YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

327

MUKADDES
GARAŞSYZLYGYMYZYŇ 34 ÝYLLYGY
MYNASYBETLI TÜRKMEN DÖWLET
MEDENIÝET INSTITUTYNDA “TÜRKMENISTANDA GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA ÖSÜŞIŇ TÄZE
TAPGYRY: MEDENIÝET WE SUNGAT”
ATLY YLMY-AMALY
MASLAHAT GEÇIRILDI



 



Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy
mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynda 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabryndaTürkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda ösüşiň täze tapgyry:
medeniýet we sungat atly ylmy-amaly
maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatyň institutyň uly mejlisler zalynda
geçirilen açylyş dabarasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory,
sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty A.D.Aýdogdyýew
giriş sözi bilen çykyş etdi.



Ylmy-amaly maslahatyň umumy
mejlisinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň uly mugallymy E.Garajaýewa “Türkmenistan – Garaşsyzlygyň
syýasy-jemgyýetçilik ösüşlerindäki netijeleri”, medeniýeti öwreniş kafedrasynyň
uly mugallymy M.Ataýewa “Döwletimiziň Garaşsyzlygy milli medeniýetimiziň
açarydyr”, jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy E.Aşirowa
“Garaşsyz döwletiň ykdysady aýratynlyklary”, kitaphanaçylyk we arhiw işi
kafedrasynyň uly mugallymy D.Tatowa “Türkmenistanyň kerler we körler
kitaphanasynyň taryhy we şu güni”, syýahatçylyk kafedrasynyň mugallymy G.Meredowa
“Garaşsyzlyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr”,
medeni-guramaçylyk işi kafedrasynyň mugallymy O.Rahmanowa “Garaşsyzlyk ýylynyň
aýdymlary”, kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň mugallymy Ş.Atahanow
“Garaşsyzlyk – bagtymyz”, režissura kafedrasynyň mugallym öwrenijisi D.Baýlyýew
“Garaşsyzlyk – buýsanjymyz, bagtymyz”, aktýoryň ussatlygy we sahna dili
kafedrasynyň mugallymy S.Ýomutbaýewa “Garaşsyzlyk döredijiligiň şam-çyragydyr”,
maglumat ulgamlary kafedrasynyň 
mugallymy A.Ýagmyrow “Garaşsyzlyk we ykdysady özgerişler”, dünýä
tejribesini öwreniş kafedrasynyň mugallymy G.Hallyýewa “Garaşsyzlyk eýýamynyň
şygryýetinde millilik”, maglumat ulgamlary kafedrasynyň  mugallymy T.Gylyjowa “Garaşsyzlyk – dillerimiziň
dessany”, dünýä tejribesini öwreniş kafedrasynyň mugallymy J.Meredowa
“Garaşsyzlyk – biziň gazanýan ähli üstünliklerimiziň gözbaşy”, dünýä
tejribesini öwreniş kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi O.Geldimyradowa
“Garaşsyzlyk – buýsanjymyz, bagtymyz”, medeniýeti öwreniş taýýarlyk ugrunyň magistranty
A.Jumaýewa “Dünýäniň çar künjeginde döwletiň ýurt Garaşsyzlygynyň şanyna
dikilen binalar” diýen temalar (Ylmy ýolbaşçysy: G.Allaberenowa, Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň medeniýeti öwreniş kafedrasynyň müdiri, mugallym)
boýunça çykyş etdiler.



Ylmy-amaly maslahatyň umumy
mejlisinden soňra oňa gatnaşyjylar Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp
ýaşlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny diňlediler.



Soňra ylmy-amaly maslahat onuň
maksatnamasyna laýyklykda     2 bölümde
dowam etdi.



Ylmy-amaly maslahatyň institutyň uly
mejlisler zalynda dowam eden “Garaşsyzlyk
ýyllarynda ýurdumyzyň medeni ösüşleri” atly I bölüminiň (Başlyk:
G.Meredowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk kafedrasynyň
mugallymy. Kätip: N.Işnazarowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
kitaphanaçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. Ylmy ýolbaşçysy: A.Rejepowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk we arhiw işi kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi) işine Türkmen döwlet medeniýet institutyndan 7 mugallym, 11
talyp, 4 magistrant, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutyndan 1 talyp,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan 1
mugallym, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden 1 mugallym,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden 2 talyp Türkmenistanyň
Garaşsyzlygy we onuň taryhy ähmiýetine, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda
medeniýetiň we sungatyň ösüşlerine bagyşlanan bilim-terbiýeçilik ähmiýetli ylmy
çykyşlar bilen işjeň gatnaşdylar.



Ylmy-amaly maslahatyň institutyň
kiçi mejlisler zalynda geçirilen “Türkmen milli sungatyň täze tejribeleri” atly
II bölüminiň (Başlyk: S. Ýomutbaýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň mugallymy. Kätip: B.Taganowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 2-nji ýyl
talyby. Ylmy ýolbaşçysy: A.Işangulyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň müdiri, uly mugallym) işine
Türkmen döwlet medeniýet institutyndan 7 mugallym, 11 talyp, 6 magistrant,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan 1
mugallym, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden 1 talyp,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden 1 mugallym, 1 aspirant,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan 1 mugallym Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň taryhy
ähmiýeti we halkara derejesindäki orny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren
miweleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bilim, ylym, syýahatçylyk pudaklarynyň
ösüşi, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň galkynyşy, Hormatly
Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzy
eşretli durmuşda ýaşatmak, ýurdumyzyň abraý-mertebesini dünýäde has-da belende
götermek ugrundaky tagallalary baradaky ylmy çykyşlar bilen işjeň
gatnaşdylar.



Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly
Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda beýan edilýän
watançylyk, gahrymançylyk, ynsanperwerlik, terbiýeçilik ähmiýetli
pähim-paýhaslar, gymmatly maglumatlar, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler,
il-ýurt  bähbitli, halkara, dünýä
ähmiýetli amala aşyrylýan beýik işler, şanly baýramçylyklar mynasybetli
geçirilýän dürli çäreler, dabaralar barada ýürek joşgunlary, Gahryman Arkadagymyza
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş-hoşallyk sözleri ylmy çykyşlaryň
dowamynda giňden beýan edildi.



 



Türkmen döwlet medeniýet



institutynyň Ylym bölümi.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm