AÇYK GAPYLAR GÜNI

246
AÇYK GAPYLAR GÜNI
Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilen «Açyk gapylar güni» orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary, ýörite hünär mekdepleriniň talyplary we sungat ýoluna gadam basmaga isleg bildirýän ýaşlar üçin örän şowly we täsirli çäre boldy. Bu dabara diňe bir tanyşdyryş bolman, ýaşlar üçin täsirli okuw boldy. Çäräniň dowamynda amala aşyrylan esasy işler we görkezilen aýratynlyklar okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Şol gün institutyň talyplarynyň we mugallymlarynyň döredijilik işlerinden, sahna bezegleriniň maketlerinden hem-de amaly-sungat eserlerinden ybarat bolan baý sergi guraldy. Şeýle hem teatr sungaty, aktýorlyk ussatlygy, režissura, hünär aýratynlyklary we sahna hereketleri boýunça bilim alýan talyp ýaşlar öz ukyplaryny janly sahna oýunlary, aýdym-sazly çykyşlar arkaly görkezdiler. Geljekki uçurymlar institutyň okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýa enjamlary, sanly bilim ulgamy, şeýle hem talyplaryň durmuş şertleri we medeni-köpçülik işleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik tapdylar. Bu çäre teatr, kino, teleradio we medeniýet ulgamynyň beýleki dürli ugurlaryna ykbalyny baglamak isleýän ýaşlar üçin hünär saýlamakda tapylgysyz görkeziji boldy we olaryň döredijilik dünýäsine bolan höwesini has-da artdyrdy.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym bölümi.

Поделиться

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm