HALKARA ÄHMIÝETLI SERGI
266Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň saýasynda parahatsöýüjilikli, ynsanperwer, hoşniýetli
dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, ösüşiň belent sepgitlerine tarap
ynamly öňe barýar. Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylyny[ ilkinji günlerinden başlap toý-baýramlar goşa-goşadan gelýär. Halkymyz şeýle toýly günlerden
ruhlanyp ýaşaýar.
Şanly seneleriň biri bolan saglygy goraýyş
we derman senagaty işgärleriniň güni Hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda uly ruhubelentlik bilen bellenilip geçildi. Dünýä ülňülerine
laýyk gelýän birnäçe döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbi tutuldy.
Baky Bitaraplygymyzyň şanyna geçýän
çäreler has-da işjeňleşýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Saglygy
goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe»
atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Halkara sergä lukmançylygyň
anyklaýyş-bejeriş enjamlary we tehnikasy, derman senagatynyň önümleri, sagaldyş
dynç alyş şypahanalary, daşary ýurt kompanýalarynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary
okuw mekdepleri gatnaşyp, öz alyp barýan işlerini görkezmäge giň mümkinçilik gazandylar.
Bu sergide bilim ojagymyz bolan Türkmen döwlet
medeniýet institutymyzyň bagtyýar talyplarynyň halkara olimpiadalarda we ders
bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleriniň, toýdyr baýramlaryň bezegi bolan alypbaryjylarymyzyň
öz sungatlaryny wasp edýän çykyşlarynyň, talyplaryň ýasan amaly-haşam
sungatynyň önümleriniň uly gyzyklanma döretmegi biziň göwün guşymyzy
ganatlandyrdy. Ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän fakultetleriň degişli
taýýarlyk ugurlarynyň birnäçesiniň görkezilmegi sergä gatnaşyjylaryň ünsini
özüne çekdi. Şeýle halkara derejedäki sergileriň geçirilmegi, şeýle-de oňa talyp
ýaşlaryň gatnaşmagy bizi has-da buýsandyrýar. Okamak we Watana hyzmat etmekdäki
borjumyzy artdyrýar. Biz geljekde Watana wepaly ýaşlar bolup, milli
medeniýetimizi ösdürmäge şahsy goşandymyzy goşarys.
Bizi baky bagtyýarlygyň goýnunda, eşretli
zamanada ýaşadýan, il bähbitli, dünýä ähmiýetli, tutumly işleri durmuşa
geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Dünýägözel AZADOWA,
Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň
teatr sungaty
fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.