ZÄHMETIŇ ÝEŇIŞLI ÝOLY

1826

          Biziň üçin 2025-2026-njy okuw ýyly diňe bir bilim almagyň däl, eýsem beýik maksatlara ýetmegiň we Watanymyzyň adyny halkara giňişliginde dabaralandyrmagyň ýyly boldy. Bu okuw ýylynyň dowamynda  üç gezek yzly-yzyna halkara olimpiadalarynda baýrakly orunlary eýelemegim, meniň kalbymda çäksiz buýsanç duýgusyny oýarýar. Her bir ýeňiş uly zähmetiň, ukusyz gijeleriň we yzygiderli taýýarlygyň netijesidir. Olimpiada meýdançasynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen zehinli ýaşlar bilen bäsleşmek meniň üçin diňe bir synag däl, eýsem uly tejribe boldy. Şol pursatlarda gazanan her bir üstünligim maňa täze belentliklere itergi berdi. Halkara arenasynda Annaberdiýew Umytgeldi diýen adyň yzynda eziz Watanymyzyň, bilim beren mugallymlarymyzyň we maşgalamyzyň yhlasynyň bardygyny duýmak meni has-da jogapkärli bolmaga ruhlandyrdy. Gazanan üstünliklerim, bu bildirilen ynamyň ödelmegidir. Hakyky ýeňiş diňe bir medala eýe bolmak bolman, şol medalyň arkasyndaky zähmetiň netijesidir we Watana bolan söýgä mynasyp bolmakdyr.
Bu ýeňişli ýollarda goldan, bilim dünýäsiniň inçeliklerini öwreden ähli mugallymlaryma we her ädimimde maňa arzuwlary bilen ruh beren maşgalama tüýs ýüregimden hoşallyk bildirýärin.Öňümde heniz has uly sepgitler bar. Men mundan beýläk-de öz bilimimi kämilleşdirip, döwletimiziň ösüşlerine öz mynasyp goşandymy goşmak üçin ähli güýç-gaýratymy sarp ederin.

Umytgeldi ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby,
Halkara olimpiadalaryň ýeňijisi.

Paýlaş

06/05/2026

HOŞALLYK

2026-njy ýylyň 25-30-njy apreli aralygynda Ö

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm