«TALYP JOŞGUNY – 2026»
526Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyplyklary kalplara ylham, ýüreklere joşgun berýär. Watan ezizligi, döwrüň gözelligi hem-de bagtyýarlyk duýgusy her bir ynsanyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Çünki adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr» diýen dürdäne sözleri ýaşlaryň watançylyk ruhuny, köňül buýsanjyny hasda arşa göterýär.
Ýaňy-ýakynda biziň ajaýyp sungat ojagymyz bolan Türkmen döwlet medeniýet institutymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan eden «Talyp joşguny-2026» atly döredijilik festiwaly ýokary guramaçylykda geçirildi.
Bu festiwala gatnaşýan talyp ýaşlar öz çykyşlarynda, 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda gazanylýan beýik üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri, türkmen medeniýetimiziň özboluşlylygyny, asuda we parahat durmuşymyzyň waspyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan beýik söýgini giňden beýan etdiler. Saýlanan zehinli talyp ýaşlar döwlet derejesinde geçiriljek döredijilik festiwalynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.
Biz – talyp ýaşlaryň ylhamyny has-da joşdurýan Berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper wasp etmäge, döwrüň sesine öz sesimizi goşmaga şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Bahtygül TAGANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
teatr sungaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.




