UMUMY MIRAS - BITEWI GELJEK

230

Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň
paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa: umumy ruhy we aň-bilim
mirasy – umumy geljek” atly halkara kongrese we onuň dowamynda guralan medeni –
ynsanperwer ugurly dürli çärelere gatnaşdy. Bu çäreler şu ýylyň 12-16-njy
noýabr aralygynda geçirildi. Çärelere ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň,
Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
mugallymlary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri, kino sungatynyň
işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň
gatnaşdylar. «Merkezi Aziýa: umumy ruhy 
we aň-bilim mirasy – umumy geljek» atly halkara kongresde «Bitewi geçmiş
– umumy geljek», «Beýik geçmiş we beýik geljek» atly sergi, «Janly taryh»
halkara kinoforumy, «Gadymy golýazmalardan emeli aňa çenli»  bölümçeler işledi.



«Merkezi Aziýa: umumy ruhy  we aň-bilim mirasy – umumy geljek»  atly halkara kongres medeniýet, ylym we
jemgyýetçilik wekillerini bir ýere jemläp, bu çäre ruhy mirasyň  diňe bir geçmişe goýulýan sarpadygyna däl-de,
eýsem sebitiň ertirki gününiň gurulýan binýadydygyna düşünmekde möhüm ädim
boldy.



 Türkmen döwlet
medeniýet institutynyň «Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi»
kafedrasynyň mugallymy hökmünde Daşkent şäherindäki Yslam siwilizasiýasy Merkeziniň
muzeýi hem-de Amir Teýmiriň muzeýinde gezelençlerimiz uly täsir galdyrdy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň taryhy umumylygy 
medeni  derejede aýdyň duýulýar.
Kongres diňe bir pikir alyşmak üçin meýdança bolman, eýsem umumy köklere täzeden
garamaga, olarda sebitiň ruhy bitewüliginiň çeşmesini görmäge mümkinçilik
döretdi. Yslam siwilizasiýasy Merkezi yslam dünýäsiniň geçmişini we şu gününi
birleşdirýän döwrebap muzeý, bilim we gözleg toplumydyr. Muzeýiň zallary iň
täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan – bu ýerde interaktiw paneller,
multimediýa stendleri, 3D-gologrammalar we wirtual hakykat ulgamlary oturdylyp,
olar myhmanlara dürli taryhy döwürleriň ýagdaýyna aralaşmaga mümkinçilik
berýär. Emeli aň serişdeleri bolan innowasion ekspozisiýalar tomaşaçylara  interaktiw görnüşde yslam siwilizasiýasynyň
ylmy açyşlary  we ruhy gazananlary bilen
tanyşmaga uly mümkinçilik berdi. Merkeziň ekspozisiýalary Merkezi Aziýa
halklarynyň  dünýä ylmynyň, pelsepesiniň,
edebiýatynyň we sungatynyň ösüşine goşan goşandy barada gürrüň berýär.



Türkmenistanyň wekiliýeti tarapyndan şeýle taslamalaryň
Merkezi Aziýa halklarynyň  ruhy we medeni
agzybirligini berkidýändigi, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösmegine we sebitiň
ýurtlarynyň arasynda özara düşünişmegiň çuňlaşmagyna ýardam edýändigi bellenip
geçildi.



Bize şeýle mümkinçilikleri döredip beren Hormatly
Gahryman Arkadagymyza hem-de  Arkadagly
Gahryman Serdarymyza  köp sagbolsun aýdýarys,
goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, 
tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!



 



Selbiniýaz GARAGÖZOWA,



Türkmen döwlet medeniýet



institutynyň
mugallymy.

Paýlaş

Hyzmatdaşlarymyz:
Salgymyz:

Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi 114
Turkmenistan, Ashgabat, street 10 years Abadanchilik 114
Туркменистан, Ашхабад, улица 10 лет Абаданчылык 114

Telefon belgiler:
+993(12) 481130 / 481099
Email:
tdmi@sanly.tm