BITARAP TÜRKMENISTANYŇ SEBITARA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK UGRUNDA ÖŇE SÜRÝÄN BAŞLANGYÇLARY

4365

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly
halkara maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30
ýyllygyna beslenýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» geçirilýän bu
maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Foruma Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň
döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalaryň, halkara guramalaryň, maliýe
institutlaryň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de
wekilleri, talyplar gatnaşdylar. 



Türkmenistanyň
başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji
sessiýasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan
etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şeýlelikde, paýtagtymyzda
geçirilen bu gezekki forum Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy hem-de
durnukly ösüşini üpjün etmäge, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini
giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi
tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.



 



                                                                                 
Ogulgerek ÇARYÝEWA,



Türkmen
döwlet medeniýet



institutynyň
maglumat ulgamlary



 kafedrasynyň mugallymy.  

Поделиться

20/09/2024

ОНЛАЙН СЕМИНАР

19-20 сентября 2024 года преподаватели Туркменского государственного института культуры приняли участие в онлайн формате в семинаре “Стратегии для вузов: достижения в международных рейтингах QS и THE/Открытие успеха: навигация по рейтингами QS и THE для вузов”, организованный Министерством высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан совместно с Национальным офисом Erasmus+ в Узбекистане и Ташкентским государственным университетом узбекского языка и литературы имени Алишера Навои. Основная цель мероприятия – оказание практической поддержки высшим учебным заведениям Узбекистана в приведении показателей качества в соответствие с международными стандартами. В семинаре приняли участие заместитель министра высшего образования, науки и инноваций Республики Узбекистан Шохрух Далиев, глава Национального офиса

Наши партнеры:
Адрес:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Телефонные номера:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm