SÖÝGÜLI SUNGATYM
430Aýdym-saz sungat çagalygymdan meni maýyl etdi. Esasan hem tans sungatynyň syrly dünýäsini özüme ýakyn saýdym. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby bolmagym bilen bu söýgim has-da joş aldy. Institutymyzyň «Miras» folklor-tans toparyna kabul edilmegim meniň üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Men söýgüli sungatym bilen milli gymmatlyklarymyzy diňe bir Diýarymyzda däl, eýsem, dünýä ýüzüne ýaýmak ýaly arzyly işe goşant goşýaryn. Söýgüli ugruňdan ylym-bilim almak, söýgüli sungatyň bilen meşgullanmak, ähli yhlas-başarnygyňy Watanyňa bagyş etmek – bularyň ählisi ajaýyp zamanamyzyň bize bagyş eden bagty!
Söýgä beslenen yhlasym üçin, Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, maňa «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany gowşuryldy. Bu meniň üçin uly sowgat. Ýurdumyzda ylym-bilime uly üns berýän Döwlet Baştutanymyza döredýän giň mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýaryn.
Ine, Täze 2026-njy ýyl bosagamyzdan ätleýär. Goý, Täze ýyl üstünliklerden-üstünliklere sepleşip, beýik ýeňişleriň gazanylýan ýyly bolsun!
Aýgül KAKAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Medeni miras fakultetiniň talyby.




