Syýahatçylyk kafedrasy
2460Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Syýahatçylyk” kafedrasy 2019-nji ýylda döredilen. Häzirki wagta çenli kafedra boýunça okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň birnäçesi taýýarlandy.
Syýahatçylyk – taýýarlygyň ugry
Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar bolan esasy talaplar aşakdaky aýratynlyklary öz içine alýar:
- taýýarlygyň ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde okuw terbiýeçilik işiniň maksatlaryny, mazmunyny we hilini kesgitlemek, şol sanda talabalaýyk okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary taýýarlamak;
- taýýarlygyň ugry boýunça okuwy tamamlan uçurymlary işe ýerleşdirmek meselesini kesgitlemek we şol işi uçurymyň derejesine laýyk ýola goýmak.
Olar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň edara-kärhanalarynda, myhmanhanalarda, muzeýlerde, sagaldyş we sergi merkezlerinde, şeýle-de ylmy-barlag edaralarynda, jemgyýetçilik guramalarynda ýokary bilimli bakalawrlara niýetlenen wezipeleri eýeläp biler.
Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar ýokary taýýarlykly, medeniýetli we salyhatly, halkyň bähbidini gorap bilýän, Watanyna, halkyna, Prezidentimize wepaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyna dogry düşünýän we gyşarnyksyz durmuşa geçirip bilýän şahs bolmalydyr.
Bakalawr köpçüligiň göwnüni tapmagy, oňa ýolbaşçylyk etmegi, işgärleri agzybirlik, maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan ylmy maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, zähmeti ylmy esasda guramagy başarmalydyr.
Bakalawr ylmy we amaly taýdan düýpli taýýarlykly, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan şahs bolmalydyr.
Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar:
- önümçilik we ylmy-barlag meselelerini çözmek üçin ýeterlik möçberde umumy we nazary dersleriň esaslaryny;
- dünýä siwilizasiýasynyň ösüş taryhyny, Türkmenistanyň etnografiýasyny, syýahatçylyk pudagyna girişi, marketingi, Türkmenistanyň syýahatçylyk baýlyklaryny we dynç alyş ýerlerini, menejmenti, bazary öwrenmegiň derňewlerini, syýahatçylykda kada-kanun üpjünçiligini, Türkmenistanyň arheologiki we arhitektura ýadygärliklerini, myhman kabul edilişiniň edebini, syýahatçylyk pudagynda telekeçiligi we täjirçiligi, syýahatçylyk-ekskursiýa işleriniň gurnalyşyny, syýahatçylyk we daşky gurşawy, ekskursiýa we muzeý işlerini;
- pudagyň we kärhananyň ykdysadyýetini, syýahatçylygyň meýilnamasyny işläp düzmegi, önümçiligi guramagyň we dolandyrmagyň esaslaryny, zähmeti we daşky gurşawy goramagyň meselelerini, syýahatçylygyň hukuk esaslaryny;
- Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hukuk esaslaryny, Türkmenistanyň “Syýahatçylyk hakyndaky” kanunyny, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, olary durmuşa geçirmekligiň ýollaryny;
- işewür gepleşikleriň we dolandyryş psihologiýasynyň etikasyny, türkmen edebi diliniň kadalaryny, sözleýiş we ýazuw gepleşikleriniň aýratynlygyny, hünärmençilik leksikasyny;
- standartlaşdyrmaklyk we sertifikasiýalaşdyrmaklyk barada esasy düşünjeleri we kesgitlemeleri, syýahatçylyk toplumlarynyň hödürleýän netijeli hyzmatlarynyň esasy görkezijilerini;
- habar beriş tehnologiýalarynyň esaslaryny we olary öz işinde ulanmaklygy, zähmeti goramagyň, tehnikanyň howpsuzlygynyň, önümçilik sanitariýasynyň, myhmanhana hyzmatlarynyň iýmit kärhanalarynyň hem-de ýangyna garşy howpsuzlygyň kadalaryny we düzgünlerini.
Taýýarlygyň ugry boýunça bilim alan talyplar:
- syýahatçylyk kärhanalarynyň görnüşlerini kesgitlemegi, syýahatçylyk toplumlarynyň hödürleýän hyzmatlarynyň sanawyny üpjün etmegi, isleg bildirijilere ýokary derejedäki hyzmatlary guramagy, syýahatçylyk toplumlarynda bolmaklygyň oňaýly şertlerini döretmegi;
- edilýän hyzmatlaryň meseleleri boýunça isleg bildirýänler bilen utgaşdyryjy maslahatlar geçirmegi;
- syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürlemekligi guramagy we hödürlenilýän hyzmatlaryň hiline gözegçiligi amala aşyrmagy, isleg bildirýänleriň ýerleşişine gözegçiligi amala aşyrmagy, hünärmençilik işinde ýüze çykýan dawalary we jedelli ýagdaýlary çözmekligi, arz-şikaýatlara seretmegi we olary aradan aýyrmak üçin çäreleri görmegi, zähmet resurslaryny, işgärleriň zähmetini netijeli dolandyrmagy, syýahatçylyk toplumlarynda arassaçylygy we tertibi üpjün etmegiň, zähmeti goramagyň, önümçilik sanitariýa we gigiýena talaplarynyň düzgünleriniň we kadalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmagy;
- aragatnaşyk we guramaçylyk tehnikalarynyň häzirki zaman serişdelerinden peýdalanmagy;
- syýahatçylyk işinde habar beriş tehnologiýalaryny peýdalanmagy, hökmany kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny peýdalanmagy, sözleýşiniň kadalylygy, ýerlikliligi we maksadalaýyklylygy nukdaýnazardan seljermegi, ýatdan aýdýan we ýazmaça hödürleýän maglumatlaryndaky ýalňyşlyklaryň üstünde işlemegi we olary düzetmegi;
- daşary ýurt dillerindäki sözlüklerden (iňlis, rus) peýdalanmagy;
- daşary ýurt dilinde (iňlis, rus) söhbetdeşligi – sowal-jogap alyp barmagy, dolandyryş usullarynyň iň amatly görnüşlerini tapmagy, netijeli çözgütleri kabul etmegi, marketing barlaglaryny guramagy, syýahatçylyk täjirçiligi pudagynda statistikany alyp barmagy, köpçülik ýerinde oňaýly psihologiki ýagdaýy döretmegi;
- buhgalter hasabynyň we hasabatlarynyň maglumatlaryny tejribelik işinde peýdalanmagy, hünärmençilik iş pursatlarynda jedelli we howsalaly ýagdaýlary dolandyrmagy;
- taýýarlygyň ugry bilen baglanyşykly wezipeleri çözmek üçin kompýuter tehnikalaryny peýdalanmagy;
- syýahatçylyk işine üýtgeşmeler girizmegi, hünär işlerini tankydy nukdaýnazardan bahalandyrmagy;
- syýahatçylyk işleriniň tehnologiýasyny, gezelençleriň, syýahatçylyk ýörişleriniň (turlaryň) kemala gelşiniň tehnologiýasyny, syýahatçylyk toplumlarynda isleg bildirýänlere hyzmat etmegi guramagyň tehnologiýasyny, ugurlary işläp taýýarlamaklygyň tehnologiýasyny, pasport-wiza, gümrükhana we ätiýaçlandyryş formallyklaryny seljermegi;
- Türkmenistanda içki syýahatçylygyň ösüşiniň häzirki zaman ýagdaýyny we aýratynlyklaryny, ekskursiýa hereketlerini, reklama işlerini, syýahatçylyk işlerinde habar beriş we kommunikasiýa tehnologiýalaryny içgin öwrenmegi;
- telekeçilik işleriniň esaslaryny we syýahatçylyk pudagyndaky telekeçiligiň aýratynlyklaryny deňeşdirmegi;
- syýahatçylyk önümlerini satmaklygyň psihologiýasyny öwrenmegi;
- syýahatçylyk pudagynda ýokary hilli hyzmat etmek üçin şertleri döretmegi;
- syýahatçylyk işleriniň ygtyýarnamasyny (lisenziýasyny) almak üçin resminamalary düzmegi we resmileşdirmegi, syýahatçylyk hyzmatlaryndaky standartlaşdyrmagyň we sertifikasiýalaşdyrmagyň talaplaryny berjaý etmegi, syýahatçylyk işlerinde marketing kommunikasiýasyny netijeli peýdalanmagy, syýahatçylyk mahabatlaryny sergi we beýleki işlerde ýaýratmak serişdelerinden peýdalanmagy;
- syýahatçylyk bukjalaryny kemala getirmegi, syýahatçylyk bukjalary kemala getirilende Türkmenistanyň welaýatlarynyň we welaýat merkezleriniň aýratynlyklary baradaky bilimleri ulanmagy, syýahatçylyk önümlerini satmagy, syýahatçylyk hyzmatlaryna isleg bildirýänleriň gyzyklanmalaryny hasaba almak bilen gezelençleri düzmegi, syýahatçylyk täjirçiligi pudagynda statistikany alyp barmaklygy, syýahatçylara ulag hyzmatlaryny guramagy.