ZENANLARYŇ YHLASYNDAN DÖRÄN SUNGAT ESERLERI

34

ZENANLARYŇ YHLASYNDAN DÖRÄN SUNGAT ESERLERI



        Kämil sungat eserini döretmek, dynuwsyz
zähmeti, sabyrlylygy we yhlasy talap edýär. Zenanlaryň döredýän sungaty bolsa,
özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwrinde zenanlarynyň döreden sungat eserleriniň waspy dünýä dolýar. Şahyr
Gurbannazar Ezizowyň goşgusynda:



-      
Sungat diýmek näme?



Bilýärmisiňiz?



Bu sowala sada jogap
bermeli.



Biz herimiz-özümiziň
zergärmiz,



Mydam özümizi ýonup
ýörmeli.



     
- diýip belleýşi ýaly, türkmen zenanlary hemişe gözelligiň gözleginde
bolupdyrlar. Ynsan göwni gözellige aşyk, çünki, ol owadan zatlaryň deňinden hiç
wagt biparh geçip bilmeýär. Häzirki ajaýyp döwrimiziň waspyny bolsa, sungatyň
diline geçirmezlik mümkin däl. Türkmen zenanlary hem sungatyň dürli
görnüşleriniň üsti bilen döwrümiziň waspyny dünýä ýaýýarlar.



     
Bahar paslynyň ilkinji günlerinde dünýäniň birnäçe halklary bilen
bilelikde, Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramçylygy ýurdumyzda
uludan bellenilýär. Bu baýramyň bellenýän günlerinde ýurdumyzda birnäçe
dabaraly çäreler, konsertler, duşuşyklar, bäsleşikler baýram şowhunyny hasda
artdyrýar. Türkmen zenanlary hem ýurdymyzda bellenilýän baýramçylyklara öz
sowgatlary bilen barýarlar.



    
2026-njy
«Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at- myradyň mekany» ýylynyň mart aýynyň dördüne «Zemin görki zenandyr» atly zenan suratkeşleriň arasynda döredijilik bäsleşik sergisi geçirildi.



        Bu
sergä ýurdumyzda sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan zenanlar
özleriniň ajaýyp sungat eserleri bilen gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň hatarynda
Türkmen döwlet medeniýet institutymyzyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý
işi kafedrasynyň mugallymy Gülbahar Annagulyýewa we şol kafedranyň rejelemek işi
taýýarlygyň ugrunyň talyplary Aýsoltan Annaberdiýwa, Bibigül Annabaýewa dagylar
hem öz döreden sungat eserleri bilen gatnaşdylar we birnäçe höweslendiriji
sylaglara mynasyp boldylar. Bu döredijilik bäsleşigi örän guramaçylykly we
täsirli geçip, oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.



   
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar zenanlary
özleri üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin, türkmen sungatynyň hak howandarlary
Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz
çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.



 



Maral HOJAGULYÝEWA,



Türkmen döwlet medeniýet institutynyň



 Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we
muzeý işi



kafedrasynyň müdiri, uly mugallym. 

Paýlaş

10/03/2026

BILDIRIŞ

BILDIRIŞ Türkmen döwlet medeniýet institutynda ý

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm