GOŞA MUKADDESLIGIŇ WASPY
29GOŞA MUKADDESLIGIŇ WASPY
Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Döwrebap kanunçylyk özgertmeleri medeniýet ulgamyň ösüş binýadydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Bu maslahata ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, magistrantlary we talyp ýaşlary gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda amala aşyrylýan döwrebap kanunçylyk özgertmeleriniň medeniýet ulgamyny ösdürmekdäki ähmiýeti, Konstitusiýanyň kämil nesli kemala getirmekdäki hukuk esaslary hem-de mukaddes Döwlet baýdagymyzyň milli medeniýetimizdäki we sungatymyzdaky çeper waspy barada çykyşlar diňlenildi. Iki bölümden ybarat bolan maslahatda institutyň wekilleri bilen bir hatarda ýurdumyzyň beýleki öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň mugallymdyr talyplary hem özara tejribe alyşdylar.
Ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde medeniýet institutynyň talyp ýaşlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary çäräniň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym bölümi.




