«DÖREDIJILIK KODY» - TÄZE MÜMKINÇILIK

598
Ýaşlara bilim bermek, olaryň döredijilik we intellektual ukyplaryny ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller baradaky edýän atalyk aladalarynyň netijesinde, biz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere we olimpiadalara işjeň gatnaşýarys. 
          Russiýa Federasiýasynyň  Medeniýet ministrliginiň Moskwanyň döwlet medeniýet institutynyň guramagynda «Döredijilik kody» atly  medeniýet we sungat ugruna degişli talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu abraýly Halkara  olimpiadada «Durmuş-medeni işi» döredijilik pudaklarynda innowasion taslamalary  dolandyrmak ugry boýunça bäsleşip, I derejeli diploma mynasyp boldum. Bu bäsleşik medeniýet pudagynda innowasiýa çemeleşmeleri ulanmak, döredijilikli we täzeçil pikirlerimizi giňden beýan etmek üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Gazanan bu belent üstünligim diňe bir göwnümi galkyndyrmak bilen çäklenmän, eýsem mundan beýläk-de, has yhlasly okamaga, täze we döredijilikli taslamalaryň üstünde has tutanýerli işlemäge, uly ruhy güýç berýär. 
         Biz – ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy, ylym-bilim we döredijilik äleminde uly üstünlikleri gazanmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris! Geljekde hem halkara derejesindäki bäsleşiklerde ýurdumyzyň adyny has-da belende götermek üçin bar güýç-gaýratymyzy gaýgyrmajakdygymyza söz berýäris!

Mähri MÜLKAMANOWA,
 Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
syýahatçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

06/05/2026

HOŞALLYK

2026-njy ýylyň 25-30-njy apreli aralygynda Ö

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm