KITAPHANAÇYLARYŇ GURNAGY

173

              Türkmenistanyň Döwlet
medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň kitaphana işi we kitaphana maglumat
işi taýýarlygyň ugrunyň 1-nji, 2-nji we 3-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda «Kitaphana
rowaçlyga badalga» atly gurnak her hepdäniň çarşenbe güni geçirilýär.



Biz talyp ýaşlar
hökmünde ele aljak hünärimizi doly we dogry öwrenmek üçin gurnaga işjeň
gatnaşýarys. Her hepdäniň çarşenbe güni örän täsirli we gyzykly  geçirilýän bu gurnaga sabyrsyzlyk bilen
garaşýarys. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda
geçirilýän bu gurnakda  kitaphana
işgärleri uly höwes bilen kitaphananyň ähli işleri bilen tanyşdyryp,
gyzykly  söhbetdeşlikler bilen biz talyp
ýaşlarda öz hünärimize bolan höwesi has-da artdyrýarlar.  Gurnagyň dowamynda öz hünärimiz bilen bagly
ähli soraglarymyza jogap tapýarys. Mundan başga-da, gurnakda geçirilýän gyzykly
duşuşyklar we bäsleşikler gurnagyň täsirli geçmegine sebäp bolýar. Geçirilen
bäsleşiklerde kitaphana işi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň paýhas çeşmesinden syzylyp çykan ajaýyp eserleri bilen bagly
soraglar berildi. Bu soraglara dogry jogap berip, baýrakly orna mynasyp bolmak
meniň hem bagtymyň paýyna düşdi. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza we
Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz – talyp ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge we
döretmäge döredýän şeýle mümkinçilikleri üçin ýaş kalbymdan köp sagbolsunlar aýdýaryn!
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, tutýan tutumly işleri elmydama
rowaçlyklara beslensin!



                   
Zibagözel REJEPOWA,



Türkmen döwlet medeniýet institutynyň



kitaphanaçylyk fakultetiniň



kitaphana işi taýýarlygyň 
ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm