DÖREDIJILIGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

297

Golaýda institutymyzyň mejlisler zalynda şahyr zenan
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň, şeýle-de Türkmenistanyň halk
artisti Aşyr Gurbanowyň
, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Sähragül
Janmämmedowanyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa
institutymyzyň halypa mugallymlarydyr bagtyýar talyplary gatnaşdylar. Duşuşy
k «Ýaşlyk» teleradioýaýlymyna ýazgy edildi. Esasan, halypa
şahyryň sözlerine ýerine ýetirilen aýdymlar diňlenip, olaryň many-mazmuny
hakynda aýratyn nygtaldy. Şeýle-de Gözel halypanyň Gahryman Arkadagymyzyň ylham
akabasyndan bina bolan «Hakyda göwheri» atly täze kitabyna bagyşlanan goşgusy
okaldy. Duşuşygyň ahyrynda institutymyzyň talyplarynyň  ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly çykyşlara
uly orun berildi.



Akpamyk
GURTGELDIÝEWA,



Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Share this post

11/06/2025

Announcement

The Turkmen State Institute of Culture is implementing

Our partners:
Adress:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Tel. numbers:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm