«ORNUŇYZ TÖRDEDIR SARPAŇYZ BELENT, ÝAŞAÝŞA ÝARANDYR MÄHREM ZENANLAR» ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI
246Türkmen döwlet medeniýet
institutynda 2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly
at-myradyň mekany ýylynda» Hormatly
Prezidentimiziň, türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli, halk
ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny
eziz Diýarymyzyň ýeten belent
sepgitlerini, halkara abraýny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy,
edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy ýokary okuw
mekdeplerinde okaýan talyp gyzlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Ornuňyz
tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly
wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
Merkezi Geňeşi we Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde guraldy. Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň
Kitaphanaçylyk we arhiw işi kafedrasynyň uly mugallymy, ilkinji zenanlar
guramasynyň başlygy Enejan Annadurdyýewa çäräniň guramaçylyk
işlerini alyp bardy.
Wagyz-nesihat çäresinde
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta
mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň
agzasy Ogultäç Babaýewa, Arkadag şäher prokuraturasynyň Kämillik ýaşyna
ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň
prokurory Jennet Arazowa, Aşgabat şäheriniň 5-nji saglyk öýüniň maşgala
lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Ogulsabyr Rejepowa, «Garagum» žurnalynyň
jogapkär kätibi, Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Nurtäç Annamuhammedowa dagy
täsirli çykyş etdiler. Bu çäräni Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym
bölüminiň başlygy Sähragül Janmämmedowa alyp bardy.
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň Ylym bölümi.




