Hyzmatdaşlygyň täze ýoly

1570
Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek innsowasiýalara barýan ýoluň iň ygtybarly ugurlarynyň biridir. Halkara derejesindäki hyzmatdaşlyklaryň esasy maksady hem öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmagyna esaslanýar. Iýun aýynda institutymyzda şeýle duşuşyklaryň birnäçesi bolup geçdi. Erasmus+ öňdäki tapgyrlarynda iş alyp barmagyň çäklerinde Deggendorfuň Tehniki uniwersiteti Türkmen döwlet uniwersitetine Merkezi Aziýa ýurtlarynda syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibini mälim etdi. Institutymyz hakyndaky maglumatlary olar institutyň saýty arkaly aldylar, soňra iki tarapyň wekilleri özara maslahatlaşyp, wirtual duşuşyk etmek barasynda karara gelindi. Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek maksadyna laýyklykda, ilkinji duşuşyk çäresi guraldy. Bu duşuşykda Germaniýa Federatiw respublikasynyň Deggendorf Tehniki uniwersitetiniň wekilleri W. Nikitin hem-de Ýu. Swelik, türkmen tarapyndan institumyzyň maglumat ulgamlary kafedrasynyň müdiri, uly mugallym O. Gojaýewa, syýahatçylyk işewürligi kafedrasynyň müdiri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty O. Annamyradowa, myhmana işewürligi kafedrasynyň müdiri P.Pirgulyýew gatnaşdylar. Duşuşygyň esasy işi taraplaryň öz ýokary okuw mekdepleri hakynda umymy maglumat bermekelrinden başlandy. Olar  özleriniň geljekdäki hyzmatdaşlygyň nähili guralmalydygy hakyndaky pikirlerini aýtdylar. Taslamanyň amala aşyrylmagyndan gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu taslama Merkezi Aziýa döwletleriniň her birinden iki sany uniwersitetiň, iki sany hem jemgyýetçilik guramasynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şoňa laýyklykda Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler bileleşigi taslama gatnaşmak üçin teklip edildi. Olaryň wekilleri 2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda bu hyzmatdaşlygy öçäklerinde geçirilen ikinji duşuşygyna gatnaşdylar. Şonuň barşynda geljekde özara hyzmatdaşlyk etmegiň has meseleleri öz beýanyny tapdy.

Ogulsona Gojaýewa, "Maglumat ulgamlary" kafedrasynyň müdiri

Share this post

11/06/2025

Announcement

The Turkmen State Institute of Culture is implementing

Our partners:
Adress:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Tel. numbers:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm