BAKY ŞÖHRATYŇ WE PARAHATÇYLYGYŇ BAÝRAMY

1525
Türkmen döwlet medeniýet institutynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününe bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmen halkynyň watansöýüjilik, mertlik, gahrymançylyk däpleri milli mukaddesligimizdir» diýip atlandyrylan bu çäre türkmen halkynyň pederlerimiziň görkezen edermenligine bolan belent sarpasynyň ýene bir aýdyň beýany boldy.
Maslahatda bellenilişi ýaly, 1941-1945-nji ýyllaryň ýowuz synaglarynda türkmen ýigitleri we zenanlary öçmejek şöhrat gazandylar. Çykyşlarda türkmen zenanlarynyň tyldaky polat sütünleri bolup, Ýeňşi ýakynlaşdyrmaga goşan goşantlary, şeýle hem frontda görkezilen deňsiz-taýsyz batyrlyk hakynda täsirli maglumatlar berildi.
Ylmy-amaly maslahatyň aýratynlygy onuň diňe bir taryha däl, eýsem şu güne we geljege hem gönükdirilenligindedir. Magtymguly Pyragynyň watançylyk pelsepesinden başlap, Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk mekdebi baradaky temalar ýaş talyplar üçin hakyky durmuş sapaklaryna öwrüldi. «Atalaryň gahrymançylygy – Watana söýginiň nusgasy» diýen pikir maslahatyň baş ugruny kesgitledi.
«Parahatçylyk – iň uly bagt» – bu şygar maslahatyň dowamynda eriş-argaç bolup geçdi, şeýle hem, parahatçylygyň gadyr-gymmaty giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bu gün beýik Ýeňşiň şöhratly mirasyny parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen dowam etdirýändigi nygtaldy.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp ýaşlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary maslahata aýratyn baýramçylyk ruhuny berdi. 

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym bölümi. 

Paýlaş

06/05/2026

HOŞALLYK

2026-njy ýylyň 25-30-njy apreli aralygynda Ö

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm