SUNGAT — HALKLARY DOSTLAŞÝAR
718Ýaňy-ýakynda institutymyzda Ýaponiýanyň medeniýet we
sungat işgärleriniň gatnaşmagynda biziň bagtyýar talyplarymyza hem ýapon milli
tans sazlarynyň tanyşdyryş okuw sapagy geçirildi. Sapagyň dowamlylygy iki
sagada golaý dowam edip, oňa 20 talyp deň-duşumyz uly buýsanç bilen gatnaşdy.
Ilkibaşda institutymyzyň talyplary özleriniň taýýarlan tanslary bilen
auditoriýa gelen ýapon tans ussatlarynyň öňünde çykyş etdiler. Türkmen milli
tanslarynyň myhmanlarda üýtgeşik täsir galdyrandygyny aýratyn bellemek gerek.
Soňra myhmanlar umumylykda ýapon milli tansy hakynda düşündirdiler. Şeýle-de myhmanlar ýapon milli tansyny oýnadylar. Soňra
bilelikde ýadygärlik surata düşdüler. Özara gürrüňlerde iki dostlukly halkyň
arasyndaky gatnaşyklarda medeniýetiň we sungatyň aýratyn ähmiýete
eýedigi bellenildi.
Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.