiliginde aýratyn orun tutýar.
Täçbibi Gapurowa dünýäniň nusgawy edebiýatynyň eserlerinde ýatdan çykmajak keşpleri döredip, milli aktýorçulyk sungatyna uly goşant goşdy. Muňa mysal hökmünde Aleksandr Ostrowskiniň “Ýazyksyz günäkärlerinde” Kruçininanyň, “Düşewüntli ornunda” Polinanyň, Maksim Gorkiniň “Wassa Železnowasynda” Raşeliň, Fridrih Şilleriň “Söýgi we mekirliginde” Luizanyň keşplerini mysal getirse bolar.
Täçbibi Gapurowa özboluşly sungatyny “Ilkinji ekzamen (synag)” atly filmdäki Annagülüň keşbinde görse bolar.

Hajy Annamämmedow
1932 – 1989 ý.ý.

Türkmenistanyň halk artisti Hajy Annamämmedow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dünäý indi. Ol Russiýa döwletiniň Moskwa şäherinde ýokary teatr mekdebinde okap, mähriban Diýarymyza gaýdyp geldi. Onuň ady hem tizara arzyly aktýorlaryň biri hökmünde giňden adygyp başlady. Hajy Annamämmedow ýiti zehiniň, özboluşly sungatyň eýesidir. Ol türkmen sahnasynda joşgunly, hyjuwly stile ýykgyn etdi.
Onuň Güseýin Muhtarowuň “Otuzynjy ýyllaryndaky” Begenji, Etel Woýniçiň “Gögeýin” spektaklyndaky Artury, Wiktor Winnikowuň bilen Ýuriý Osnosuň “Ak lotosundaky” Çuradattasy şeýle keşpleriň hilindendir.
Hajy Annamämmedowuň sahnada döreden Mawy (“Aýgytly ädim”, Berdi Kerbabaýew), Hemra (“Hüýrlukga – Hemra”, Berdi Kerbabaýew), Myrat (“Mähri”, Hydyr Derýaýew), Akmyrat (“Söýgi”, Aman Kekilow), Muhammet (“Sapançaly aýal”, Bekge Pürliýew), Kowus (“Murgabyň kenarynda”, Güseýin Muhtarow), Zaman (“Guşgy galasy”, Ata Atajanow), Agbo (“Jeňňelde bir gije”, Sambet Usman), ýaly keşpleri ony halka tanatdy. Ajaýyp artist, türkmen sahnasynda meşhur Bazar Amanow bilen egin deňläp, onuň sünnälän Osipini (“Derňewçi”, Nikolaý Gogol) tomaşaçylaryň öňünde özüçe oýnady.

Aman Gurbandurdyýew
1932 – 2011 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Aman Gurbandurdyýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda eneden doguldy. Ol türkmen teatryna uzak ýyllaryň dowamynda ak ýürekden hyzmat etdi. Sahnada milli sungatymyza mahsus bolan gahrymançylyk akabasyny dikeltmäge yhlasly ýapyşdy. Ol gahrymanalr ýaşamaga, öwrenmäge, göreşmäge ukyplydylar. Aşyr (“Aýgytly ädim”, Berdi Kerbabaýew), Gandym (“Ozuzynjy ýyllar”, Güseýin Muhtarow), Kakajan (“Hazynalar adasy”, Bazar Amanow) hut şeýle gahrymanlardyr.
Artistiň zehini köptaraplydy. Onuň Juma (“Juma”, Ata Gowşudow), Şükür (“Kemine”, Bazar Amanow), Tahyr (“Zöhre – Tahyr”, Bazar Amanow, Hojanepes Çaryýew), Belli (“Şeýtan zürýatlary”, Güseýin Muhtarow), Serdar Baýramow (“Ýüregiň emri”, Begi Suhanow), Arça Mededow (“bir gören tanyş”, Annaberdi Agabaýew), Ylýas (“Elwan ýaglykly serwim”, Çingiz Aýtmatow), Şadrin (“Tüpeňli adam”, Nikolaý Pogodin), Wožak (“Optimistik tragediýa”, Wsewolod Wişnewskiý), Riçard – III (“Riçard – III”, Wilýam Şekspir), Ezop (“Ezop”, Geýroda Figereýdo). Onuň kino sungatynda döreden keşpleri: Juma (“Aýratyn tabşyryk”), Ali (“Magtymguly”).

Oraz Hajymyradow
1931 – 1978 ý.ý.


Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Oraz Hajymyradow Aşgabat şäherinde dünýä indi. Sungata bolan höwes ony Russiýa döwletiniň Moskwa şäherinde ýerleşýän teatr boýunça ýokary okuw mekdebine okuwa alyp geldi. Ajaýyp halypalaryň elinde tälim alan artist, uly hyruç bilen milli sungatymyzyň bossanyna gadam basdy. Aktýor teatryň sahnasynda Begenç ( “Otuzynjy ýyllar”, Güseýin Muhtarow), Mollanepes (“Mollanepes”, Bazar Amanow), ýaly ajaýyp keşpleri janlandyrdy. Oraz Hajymyradow dünýäniň nusgalyk eserlerine-de öz zehinini çaýdy. Onuň Aleksandr Ostrowskiniň “Düşewüntli orun” spektaklynda Žadowuň ajaýyp sahna keşbini döretdi.
Oraz Hajymyradow ömrüniň köp bölegini millli režissura örkledi. Ol ilhalar spektakllary sahnada goýup, türkmen teatryna režissura sungatynyň ýar bolandygyny kepillendirdi. Onuň režissýor hökmündäki bitiren işleriniň arasynda Aman Kekilowuň “Söýgi” spektakly aýratyn öwgä mynasypdyr. Mundan başga-da ol “Maşgala” (Iwan Popow), “Aý tutulan gijesi” (Mustaý Kerim), “Ömrümiň örki” (Aşyr Mämiliýew, Begi Suhanow) ýaly ajaýyp spektakllary tomaşaçylara hödürledi.
Oraz Hajymyradow kino sungatynda-da öz zehinini görkezip bildi. Ol keşpler: Alty (“Maşgalanyň namysy”), Gurban (“Aşyr aganyň hötjetligi”), Ezber hoja (“Şasenem – Garyp”).

Artyk Jallyýew
1933 – 2000 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Artyk Jallyýew Ahal welaýatynda, Aşgabat şäheriniň eteginde dünýä indi. Artistiň teatryň sahnasynda ilkinji döreden Artýom Godunowuň keşbi (“Paýhyn”, Boris Lawrenýow), sungat älemine täze üýtgeşik zehiniň goşulandygyny buşlady.
Meşhur Alty Garlyýewiň “Aýna” filminde şekillendiren Hojamy Artyk Jallyýewe kino sungatynda ak ýol açdy. Ol şondan soň keşp yzyna keşp döretdi, täze-täze ykballar çöşlendi, keşpler peýda boldy.
Artyk Jallyýewiň kino sungatyndadöreden keşpleri:
Myrat (“Gündogaraý tarap on ädim”), Aşyr (“Aýgytly ädim”, Berdi Kerbabaýew), Mämmet änewli (“Ölüm ýokdur, oglanlar”), Begmyrat baý (“Ir säheriň atlylary”), Goja (“Tentek”), Abdylla (“Küştçi”), Nöker (“Ýandym”), Sarymelgun (“Zöhre – Tahyr”), Çapyk batyr we Mämmetýar han (“Şükür bagşy”), Gurt (“Daşgaladaky waka”), Beki, Artyk (“Teşneligiň gandyrylyşy”), Alow (“Ýigit hemişe ýigitdir”), Lallak (“Ýurt eýesi”), Gurt “(“Ýanýan arabanyň ýoly”), Turfan (“Beýbars”).
Artyk Jallyýew özüniň ajaýyp sungaty bilen dost-doganlyk halklarymyzyň kino äleminde sarpalanýan ýüz ussadyň bir hökmünde tomaşaçylaryň öňüne çykan ussatdy.

Baba Annanow
1934 – 1991 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Baba Annanow Aşgabat şäherinde dünýä indi. Görk-görmekli, syratly, merdana türkmen ýigidiniň keşbi Baba Annanowuň ajaýyp sungatynyň içinde ömürlik orun aldy. Artist özüniň manyly ömrüni kino sungatyna baglady. Bu sungat bilen ol ösdi, kämilleşdi, kalbymyza nur çaýdy. Şol sebäpdenem Baba Annanowuň ady tutulsa, ilki bilen gözümiziň öňünde Artyk Babaly janlanýar. Artistiň nurana keşbi milli kinomyzy bezedi, ony alyslara çykardy.
Teatrda ol juda az oýnady. Şeýle-de bolsa, onuň Hysrow şasy (“Hüýrlukga – Hemra”, Berdi Kerbabaýew) tomaşaçylaryň ýadynda galdy.
Baba Annanowuň kino sungatynda döreden ajaýyp keşpleri: Gulmanow (“Ilkinji ekzamen (synag)”), Gaýgysyz Atabaýew (“Gara altyn”), Zakir aga (“Köýten nalasy”), Gurban (“Laçyn”), Nazar (“Jemalyň daragty”), Azady (“Bagtyndan jyda düşen Pyragy), Çerkez (“Ýanýan arabanyň ýoly”), Artyk Babaly (“Aýgytly ädim”), Maksat (“Ýaşlygymyň dessany”).
Baba Annanow ençeme çeper eserleriň awtorydyr. Ol öz “Kärizgenler” powestiniň esasynda adybir filme režisýýorluk etdi. Şeýle-de ol “Zöhre – Tahyr”, “Agyr ýük”, “Serdar” ýaly filmleriň režisýorydyr.

Baýram Sadyk
1929 – 1997 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti Baýram Sadykow Aşgabat şäherinde dünýä indi. Ol 1945-nji ýylda öňki Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň studiýasyny tamamlap, şol ýerde-de aktýor bolup işe başlady. Baýram Sadykow aktýor boldy, aktýorlar toparyna ýolbaşçylyk etdi, ömrüniň ahyryna çenli özüniň döwlet tapan teatryndan gitmedi. Baýram Sadykowy aktýor hökmünde sadalyk, ýönekeýlik, özüne çekijilik, yssy mähir tapawutlandyrýardy. Onuň döreden keşplerinde çuňňurlyk, köp manylylyk bardy, olaryň daşky sypatlary ussatlyk bilen jäheklenerdi. Onuň aktýorçulyk sungaty halk döredijiliginden, göýendelerden, aýdyjylardan gözbaş alan täsirlilik, degişgenlik ýaly sypatlara baýdy. Aktýoruň keşp çekişi özboluşlydy, ulanýan sahna usullary üýtgeşikdi, geň galdyryjydy. Ol sahna ýumşak wäşilik çaýylan şadyýan adamlary çykarmagy halaýardy.
Baýram Sadykowuň mähirine ýugrulan Gurban (“Allan aganyň maşgalasy”, Güseýin Muhtarow), Berdi suratkeş (“Çopan ogly”, Gara Seýitliýew, Güseýin Muhtarow), Bally (“Aýgytly ädim”, Berdi Kerbabaýew), Dothuda (“Guşgy galasy”, Ata Atajanow), Abdykerim (“Gyz salgydy”, Beki Seýtäkow, Myrat Seýitnyýazow), Çakan aga (“Seniň yşkyňda”,  Towşan Esenowa), ýaly sahna şekilleri tomaşaçylaryň aňynda öçmejek yz galdyrdy. Aktýor daşary ýurt awtorlarynyň eserlerinde-de ençeme keşpleri ussatlarça döretdi.

Hommat Müllük
1939 – 1991 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Hommat Müllük Aşgabat şäherinde eneden doguldy. Ol täze açylan Ýaş tomaşaçylar teatrynyň düýbüni tutan ajaýyp artistleriň biridir. Bir teatr mekdebini gutaran, şol bir halypalardan tälim alan, sungatda täze ýol-ýodalary açmagyň arzuwynda ýaşaýan zehinli ýaşlar, sungat älemine aýak basdylar. Hommat Müllük şolaryň iň görnüklileriniň biridi.
Hommat Müllük teatryň sahnasynda tomaşaçylara özüni aldyran artist hökmünde ilhalar keşpleriň onlarçasyny döretdi. Azady )”Meňli”, Gurbandurdy Gurbansähedow), Derwüş (“Aý tutulan gijesi”, Mustaý Kerim), Ýagafar (“Aýgülüstan”, Mustaý Kerim), Sarafanow (“Uly oglum”, Aleksandr Wampilow) ýaly keşpleri bellemek bolar.
Hommat Müllüge öz zehini kino sungatynda doly we çuňňur äşgär etmek başartdy. Meşhur Alty Garlyýewiň “Aýgytly ädim” filminde Mawynyň keşbini döredip, tomaşaçylaryň nazaryna ilen artist soň adygyp gitdi. Alty Garlyýew oňa beýik Magtymgulynyň (“Magtymguly”) keşbini ynandy. Şeýle-de ol Daşberdi han (“Mukamyň syry”), Döwranyň kakasy (“Döwranyň başdan geçirenleri”), Gylyç (“Jemalyň daragty”), Çaryýar (“Geçigaplaň”), Nuraly aga (“Ýok diýmäni başar”), Abalak (“Gara kerwen”), Töre aga (“Ak örtük”), Sary (“Seniň doganyň – meniň doganym”) ýaly keşpleri ör boýuna galdyrdy. Hommat Müllügiň pýesalary: “Sawçylar”, “Däliler”.

Aman Baýramberdiýew
1941 – 2001 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti Aman Baýramberdiýew Aşgabat şäherinde dünýä indi. Artistiň döredijilik ýoly träze açylan Ýaş tomaşaçylar tearyndan başlandy. Bu tatrda ol döredijilikli ömrüniň köp bölegini geçirdi. Teatryň sahnasynda artistiň döreden keşpleri tomaşaçylaryň göwnünden turdy, olaryň hemrasy boldy.
Aman Baýramberdiýewiň Apbas (“Ogul takdyry”, Çary Aşyrow, Berdi Bäşimow), Aman Durdyýew (“Ömrümiň örki”, Aşyr mämiliýew, Begi Suhanow), Sillelgruber (“Altyn ýyldyz”, Naryman Jumaýew), Mämmetjan (“Satylan düýş”, Mämiliýew, Begi Suhanow), Mömin (“Ak gämi”, Çingiz Aýtmatow), Koçlarýow (“Öýlenmek”, Nikolaý Gogol), Wanýa daýy (“Dýadýa Wanýa”, Anton Çehow), Ýago (“Otello”, Wilýam Şekspir) ýaly sahna keşpleri tomaşaçylaryň göwnüni awlady.
Aman Baýramberdiýew türkmen teleýaýlymynda köp ýyllaryň dowamynda çagalar üçin “Siziň üçin körpeler” atly gepleşgi alyp bardy we körpeleriň söýgüli “Aman daýysy” boldy.
Aman Baýramberdiýew milli kino sungatyny ösdürmekde-de öz goşandyny goşdy. Onuň döreden Äraly pir (“Kemine”) keşbi tomaşaçylaryň nazaryna ildi we şeýle keşpleri döretmekde täzelik boldy.

Ata Alowow
1943 – 2011 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Ata Alowow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda eneden doguldy. Ata bilen äleme çäksiz uly zehin geldi. Ata XX asyryň 60-njy ýyllarynda türkmen teatryna goşulan aktýorlaryň iň görnüklisidi. Aktýor Russiýa döwletiniň Moskwa şäherinde meşhur halypa O. I. Pyžowanyň elinde tälim alýan ýyllarynda-da ýoldaşlaryna göreldedi. Aktýoruň talyplyk ýyllarynda ilkinji ähmiýetli işi  – hirurg Pälwanowuň (“Komsomol sözi”, Güseýin Muhtarow) keşbi türkmen teatryna üýtgeşik artistiň gadamynyň düşendigini äşgär etdi.
Hakykatdan-da Ata XX asyryň ikinji ýarymynda tomaşaçylary yzyna düşürip bilen, türkmen sahnasyny baglan gudratdy. Aktýoruň sungaty bir gursaga sygardan ägirtdi. Ol artistdi. Özem beýik artistdi. Ol režissura-da gol ýapdy, drama teatrynda, sazly teatrda, kinoda ençeme işleri bitirdi. Ata özboluşly nakgaşdy, heýkeltaraşdy.
Ata milli aktýorçulyk sungatyny dünýä derejesine göterip bildi. Onuň türkmen sahnasynda döreden Romeosyny (“Romeo we Žuletta”, Wilýam Şekspir) meşhur dramaturgyň döredijiligi bilen iş salyşýan alymlar, sungat ussatlary nusgawy işleriň hasabyna goşdular. Ata özüni dürli teatrlarda synap gördi. Öňki Aman Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynyňam, gurjak teatrynyňam, hatda öňki Mollanepes adyndaky baş drama teatrynyňam sahnasy oňa dar göründi. Ol özüni yzygiderli kämilleşdirdi. Aktýor teatr sungatynyň dürli ugurlarynda ýaşlara nusgalyk mekdebi görkezdi.

Annamyrat Berdiýew
1941 – 2011 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Annamyrat Berdiýew Mary welaýatynyň Murgap etrabynda dünýä indi. Aktýor sahnda diňe bir şekiliň keşbini çekip oňanok. Ol şol keşbiň özüne öwrülýär. Şol sebäpdenem Annamyrat Berdiýewiň döreden keşplerinde ýasamalyk ýok. Olar ynandyryjy, täsirli, gaýtalanmajak häsiýetler.
Muňa göz ýetirmek üçin aktýoruň sahnada we ekranda döreden keşplerini ýatlamak ýeterlikdir: Baba (“Çalaran başlar”, Muhammetnur Gurbangylyjow), Aman sary (“Azaşan ýigit”, Gurbandurdy Gurbansähedow), Öwezberdi Kulyýew (“Baky diriler”, Gara Seýitliýew, Taňryguly Tagano), Nazar, Ýolaman (“Şeýtan zürýatlary”, Güseýin Muhtarow), Çilberzan (“Jadyly nagyşlar”, Bazar Amanow), Nury (“Çaknyşyk”, Allaguly Rejebow, Myrat Seýitnyýazow), Ýigit (“Söýgi duralgasy”, Aşyr Mämiliýew), Muhammet (“Keseki”, Aşyr Mämiliýew), Reşit (“Oba gyzy”, Mürze Ibragimow), Nikolaý Çibisow (“Tüpeňli adam”, Nikolaý Pogodin), Boris (“Tupan”, Aleksandr Ostrowskiý), Frederlik Genri (“Ret bol, ýarag!”, Ernest Hemingueý), Petruççio (“Nadaranyň nogtalanyşy”, Wilýam Şekspir), Riçard – III (“Riçard – III”, Wilýam Şekspir), Ezop (“Ezop”, Geýroda Figereýdo).
Annamyrat Berdiýew “Jennet guşy” filminde Arabyň keşbini döretdi.

Oguldurdy Mämmetgulyýewa
1937 – 2004 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti Oguldurdy Mämmetgulyýewa Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dünýä indi. Teatrda Meňli (“Meňli”, Gurbandurdy Gurbansähedow), Şirin (“Wah, siz erkekler”, Gylyç Kulyýew), Möjekhan (“Peýkam”, Annaberdi Agabaýew, Rahym Esenow, Durdymämet Oraýew), Abadan (“Nusaýda”, Baýram Abdyllaýew), Aknabat (“Ogul takdyry”, Çary Aşyrow, Berdi Bäşimow), Tenhabike (“Aý tutulan gijesi”, Mustaý Kerim), Baý Bike (“Ak gämi”, Çingiz Aýtmatow), Demir aýal (“Demir aýal”, Şükür Başmekow), Marýutka (“Çölüň owazy”, Boris Lawrenýow), Maşa (“Gyz we bahar”, tatýana Ýan), Komissar (“Optimistik tragediýa”, Wsewolod Wişnewskiý), Agafýa Tihonowna (“Öýlenmek”, Nikolaý Gogol), Emilýa (“Otello”, Wilýam Şekspir), Medeýa (“Medeýa”, Ýewripid).
Kinoda: “Ir säheriň atlylary” – Ogulnyýaz, “Meniň dostum Meleguş” – Maral, “Kärizgenler” – Aýnabat, “Tentek” – Başlygyň aýaly.

Ýelizaweta Garaýewa
1938 – 2007 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewa Daşoguz welaýatynyň |Boldumsaz etrabynda dünýä indi. Ol 1961-nji ýyldan başlap, ömrüniň ahyryna çenli türkmen teatryna hyzmat etdi. Onuň zehinine ýugrulan onlarça keşpler tomaşaçylaryň kalbynda orun tapdy. Onuň teatryň sahnasynda döreden Hydyr Derýaýewiň “Ykbalynda” Uzuk, Güseýin Muhtarowuň “Şeýtan zürýatlarynda” Akgül, Annaberdi Agabaýewiň “Bir görlen tanşynda” Sona Saparowa, “Harmandälide” Harmandäli, Gylyçmyrat kakabaýew bilen Täçmämmmet Mämmetweliýewiň “Türkmennama” spektaklynda Türkan hatyn keşpleri tomaşaçylaryň ýüreginde orun aldy.
Ýelizaweta Garaýewanyň Çingiz Aýtmatowuň “Elwan ýaglykly serwim”, “Ene toprak” ýaly ajaýyp spektakllarynda Aseliň hem-de Dolanaýyň keşpleri aktrisanyň döredijiliginde mynasyp orun aldy. Aktrisa dünýä nusgagalyk sungatynyň ajaýyp eseri bolan Wilýam Şekspiriň “Romeo we Žulýetta” tragediýasynda Žulýettanyň keşbini örän ussatlyk bilen döretdi. Garsio Lorkanyň “Bernarda Albanyň keşbini-de şol derejede goýmak bolar.
Ýelizaweta Garaýewa türkmen filmlerine gatnaşyp, kino sungatynda Orazsoltan (“Ir säheriň atlylary”), Aýjemal (“Muňa durmuş diýerler”), Soltan (“Öwrüm”), ýaly keşpleri döretdi. Onuň Alty Garlyýewiň “Mukamyň syry” filmindäki Karkarasy milli aktýorçulyk sungatynda aýgytly ädim boldy.

Abdylla Ýakubow
1935 – 2003 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti Abdylla Ýakubow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda eneden doguldy. Ol sungatda ömrüni aktýorçulykdan başlady. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda ençeme ýyllaryň dowamynda ýaş ýigitleriň keşbini döredip, tomaşaçylara şatlyk paýlady. Olaryň arasynda Ýalkap (“Ganly saka”, Çary Aşyrow), Bally molla (“Bally molla”, Nobatguly Rejebow), Serdar (“Optimistik tragediýa”, Wsewolod Wişnewskiý), Patyşa (“Nejep oglan”, Gylyçmyrat Kakabaýew), Bezirgen (“Görogly”, Setdar Garajaýew), Ugurly han (“”Keýmir kör”, Garaja Burunow, Bazar Amanow), Merdan pälwan (“Çatrykda”, Aşyr Mämiliýew, Begi Suhanow), Professor (“Kim sen?”, Muhammetnur Gurbangylyjow), Süleýman (“Arşin mal alan”), Uzyýer Gajybekow), “Aýgytly ädim” filmindäki Ballynyň keşbi tomaşaçylaryň ýadynda uzak wagtlap galdy.
Ol özünde režissýorçulyk sungatyna dörän höwesi kanagatlandyrmak üçin, şol ugurdan ýörite ýokary bilim aldy. Sahna sungatynyň meşhur ussady Ýuriý Zawadskiý oňa halypalyk etdi. Onuň sahnalaşdyran eserleri: “Agalar hem çagalar” (Alty Garlyýew), “Jennet” (Gurbandurdy Gurbansähedow), “Muňa durmuş diýerler” (Abdylla Myradow), “Ene toprak” (Ýazmyrat Mämmediýew), “Täze ýyl gijesi” (Eduardo de Filippo).

Amangeldi Ödäýew
1942 – 29012 ý.ý.


Amangeldi Ödäýew Ahal welaýatynda, Aşgabat şäheriniň eteginde dünýä indi. XX asyryň 60-njy ýyllarynyň başynda türkmeniň ýazy goşa geldi. Olaryň biri tebigaty janlandyran bolsa, beýlekisi türkmen kinosyna şygryýet hem filosofiýa älemini bagş etdi. Haýyr bilen şeriň, uruş bilen parahatçylygyň aldym-berdimli söweşini çuňňur we çeper beýan edýän “Şükür bagşy” filmi milli kino sungatymyzyň abraýyny arşa göterdi. Şol filmde sähelçe ýerde görnüp, iki sözi aýdyp-aýtman gözden gaýyp bolýan gyzma, hyýrsyz ýaş ýigidiň keşbinde çykyş eden Amangeldi Ödäýew tomaşaçylaryň ýadynda ömürlik galdy. “Boljak oglan başdan belli” diýlişi ýaly, Amangeldi Ödäýew soňra baky hemramyz boldy. Aktýor türkmen kinosyna özboluşly, gaýtalap bolmajak häsiýetleri, üýtgeşik-üýtgeşik keşpleri getirdi. “Gyrnak” filmindäki Hally, “Gaplaňdaky” Geldi, “Ir säheriň atlylary” kinosyndaky Gylyçly, “Köýtendagyň nalasy” filimindäki Sapar çapyk, “Bagtyndan jyda düşen Pyragydaky” Tarhan, “Altynyň öwüşginindäki” Dawut, “Söýginiň gussaly powesti” filmindäki Amanguly, “Ýigit hemişe ýigirdäki” Meret, “Babagammardaky” Rahman aýdanlarymyzy aňry ýany bilen tassyk edýär.
Amangeldi Ödäýew kino sungatynda döwüň-jynyň keşbini çekmekde aýratyn, hiç kimiňkä meňzemeýän ýeke-täk Döw boldy. Ol Ak döwdi. Režissýor Ilmyrat Bekmiýewiň “Jennet bagy”, “Jadyly hünji”, “Ak pamyk” ýaly filmlerinde ynsanlara hupbat berýän, hunaba ýuwutdyrýan döwler Amangeldi Ödäýewiň aktýorçulyk sungatyna siňdi. Onuň döreden döwleriniň hyýrsyz keşbi, äpet we aýylganç sypaty oňa uçran ynsanyň haýyny alýardy. Ol hakykatdanam gorkunçdy. Ýöne, nämeüçindir, onuň bilen tutluşan adamalrda diri galaryn umydy döreýär. Sebäbi ol döwüň ýüregi ýukady, dözümsizdi. Amangeldi Ödäýewiň Ak döwi çaga pisintdi. Onuň adamlara hemaýat edesi gelýärdi. Aktýor oýnaýan keşbiniň diňe bir pis tarapyny görkezip oňanokdy, ol gahrymanyň oňat sypatlaryny-da aýan edýärdi. Şol sebäpdenem aktýoruň döreden keşpleri dürli öwüşgine beslenýärdi. Daşkendiň A. N. Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik institutynyň uçurymy Amangeldi Ödäýew Diýarymyzyň Ýaş tomaşaçylar teatrynda işe başlap, soňra öňki Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ajaýyp aktýorlarynyň üstüni ýetirdi. Meşhur Aman Gulmämmedowdan soň Otellonyň keşbini döretmäge hyýal edenelr bolupdy, ýöne olaryň sahna çykany bolmandy. Amangeldi ödäýew režissýorlar Durdymämmet Öräýew we Baýram Seýdullaýewiň hemaýaty bilen  geçen asyryň 90-njy ýyllarynda öňki Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynyň sahnasynda “Men – gara” diýip elewreýän mawr bolup kükredi. Amangeldi Ödäýew her egninde bir adam göterip bilýän, göräýmäge hyýrsyz, emma çaga ýürekli mähriban adam hökmünde ýadymyzda galdy.

Oraz Arrykow
1942 – 2003 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Oraz Arrykow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda eneden doguldy. Ol bütin ömrüni bir teatra bagyşlady.
Artistiň sahnada döreden keşpleriniň arasynda Gylyçmyrat Kakabaýew bilen Täçmämmet Nämmetweliýewiň “Gala” spektaklynda örboýuna galdyran Orazmämmet hany aýratyn agzalmaga mynasypdyr. Halkyň başyna agyr gün düşende, onuň agysyna aglap bilýän, il-ýurt abadançylygyny, garaşsyzlygyny jandan ileri tutýan han-begleriň mynasyp keşplerini özünde jemlän “Gala” spektakly Oraz Arrykowyň aktýor hökmündäki abraýyny belende göterdi.
Onuň Garaja Burunow bilen Bazar Amanowuň “Keýmir kör” spektaklyndaky Aba serdary, Hydyr Derýaýewiň “Ykbalyndaky” Berdisi, Ata Gowşudowuň “Jumasyndaky” Kerwenbaşysy, Güseýin Muhtarowuň “Şeýtan zürýatlaryndaky” Söýüni, Nazar Gullaýewiň “Nesimi” spektaklyndaky Ýaşbukasy, Annaberdi Agabaýewiň “Bir görlen tanşyndaky” Arça Mededowy, Geýroda Figeroýdonuň “Ezop” spektaklyndaky Efiopy, Tirkiş Jumageldiýewiň “Harmandälisindäki” Handan batyry türkmen teatrynda uçursyz zehinli, sungaty birkemsiz kämilleşen ajaýyp artistiň bardygyny subut etdi.

Rejep Hojagulyýew
1939 – 2008 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti rejep Hojagulyýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda eneden doguldy. Ol Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda işe başlady we ömrüniň ahyryna çenli şol teatryň ody bilen girip, küli bilen çykdy. Ol teatryň sahnasynda onlarça ilhalar keşpleri döretdi. Olaryň arasynda Jumanyň (“Juma”, Ata Gowşudow), Serkerdäniň (“Keýmir kör”, Garaja Burunow, Bazar Amanow), Allagyň (“Ykbal”, Hydyr Derýaýew), Ispendiýar hanyň (“Gyz salgydy”, Beki seýtäkow, Myrat Seýitnyýazow), Çerkeziň (“Otuzynjy ýyllar”, Güseýin Muhtarow), Çowduryň (“Dökülmedik gan”, Gurbandurdy Gurbansähedow), Seýityshagyň (“Nesimi”, Nzara Gullaýew) keşplerini-de aýratyn bellemek gerek.
Şeýle-de aktýoruň teatryň sahansynda döreden keşpleriniň üstüni Suhan gaty (“Ykbal”, Hydyr Derýaýew), Bally (“Sekizinji hazyna”, Geroý Latfulin, Oraz Akmämmedow), Ýüzbaşy (“Ýowuz günler”, Gylyç Kulyýew), Esen (“Azaşan ýigit”, Gurbandurdy Gurbansähedow), Ýaşuly (“Gala”, Gylyçmyrat Kakabaýew, Täçmämmet Mämmetweliýew), Awçy (“Ak saýgak”, Abu–Bakar), Esger (“Ret bol, ýarag!”, Ernest Hemingueý), Ýepiskop (“Riçard – III”, Wilýam Şekspir) ýaly keşpleri hem goşsa bolar.
Rejep Hojagulyýew teatr sahnasynda özboluşly sungaty bilen il-gününe hyzmat etmegiň nusgasyny goýup gitdi.

Ýagşymyrat Akyýew
1943 – 2010 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti Ýagşymyrat Akyýew Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda dünýä indi. Ol özboluşly zehini, abyrsyz zähmeti bilen turuwbaşdan tomaşaçylara özüni aldyrdy. Onuň baran ýeri şowhundy, ala-ýazdy. Artistiň töweregine nur çaýýan sungaty bardy. Onuň gahrymanlary sadady, ýönekeýdi, halka ýakyndy. Artistiň keşp dannamasy bolmazdy, onuň üçin kiçi keşp ýokdy. Ol sahndada sähel salym görnüp gidýän keşbe-de üýtgeşik häsiýet berip bilýärdi. Muňa aktýoruň ussatlyk bilen döreden Hydyr Derýaýweiň “Ykbal” spektaklyndaky Annamyradyny, Ata Gowşudowuň “Jumasyndaky” Haýdaryny, Täşli Gurbanowuň “O dünýä syýahatyndaky” Ybraýymyny, Baýram Abdyllaýewiň “Garrylaryndaky” Hojatyny, Seýit Ahmediň “Gelinleriň gozgalaňyndaky” Mäkämini, Oraz Akmämmedowuň “Üzülen ömründäki” Goçumyny, Nazar Gullaýewiň “Nesimisindäki” Jarçysyny, Güseýin Muhtarowuň “Agtyklam bolsa, öýlenjek” spektaklyndaky Gurt Çopanowiçini, Geýroda Figereýdonuň “Ezop” spektaklyndaky Efionyny mysal getirse bolar.
Ýagşymyrat Akyýew meşhur Gylyç Berdiýewden soň, onuň sungatynyň göwher gaşyna öwrülen Warrygyny (“Keýmir kör”, Garaja Burunow, Bazar Amanow) sahna çykarmaga töwekgellik etdi.

Çary Işangulyýew
1949 – 2005 ý.ý.

Türkmenistanyň halk artisti çary Işangulyýew Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda eneden doguldy. Çary Işangulyýew sahnada köp oýnaýardy, keşp yzyna keşp döretmäge howlugýardy. Diýarymyzyň dürli teatrlaryna ýolbaşçylyk etdi. Çary Işangulyýew diňe bir aktýor hökmünd edäl, eýsem, režissýor hökmünde-de özüni tanatdy. Ol teatrda Baýram han barada “Hanhanana” (Annaly Berdiýew bilen Çary Işangulyýew), “Ýediň enesi” (Begi Suhanow), “Ene” (Magtymguly Myşşyýew) ýaly spektaklary sahnalaşdyrdy. Onuň kükreginden joşup çykýan owadan, labyzly sesi bardy. Onuň owazly sesi türkmen diline geçirilen onlarça filmlerde, teleýaýlymlaryň gepleşiklerinde, döwlet ähmiýetli jemgyýetçilik çärelerinde belent ýaňlanypdy.
Çary Işangulyýew Gylyçmyrat Kakabaýew bilen Täçmämmet Mämmetweliýewiň “Gala” spektaklynda Gara batyryň, Nazar Gullaýewiň “Nesimisinde” beýik türkmen nusgawy şahyry Nesiminiň keşplerini uly ussatlyk bilen döretdi. Aktýor gadymy grek dramaturgy Ýewripidiň “Medeýa” tragediýasynda Ýasonyň keşbini ussatlyk bilen janlandyrdy.
Aktýoruň “Gizlin ilçi” filminde Nazarly, “Toba” filminde Ýagmyr, “Jadyly hünji hakynda erteki” flminde Garadöw ýaly keşpleri tomaşaçylaryň kalbynda ebedi orun aldy.

Töre Annaberdiýew
1957 – 2006 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Töre Annaberdiýew Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dünýä inýär. Türkmenistanyň “Jan” teatrynyň sahnasynda goýlan Kakajan Aşyrowuň “Däli Domrul” spektaklynda Töre Annaberdiýewiň ussatlyk bilen döreden Domruly aktýoruň döredijiliginiň iň belent basgançagy boldy. Sahnada öz güýjüne bäs gelip bilmeýän, daşyndan göräýmäge özünden göwni hoş, emma çaga ýürekli Domrul, aktýoruň abraýyny arşa galdyrdy. Bu ajaýyp, ilhalar keşbi döredendigi üçin Töre Annaberdiýew Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy.
Onuň teatryň sahnasynda döreden Beki seýtäkow bilen Myrat Seýitnyýazowuň “Gyz salgydy” spektaklynda Myky, Tirkiş Jumageldiýewiň “Harmandälisinde” Kerem, Begi Suhanowuň “Ýediň enesinde” Kemal, Hemra Şirowuň “Akpamyk we döwler” spektaklynda Çal döw ýaly keşplerini ýatlasa bolar.
Aktýoruň dolup-daşýan sungaty, bir teatryň sahnasyna sygmady, ol özi üçin teatr döretdi. Estrada programmalaryna, teleýaýlym gepleşiklerine gatnaşdy. Töre Anaberdiýewiň sungaty ruhubelentlige ýugrulandy, ol hemişe-de tomaşaçyda ýagşy niýet, şatlyk duýgularyny oýarýardy. Ol tomaşaçylaryň iň arzyly artistleriniň biridi.

Nurmyrat Annamyradow
1947 – 2012 ý.ý.


Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Nurmyrat Ananmyradow Ahal welaýatynda, Aşgabat şäheriniň etegindäki obalaryň birinde dünýä indi. Ol Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik institutyny drama we kino aktýory hünäri boýunça tamamlap,  1970-nji ýylda öňki Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynda işe başlady, ömrüni şol teatra bagyşlady. Onuň sahnada döreden ajaýyp keşpleri, külterlän adam ykbalalry aktýoruň sungatyna öçmejek möhür basdy. Nurmyrat hakdan içen aktýordy. Ol milli sahnamyza durmuş hakykaty bilen sungat hakykatynyň bitewi nusgasyny getirdi. Ol sahnada özüne, bedenine erk edip bilýän aktýordy, onuň hereketi çeýedi. Aktýoruň uç-gyraksyz dünýäni ýaňlandyryp duran ses baýlygy bardy. Durmuşda bolsun, sahnada bolsun, ony sesinden tanaýmalydy. Nurmyrat Annamyradow türkmen sahnasyna aýry-aýry milletden bolan dürli häsiýetli, gülküli-gussaly, ownukly-irili keşpleriň onlarçasyny döretdi. Onuň döreden Göroglusy (“Harmandäli”), Baky Myradowiçi (“Ýüregiň emri bilen” Begi Suhanow), Serdary (“Mollanepes”, Bazar Amanow), Çapraz hany (“Keýmir kör”, Garaja Burunow, Bazar Amanow), Meret arçyny (“Ykbal”, Hydyr Derýaýew), Allul-ala Töwrizi (“Nesimi”, Nazar Gullaýew), Nazary (“Daça”, Täşli Gurbanow), Ýowşany (“Magtymguly”, Saýlow Myradow), Andor Atdaýewiçi (“Suw damjasy – altyn dänesi” (awtor Berdi Kerbabaýew), Aşyr Mämiliýew) we beýlekiler tomaşaçyny biparh goýmandy.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm