TÄZE ÜSTÜNLIKLERE RUHLANDYRDY
122Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleýji pursatlary meniň hem ykbalyma ýatdan çykmajak şatlykly wakalary peşgeş etdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ata Watanymyzyň üstünlikleri barada habarlary taýýarlaýaryn, döwrümiziň sesine ses goşmaga çalyşýaryn. Ussat halypalarymyz, talyp deň-duşlarymyz bilen deň derejede «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanmagym meniň göwün guşumy ganatlandyrdy. Ýaşlara şeýle beýik ynamyň, hormatyň bolmagy – uly bagt! Täze ýylyň ajaýyp günlerinde şa serpaýy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden hoşallyklarymyzy aýdýarys. Biz mundan beýläk hem has joşgunly dörederis, okarys, işläris. Täze ýylymyz gutly bolsun, bagtly ýyl bolsun!
Eziz KÖMEKOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Teatr sungaty fakultetiniň talyby.




